Новости

Назад

27.06.2025

BAÝRY BILIM OJAGYNYŇ TARYHYNDAN

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň döredilmeginiň 75 ýyllygyna

Ýurdumyzyň 75 ýaşy arka atan iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 1931-nji ýylda Aşgabat pedagogik instituty hökmünde esaslandyrylypdyr. Şol wagt onuň düzüminde bary-ýogy üç sany: agro-pedagogik, guramaçylyk-usuly, dil we edebiýat bölümleri açylýar we talyplaryň jemi 117 adamdan ybarat bolan ilkinji tapgyry okuwa kabul edilýär.  Ýurdumyzda  mugallymçylyk  ugrundan hünärmenleri ýetişdirmek maksady bilen institutda ilkinji goýberişler çaltlandyrylan tertipde amala aşyrylýar. Şeýlelikde, 1933-nji ýylda 18, 1934-nji ýylda 30, 1935-nji ýylda 15 hünärmen instituty tamamlaýar.

1932-nji, 1933-njiý yllarda bu ýokaryokuw mekdebiniň işi kämilleşdirilip, geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, biologiýa, matematika we taryh fakultetleri açylýar, aspirantura bölümidöredilýär.

Ozalky SSSR-iň Ministrler Kabinetiniň 1950-njiý ylyň iýulyndaky çözgüdi esasynda Aşgabadyň Pedagogik instituty M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti diýlip atlandyrylýar we uniwersitetiň rektorlygyna dilçi alym, ezber pedagog Pygam Azymow bellenilýär. Pygam Azymowyň ýolbaşçylyk eden 1950–1963-nji ýyllarynda Türkmen döwlet uniwersiteti ýurdumyzyň iň bir abraýly okuw mekdepleriniň birine öwrülipdir. Şol ýyllarda uniwersitetiň düzüminde hukuk, daşary ýurt dilleri we edebiýaty, fizika fakultetiesaslandyrylýar we bu ýokary okuw mekdebi köp talyply, köpugurlyýokary okuw mekdepleriniň biri bolýar. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň, 1991-njiý ylda Türkmen döwlet uniwersitetine  türkmen  edebiýatynyň  nusgawy  şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ady dakylýar we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti diýlip atlandyrylýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň esasy ýörelgeleri we öňe süren wajyp syýasaty halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, döwletiň tehniki-önümçilik kuwwatyny artdyrmakdan, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakdan,  eziz  Watanymyzy  ähli  ulgamlarda  taryhy ösüşlere beslemekden, ylma-bilime giň ýol açmakdan hem-de döwletimiziň kanunçylyk binýadyny berkitmekden, milli medeniýetimizi dünýä derejesine çykarmakdan ybarat boldy. Bu günki gün bu aladalar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünliklere beslenipdowam edýär we barha kämilleşdirilip, ähli ulgamlarda oňyn netije berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýlekiulgamlary bilen birlikdebilim ulgamy we onuň kanunçylyk binýady hem täzelenişe eýe bolup, barha kämilleşýär. 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanda sanlybilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi, raýatlaryň ýaşaýan  ýerine  garamazdan, milli we halkara ölçeglere, häzirki döwrüň maglumat jemgyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almak üçin  deň  mümkinçilikleri üpjün edýär. Munuň özi bolsa raýatlarymyza goşmaça we  üznüksiz  bilim  almaga, kämil usullar arkalyhünärini ýokarlandyrmaga, adam kuwwatyny artdyrmaga hem-de ykdysadyýete we beýleki ulgamlara innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan öňdengörüjilikli syýasat milli bilim ulgamyny ösdürmegiň, kämilleşdirmegiň we geljegi nazarlaýan uly özgertmeleri amala aşyrmagyň kepilidir. Şol ösüşleriň, özgerişleriň netijesinde häzirki wagtda uniwersitetde fizika-matematika, himiýa, taryh, filologiýa, hukuk, psihologiýa, sosiologiýa, syýasaty öwreniş ylymlaryndan ylmy hünärleriň 30-a golaýy boýunça ylmy we ylmy-pedagogik işgärler taýýarlanylýar. Şeýle-de bu ugurdaky işleriň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde döwrebap maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Ol häzirki zaman okuw, kompýuter, internet otaglary, dürli tejribehanalary we kitaphanalary bolan okuw binalarynyň birnäçesinden, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de sport desgalarynyň tutuş toplumlaryndan, garbanyşhanalardan ybaratdyr.

