"Şöhrat"
“Şöhrat” kitaby 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan we Ýeňiş bilen dolanyp gelen türkmenistanly esgerleriň atlary ýazylan kitap.
I tom. Balkan welaýaty. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2004. – 560 sah.
"Şöhrat"
“Şöhrat” kitaby 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan we Ýeňiş bilen dolanyp gelen türkmenistanly esgerleriň atlary ýazylan kitap.
II tom. Mary welaýaty.
– Aşgabat: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi, 2005. – 720 sah.
"Şöhrat"
“Şöhrat” kitaby 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan we Ýeňiş bilen dolanyp gelen türkmenistanly esgerleriň atlary ýazylan kitap.
III tom. Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri.
– Aşgabat: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi, 2007. – 1024 sah.
"Şöhrat"
“Şöhrat” kitaby 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan we Ýeňiş bilen dolanyp gelen türkmenistanly esgerleriň atlary ýazylan kitap.
IV tom. Daşoguz welaýaty.
– Aşgabat: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi, 2008. – 648 sah.
"Şöhrat"
“Şöhrat” kitaby 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan we Ýeňiş bilen dolanyp gelen türkmenistanly esgerleriň atlary ýazylan kitap.
Jemleýji V tom. Lebap welaýaty.
– Aşgabat: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi, 2010. – 1000 sah.
“Şöhrat” kitabynyň 5-nji tomunda “Hatyra” kitabynyň bäş we “Şöhrat” kitabynyň hem dört tomlary çykandan soň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligine goşmaça gelip gowşan maglumatlar hem goşulan. Öňki neşirlere girizilmedik söweşlerde wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanyp gelen esgerleriň maglumatlary, fotosuratlary hem bu tomda ýerleşdirilen.
"Hatyra"
“Hatyra” kitaby I tom. Balkan (Krasnowodsk) welaýatyndan 1939-1945-nji ýyllarda goşun gullugyna çagyrylan esgerleriň ykballary gysgaça beýan edilýär. Gurban bolan esgerleriň fotosuratlaryndan, frontdan gelen we fronta ýollanan hatlaryň nusgalaryndan ybarat baý we çuň mazmunly bezeg maglumatlary ýerleşdirilen.
Aşgabat 1993, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi.
"Hatyra"
“Hatyra” kitaby II tom. Mary welaýatyndan 1939-1945-nji ýyllarda goşun gullugyna çagyrylan esgerleriň ykballary gysgaça beýan edilýär. Gurban bolan esgerleriň fotosuratlaryndan, frontdan gelen we fronta ýollanan hatlaryň nusgalaryndan ybarat maglumatlar ýerleşdirilen.
Aşgabat 1994, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi.
"Hatyra"
“Hatyra” kitaby III tom. Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden 1939-1945-nji ýyllarda goşun gullugyna çagyrylan esgerleriň ykballary gysgaça beýan edilýär. Gurban bolan esgerleriň fotosuratlaryndan, frontdan gelen we fronta ýollanan hatlaryň nusgalaryndan ybarat maglumatlar ýerleşdirilen.
Aşgabat – 1995 – 944 sah., Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi.
"Hatyra"
“Hatyra” kitaby IV tom. Daşoguz welaýatyndan 1939-1945-nji ýyllarda goşun gullugyna çagyrylan esgerleriň ykballary gysgaça beýan edilýär. Gurban bolan esgerleriň fotosuratlaryndan, frontdan gelen we fronta ýollanan hatlaryň nusgalaryndan ybarat maglumatlar ýerleşdirilen.
Aşgabat – 1996, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi.
"Hatyra"
“Hatyra” kitaby V tom. Lebap welaýatyndan we öňki çykan tomlara ady girmän galan türkmenistanly esgerleriň ykballary hem-de Owganystanda wepat bolan esgerler barada maglumatlar gysgaça beýan edilen. Gurban bolan esgerleriň fotosuratlaryndan, frontdan gelen we fronta ýollanan hatlaryň nusgalaryndan ybarat maglumatlar ýerleşdirilen.
Aşgabat – 1998, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi.
“Türkmen arhiwi”
“Türkmen arhiwi” žurnaly 1993-nji ýyldan bäri çap edilýär we onda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň durmuşynda bolup geçýän möhüm jemgyýetçilik syýasy wakalary, medeniýetiň, ylym – bilimiň, arhiw işiniň ösüşi baradaky maglumatlar beýan edilýär.
Ýylda bir gezek çap edilýän “Türkmen arhiwi” žurnaly ilatyň arasynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny wagyz etmek we bu ugurda işleýän ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan taýýarlanylýar.
«Syýasat we jemgyýet»
«Syýasat we jemgyýet» ylmy-nazaryýet žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 24-nji maýyndaky №13019 belgili Karary bilen döredilen.
Žurnal Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan türkmen we rus dillerinde çapa taýýarlanylýar.
Žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary beýan edilýär, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli reformalaryň we özgertmeleriň ähmiýetini açyp görkezýän makalalar çap edilýär.
«Syýasat we jemgyýet» žurnalynda çap edilen makalalaryň wajyplygy diňe bir hünärmenleriň arasynda däl, eýsem köp sanly okajylarda-da uly gyzyklanma döredýär.