Новости

Назад

27.02.2026

«MIRASYM-MERTEBÄM»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlar, eneler hakyndaky alada, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmak, olaryň deňhukuklylygyny hem-de goraglylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – at myradyň mekany» ýylynda döwletimizde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  alyp barýan ösüşli syýasatynyň netijesinde syýasy-jemgyýetçilik, durmuş ykdysady, medeni – ynsanperwer ugurlarynda giň gerimli uly işler alnyp barylyp ata Watanymyz toý baýramlara beslenýär.

Baýramçylygyň öň ýanynda Baş arhiw müdirliginde hem Halkara zenanlar güni, 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli «MIRASYM-MERTEBÄM» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwletimiz tarapyndan zenanlara goýulýan hormat, sarpa, olaryň jemgyýetdäki orny, zenanlaryň gender deňligi, türkmen gyz-gelin edebiniň milli ýörelgeleri hakynda söhbet edildi. Söhbetdeşlige ýurdumyzyň wagyzçy, žurnalist, alym zenanlary gatnaşyp, taryhda zenan  şahsyýetlerimiziň tutan orny, gyz-gelin terbiýesinde, maşgalada  milli ýörelgelerimiziň aýratynlyklary, gyzlaryň edep-terbiýesi barada täsirli çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň çäginde guralan kitap sergisi hem gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.