Türkmen halkynyňmilli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen 2007-nji  ýylda Magtymguly adyndakyTürkmen döwlet uniwersitetiniň täze baş binasy, 2008-nji ýylda fizika we matematika, 2017-nji ýylda himiýa fakultetleriniň  döwrebap  tehnologiýalar, tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylan täze  okuw  binalary  gurulýar. Okuw binalary bilen bilelikde talyplaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyüçin doly enjamlaşdyrylan sport toplumy, sport meýdançalary,  olaryň rahat ýaşamaklary, medeniýetli dynç almagy, okuwlaryna taýýarlanmagy  üçin amatly şertler, hünär öwrenmäge we döwrebap bilim-terbiýe almaga  giň  mümkinçilikleri  döredilen umumy ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berilýär. 2019-njy ýylda uniwersitetiň himiýa-biologiýa fakultetiniň binýadynda himiýa fakultetitäzeden döredilýär. Şeýle-de matematika fakultetiniň binýadynda maglumat  tehnologiýalary,  daşary  ýurt dilleri we edebiýaty fakultetiniň binýadynda roman-german  we  gündogar dilleri fakultetleri esaslandyrylýar. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň  meýilnamasynda göz öňünde tutulan ylmy-barlag işlerinden uniwersitetiň himiýa fakultetiniň kafedralarynda «Ýokary ýag karbon we nebit karbon kislotalaryň esasynda senagat ähmiýetli birleşmeleri almagyň ylmy esaslary», «Garabogaz köl aýlagynyň duzly şerebelerini toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň ylmy  esaslary»,  «Ýerli çig mallary ulanyp dokma önümleri üçin tebigy boýaglary almagyň ylmy esaslary» atly ylmy-barlag işler alnyp barylýar.

Maglumat tehnologiýalary fakultetinde sanly bilim ulgamyny kompýuter tehnologiýalarynyň esasynda ösdürmek, ýakynlaşan usullary ulanyp, döwrebap kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen sanlyykdysadyýetiň we tehnikanyň dürli meselelerini çözmek, tor tehnologiýalarynda işlemek, robot tehnologiýalary  programmalaşdyrmak, amaly meseleleriň spektral nazaryýetini ykdysadyýetiň, tehnikanyň gidrodinamikanyň, gidromehanikanyň dürli meselelerini çözmekde ulanmak,  kompýuterde dizaýnişlerini taýýarlamak we geçirmek boýunçaylmy-barlag işleri alnypbarylýar.

Roman-german we gündogar dilleri fakultetinde Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetiniň we usulyýet üpjünçiliginiň halkara tejribesini öwrenmek, daşary ýurt dilleriniň elektron sözlüklerini taýýarlamak, okadylýan daşary ýurt dilleriniň okuw maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak, okuw-usulyýet binýadyny kämilleşdirmek boýunça ylmy-usuly işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 12 fakultet (matematika, maglumat tehnologiýalary, fizika, himiýa, biologiýa geografiýa,  türkmendili we edebiýaty, iňlis dili we edebiýaty, roman-german we gündogar dilleri, taryh, hukuk, hünär derejesini ýokarlandyryş), 37 kafedra hereket edýär. Uniwersitetde hünärmenleri, bakalawrlary, magistrleri taýýarlamagyň ugurlarynyň 30-dan gowragynda jemi 8000-den gowrak talyp okaýar.

