Raýatlaryň ýüztutmalary
![](/img/designelement_1.png)
- Ýüztutma web-sahypadan elektron görnüşinde, aragatnaşyk poçta arkaly hat üsti bilen ugradylyp bilner, şeýle hem döwlet arhiwleriniň ýerleşýän ýerleri boýunça ýüztutmalary kabul edýän bölümlerine tabşyrylyp bilner.
- Ýüz tutýan raýat (edara) sowalnama-arzada özleri barada maglumatlary doly görkezmedik ýagdaýynda ýüztutma ýerine ýetirilmäge degişli edilmeýär.
- Arhiw maglumatlaryny üçünji tarap üçin soraýan adamlar sowalnama-arzada soralýan maglumatlaryň maksadyny anyk görkezmeli, dil hatyny we garyndaşlyk derejesini delillendirýän resminamalaryny ýa-da döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan ynanç hatyny goşmaly.
![](/img/icons/skachatfile.png)
![](/img/designelement_100.png)
(Zerur bolan halatynda, döwlet arhiwleri beýleki adamlaryň hukuklaryna, azatlyklaryna we kanuny bähbitlerine täsir edýän arhiw maglumatlary soraýanlardan, ýüz tutýanyň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan garyndaşlyk derejesi ýa-da ygtyýarlyklary barada resminamany talap etmäge haklydyr).
Döwlet arhiwlerinde ýüztutma boýunça işiň netijeleri arhiw güwänamalary, arhiw resminamadan bölek göçürmeleri ýa-da maglumat beriji hatlary görnüşinde taýýarlanylýar we ýüz tutýanyň eline berilýär ýa-da sowalnama-arzada görkezilen salgy boýunça hat bilen ugradylýar.
![](/img/designelement_100.png)
Hormatly adamlar!
Sowalnama-arzanyň maksadyna laýyklykda berkidilmeli resminamalaryň görnüşleri:
1)
Mellek ýer bölüp bermek barada arhiw güwänamany almak üçin - pasportyň göçürmesi, kararyň göçürmesi (bar bolan ýagdaýynda), kararda agzalan raýatyň ýüz tutýan bilen garyndaşlyk derejesini tassyklaýan resminamalar;
2)
Türkmenistanyň edaralarynda raýatlaryň zähmet çeken ýyllaryny we zähmet haklaryny tassyklaýan arhiw güwänamalaryny almak üçin - pasportyň we zähmet depderçesiniň göçürmesi;
3)
Jaýy hususylaşdyrmak barada arhiw maglumatlary almak üçin – tükelleýiş işiniň we (ýa-da) öý kitabynyň göçürmesi, jaýyň eýesiniň pasportynyň göçürmesi (eger-de eýesi aradan çykan ýagdaýynda, onda ölümi hakynda şahadatnamasynyň göçürmesi we garyndaşlyk derejesini tassyklaýan resminamalar);
4)
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň adynyň üýtgedilmegi we üýtgeldilip guralmagy barada güwänama almak üçin – pasportyň göçürmesi;
5)
Döwlet sylaglary bilen sylaglanylmagyny tassyklaýan maglumatlary almak üçin – pasportyň we sylaglanmak şahadatnamasynyň göçürmesi;
6)
Kazyýetiň çözgütleri barada maglumatlary almak üçin (diňe ygtyýarly edaralara berilýär) – ygtyýarly edaranyň başlygy tarapyndan gol çekilen ugradyş haty (resmi kagyzda);
7)
Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlygy barada maglumaty almak üçin – garyndaşynyň pasportynyň göçürmesi.
Sowalnama - Arza
![](/img/designelement_1.png)