Täzelikler

Назад

12.10.2024

Türkmen – gazak arhiwçileriniň hyzmatdaşlygyna ýol açyldy

2024-nji ýylyň 10-njy oktýarbynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistana resmi iş sapary bilen gelen Gazagystan  Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şol resminamalaryň biri hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň arasynda arhiw işi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk boldy. Resminama laýyklykda taraplar milli arhiw gaznalaryny baýlaşdyrmak, pudagy sanlylaşdyrmak maksady özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürerler, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirerler, resminamalaryň nusgalaryny alşarlar, arhiw ulgamynda zähmet çekýän wekilleriniň tejribelerini ýokarlandyrmak üçin iş saparlaryny gurarlar diýip bellenen.