Hünärmenler «matematika we mehanika»,«fizika we astronomiýa», «informatika we  hasaplaýyş tehnikasy», «biologiýa ylymlary», «himiýa», «ýeri öwreniş ylymlary», «psihologiya ylymlary», «dil bilimi we edebiýaty öwrenmek», «köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we maglumat-kitaphana işi», «taryhwe arheologiýa», «filosofiýa we etika», «ylahyýet», «syýasat ylymlary we sebit öwreniş», «hukuk işi», bakalawrlar «pedagogika bilimi (matematika we informatika)»; «pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat  tehnologiýalary)», «pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary)», magistrler «bilimi dolandyrmak» ugurlary boýunça taýýarlanylýar. Şeýle hem dil bilimi we edebiýaty öwrenmek ugry boýunça birnäçe daşary ýurt dilleri (iňlis, nemes, fransuz, italýan, arap, pars, türk, hytaý, rus) öwrenilýär. Her ýyl Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýan 1000-den gowrak ýaşlar ylym-bilim  ulgamyna,  şeýle  hem  ýurdumyzyň  pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna işe ugradylýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň  Maksatnamasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanyň daşary ýurt dilleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda 2019-2025-nji  ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdirmegiň milli Maksatnamasyna», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynawe bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, bilim bermegiň häzirki zaman ylmy usulyýeti ýokary derejede ulanylýar.

Uniwersitetde peýdalanylýan okuw meýilnamalaryna laýyklykda, ähli hünärlerde hem-de ugurlarda talyplara umumy we ýörite hünär dersleri bilen birlikde Türkmenistanyň taryhy, Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary, filosofiýa, ykdysady nazaryýet, syýasaty öwreniş, türkmen dili we sözleýiş medeniýeti,  medeniýeti  öwreniş,  häzirki  zaman  türkmen jemgyýeti, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, sanly ykdysadyýet, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, psihologiýa, pedagogika ýaly derslerboýunça-da  bilim berilýär. Şol bir wagtda talyplaryň hünär derejelerini has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen olaryň dünýä dillerindäki maglumatlardan peýdalanyp bilmekleri üçin hünäri boýunça iňlis we rus dilleri hem öwredilýär.

Uniwersitetde Web tehnologiýalary arkaly Web saýty, Moodle bilim portaly, talyplaryň bilimlerini barlamak üçin elektron testirleýji programma üpjünçilikleri hem-de sapaklaryň elektron tekst we wideo ýazgylarynyň maglumat gorlary yzygiderli baýlaşdyrylýar.  Bu  bolsa  okuw  işini  sanlylaşdyrmak, innowasion sanly serişdeler  arkaly  hünär  derejesini kämilleşdirmek  üçin  giň mümkinçilikleri açýar.  Ýokary  tizlikli  internetiň  we  lokal  toruň  birikdirilmegi netijesinde uniwersitetde okuw işine sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar hem-de uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.

Mundan başga-da daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti boýunça halkara tejribeler öwrenilip, okuw meýilnamalary we maksatnamalary kämilleşdirilýär, okuw kitaplary, gollanmalar we sözlükler neşir edilýär. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ösen döwletlerinden professor-mugallymlaryň uniwersitetde tejribe sapaklaryny bermek, uniwersitetiň mugallymlaryny we talyplaryny hünär kämilleşdiriş okuwlaryna ibermekboýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetiniň halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen, uniwersitetiň  tejribeli  mugallymlaryna,  halkara  derejesinde geçirilýän ylmy-usuly maslahatlarda  çykyş  etmägewe  hünär  derejelerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döredilýär.

Uniwersitetde bilim bermegiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze hile eýe bolmagy, ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri olaryň bilim-başarnyklarynyň has-da ýokarlandyrylmagy üçin ählitaraplaýyn aladalar edilýär. Uniwersitetiň talyplary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda «Ýylyň talyby» döwlet bilim bäsleşigine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Talyp ýaşlaryň alýan nazary bilimlerini döwrüň talaplaryna laýyk özleşdirmekleri babatda okuw-önümçilik tejribelikleriniň ähmiýeti örän uludyr. Magtymguly  adyndaky Türkmen  döwlet uniwersitetinde okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna  laýyklykda,  mugallymçylyk hünärleriniň talyplary umumy orta  bilim  berýän  mekdeplerde mugallymçylyk tejribeliklerini, beýleki hünärlerde okaýan talyplar degişli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Tejribelik döwründe talyplar nazaryýetde alan bilimlerini çuňlaşdyryp, hünär endiklerini kämilleşdirýärler. Bu bolsa olaryň ýokary derejeli kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär.

