Täzelikler

Назад

30.04.2025

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan Watan gerçegi we tylda galan enemiz bilen duşuşyk geçirildi

Adamzadyň taryhyndaky iň ýowuz urşuň ýalynly ýyllarynyň uzak geçmişde galandygyna garamazdan, onuň pajygaly wakalaryny, ýüreklerde galdyran ýaralaryny ýatdan çykarmak mümkin däl. Halkymyzyň merdana ogullary müňlerçesi elhenç söweşlerde janlaryny gurban etdiler. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen edermenlikleri üçin ildeşlerimiziň ýüzden gowragy Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy.   

Ýurdymyzda uly baýram bolan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň döwlet arhiwiniň hünärmenleri tarapyndan Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýaşaýan 96 ýaşy arka atan Hydyrlyýew Meretgeldi aganyň we Ak bugdaý etrabynyň Ýaşyldepe obasynyň ýaşaýjysy, tylda zähmet çeken 97 ýaşly Annaýewa Oraztäç enäniň agzybir ojaklarynda duşuşyk geçirildi we olara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Duşuşygyň dowamynda Meretgeldi aga we Oraztäç ene uruş ýyllary, uruşdan soňky ýaşan döwürleri barada gyzykly gürrüňler berdiler.

Gürrüňleriniň soňunda, uruş Weteranlary Beýik ýeňişiň 80 ýyl baýramçylygy bilen watandaşlarymy we bütin türkmen halky tüýs ýürekden gutladylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, il ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.