Täzelikler

Назад

12.10.2024

Ahal welaýatynyň döwlet arhiwinde okuw maslahaty geçirildi

Ahal welaýatynyň döwlet arhiwinde “Tejenkarbamid” zawodynyň, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodynyň we Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumynyň arhiwçileriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.

Ahal welaýatynyň döwlet arhiwiniň hünärmenleri tarapyndan pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, guramalaryň pudaklaýyn arhiwleriniň işini ýerine ýetirýän arhiwçilere hünärlerini kämilleşdirmek boýunça degerli maslahatlar berildi. Maslahatyň dowamynda ýerlerde iş dolandyryşy guramak, işleri emele getirmek, işleriň at ýazgysyny düzmek, pudaklaýyn arhiwlerde resminamalaryň abat saklanylmagyny üpjün etmek we tertipleşdirmek boýunça pikir alşyldy. Okuw maslahata gatnaşyjylary döwlet arhiwine gelip gowşan resminamalara dezinfeksiýa işiniň, şeýle hem geçirilýän dikeldiş işleri bilen tanyşdyryldy.

Pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, guramalaryň arhiwçileri berlen maslahatlar üçin çykyş eden hünärmenlere öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.