2007-nji ýylyň 12-nji iýuny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryhynda aýratyn ähmiýetli seneleriň biri boldy. Şol gün Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetiň täze baş binasynda Türkmenistanyň  Ministrler  Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdiwe ýurdumyzyň ylym  ulgamyndaky  täze özgertmelerine badalgaberdi. Gahryman Arkadagymyz 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda «Geljekde bolsa ylmy-barlag institutlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen özara baglanyşygyny güýçlendirmegi, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň örän möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn alyp barmagy maksat edinýäris» diýen sözlerinden ugur alyp, Magtymgulyadyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň tebigy we takykylymlar boýunça ylmy-barlag merkezinde, şeýle hem kafedralaryň ylmy merkezlerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen ylalaşyk esasynda, ýurdumyzda kesgitlenen  ylmyň  we  tehnologiýalaryň  ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, nano we himiki tehnologiýalar, kompýuter tehnologiýalary,innowasion ykdysadyýet, täze  materiallary  öwrenmek  we  energetika,  biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, ynsanperwer ylymlary ugurlary boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Olaryň netijeleri monografiýalarda, okuw kitaplarynda we gollanmalarynda, ylmy makalalarda öz beýanyny tapýar, önümçilige işjeň ornaşdyrylýar. Uniwersitetiň professor-mugallymlary halkarawe döwlet derejesinde geçirilýän ylmy (ylmy-amaly, ylmy-usuly, ylmy-önümçilik) maslahatlarynda yzygiderli çykyş edýärler. Bilim  bermegiň  täzeçil ylmy usulyýeti uniwersitetde geçilýän sapaklarda talyplaryň döredijilik ukyplaryny has-da ýokarlandyrmakda giňden peýdalanylýar.

Hawa, döwür bilen aýakdaş, innowasion ösüşler bilen geljege aýgytly ädimler  bilen barýan bilim ulgamynyňümzügi barha öňe. Bu ösüşleriň netijesinde 2020–2021-nji okuw ýylynda uniwersitetde Ýokary hünär biliminiň ikinji basgançagynyň maksatnamalary boýunça «bilimi dolandyrmak» hünär ugrundan magistratura açylýar. Onda okadylmaly dersler bolsa, Ýewropanyň we Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň talaplaryna laýyklykda saýlanyp alynýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde zehinli ýaşlarda ylmy garaýyşlary kemala getirmek, ösdürmek, professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy-barlag işleri ýerine ýetirmek,ylmy barlaglaryň esasynda bäsleşige ukyply önümleri döretmek we olary önümçilige ornaşdyrmak üçin degişli  işleri  amala  aşyrmakmaksady  bilen, Ýaş alymlar we hünärmenler geňeşi işleýär. Bu geňeşiň agzalary  dünýädeylmyň  we tehnologiýalaryň iň öňdebaryjy gazananlaryny özleşdirmek bilen, täzeçil garaýyşlaryň we oýlap tapyşlaryň barlaglaryna hem-de taslamalaryna, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde okuwyň hilini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek,  bilim berlişinidüýpli ýokarlandyrmak boýunçahünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti hem hereket edýär. Onda ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň her ýylda 1000-den gowragy hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek işi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle işleri amala aşyrmakda ýokary okuw mekdepleriniň öňünde uly wezipeler durýar.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde  eden  taryhy çykyşynda: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil,giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmegi, mekdep-gimnaziýalary  açmagyhem  möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýip belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda alyp barýan syýasaty, milli bilim kanunçylygymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleri adam maýasyny ösdürýär diýmäge  doly  esas bar. Täze tehnologiýalary döretmekde, önümçiligi ösdürmekde we onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ylymda, bilimde, saglygygoraýyşda we sportda öňdebaryjy ösüşi gazanmagyň esasy hereketlendiriji güýji ýurdumyzyň her bir raýatynyň aň-bilim  derejesinde,  ösüşlere goşýan mynasyp goşandynda jemlenýär.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,

Magtymguly adyndakyTDU-nyň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.

Журнал “Türkmen arhiwi”

2025-ый год 25-ый выпуск