Täzelikler



Назад
08.05.2025
Türkmenistanyň döwlet arhiwlerinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi
Şu günler ýurdumyzyň ähli döwlet arhiwlerinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan köp sanly medeni çäreler, maslahatlar, mekdep sapaklary, sergiler we gepleşikler geçirilýär.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ata Watanymyzy gorap, edermenlik görkezen gahrymanlarymyzyň hatyrasy belentde sarpalanýar. Gerçek ýigitlerimiziň görkezen edermenligi, tylda gije-gündiz arman-ýadaman zähmet çeken ildeşlerimiziň merdanalygy, gaýratlylygy şöhratly taryhymyzyň gatlarynda ebedilik saklanýar.
Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde arhiw işgärleriniň arasynda hem «Frontdan gelen hatlar», «Kalbymyzda ýaşaýar dolanmadyk gerçekler» «Beýik Ýeňiş - mizemez hatyra» we ş.m. dabaraly çäreler geçirildi.
Geçirilýän bu çäreleriň esasy maksady - uruş ýyllarynda gazanylan Beýik Ýeňşi ýylyň-ýylyna uly dabara bilen belleýän halkymyzyň asuda durmuşy, bagtly ýaşaýşy ugrunda mertlerçe söweşip, şirin janyny gahrymanlarça gurban eden gerçekleriň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek, Baş arhiw müdirligi tarapyndan taýýarlanylan “Hatyra” we “Şöhrat” kitaplary bilen ýaş nesillerimizi tanyşdyrmak hem-de wagyz etmek, olarda watançylyk ruhuny terbiýelemekden ybaratdyr.