Täzelikler
Назад
25.10.2024
TÜRKMEN HALKYNYŇ MEDENI MIRASYNY ÖWRENEN ALYM ZENANLAR
Türkmen halkynyň taryhyny, etnografiýasyny öwrenmekde saldamly goşant goşan zenan alymlaryň ylmy mirasy uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän orny demokratiýanyň ählumumy ýörelgeleriniň halkymyzyň milli ruhy däpleri bilen sazlaşykly ösüşinde kemala gelýär».
Türkmen halkynyň medeni mirasyny emele getirýän parasatly däp-dessurlaryny, maddy-ruhy medeniýetini öwrenmekde zenan alymlarynyň goşandy ähmiýetlidir.
Ýurdumyzda ilkinji etnografik ylmy barlaglar ХХ asyryň 20-nji ýyllarynda başlanýar. 1925-nji ýylda Türkmen ylmy-barlag instituty açylýar we onuň çäginde etnografiýa bölümi döredilýär. 1927-nji ýylda medeni miras barlaglary has hem ýaýbaňlanýar hem-de Türkmen medeniýetiniň instituty öz işine başlaýar, institutyň has ýörgünli ady Turkmenkult bolýar. Institutda birnäçe alym zenanlar zähmet çekipdir, olaryň biri ilkinji türkmen zenan etnografy Dessegül Burunowa (1898–1973). Alymyň ylmy gözlegleri türkmen zenanlarynyň el işleri, maşgala däp-dessurlary, zähmet işjeňligi ýaly ugurlarda jemlenipdir. D. Burunowa 1931-nji ýylda «Türkmenistanda zenanlar» atly ylmy işi ýazypdyr we bu kitapda zenan zähmeti bilen bagly dessurlary suratlandyrypdyr, toý däp-dessurlary beýan edipdir. 1950–1960-njy ýyllarda Dessegül Burunowa hem-de ýanýoldaşy ýazyjy Garaja Burunow edebi terjimeleri bilen tanalypdyr. Türkmenistanyň halk artisti Bazar Amanow bu döredijilikli maşgala barada şeýle ýatlama galdyrypdyr: «Garaja Burunow bilen «Keýmir Kör» pýesasyny ýazmak üçin basa oturyp ýarym ýyl işledik... Onuň aýaly Dessegül hem teatr üçin işleýärdi. Ol teatrda goýulýan pýesalary türkmen dilinden rus diline terjime edýärdi». Dessegül Burunowanyň köptaraply zehini, zähmetsöýerligi, tutanýerliligi ylmy etnografik barlaglarda, edebi terjimelerde, dramaturgiýada öz beýanyny tapdy.
Türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenen alymlaryň biri hem taryh ylymlarynyň kandidaty Walentina Georgiýewna Moşkowa (1902–1952). Alym zenan taryhdan, etnografiýadan, sungaty öwrenişden barlaglary geçirip, birnäçe ylmy işleri ýazypdyr, etnografik barlaglaryň usulyýetini işläp düzmekligi üns merkezinde saklapdyr. Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde Taryh institutynyň 1939–1940-njy ýyllara degişli resminamalarynda W.G.Moşkowanyň insitutyň etnografiýa bölüminde zähmet çekendigi, «Türkmen halk ýaşaýyş jaýy geçmişde we häzirki döwürde», «Türkmen obasynyň ykdysadyýeti geçmişde we häzirki döwürde» atly ylmy temalaryň üstünde önjeýli işländigi barada maglumatlar bar. Ylmy işiniň çäginde kärdeşleriniň öňünde etnografik meýdan işiniň usulyýeti barada yzygiderli çykyş edipdir, bu ugurda öz tejribesi bilen paýlaşypdyr. W.G.Moşkowanyň ylmy mirasynda onuň Orta Aziýanyň halklarynyň we şol sanda türkmenleriň halyçylyk sungaty baradaky ylmy barlaglary aýratyn orna eýedir. Bu barlaglar 1920-nji ýyllarda, alymyň halk senetleri öwrenmek boýunça artelde işlän döwründen gözbaş alýar. Köp etnografik maglumatlary toplap, W.G.Moşkowa uly monografiýany taýýarlaýar. Kitap «Orta Aziýanyň halylary ХIХ asyryň ahyrynda – ХХ asyryň başynda» ady bilen çapdan çykýar. 1947-nji ýylda Walentina Georgiýewna Günorta Türkmenistana arheologiýa-kompleksleýin ekspedisiýanyň (GTAKE) çäginde Täk-Ýazyr, Durun ýadygärliklerini öwrenýär, ilatyň maddy-ruhy medeniýeti barada maglumatlary toplaýar we bu barada arheolog B.А.Litwinskiý bilen ylmy iş ýazýar. Ýaşan gysga, emma manyly ömründe W.G.Moşkowa köptaraply medeni miras ugurly ylmy barlaglary ilkinjileriň hatarynda alyp bardy.
1929-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde doglan etnograf alym, taryh ylymlarynyň kandidaty Anna Nikolaýewna Pirkuliýewa Aşgabadyň çagalar öýünde terbiýe alypdyr. Ol 1947–1952-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetinde bilim alypdyr. 1957–1965-nji ýyllarda aspiranturada okapdyr we 1965-nji ýylda kandidatlyk dissertasiýany gorapdyr, 1980-nji ýyllaryň ortalaryna çenli TYA-nyň Taryh institutynda zähmet çekipdir. A.N.Pirkuliýewa türkmenleriň hojalyk görnüşlerini, has hem senetçiligini öwrenen alym zenanlaryň biridir. Etnograf 1957–1963-nji ýyllarda Gündogar Türkmenistanyň ilatynyň senetçiligi barada ylmy barlaglary alyp barýar we meýdan işleriniň çäginde toplan maglumatlarynyň esasynda monografiýasy çap bolýar. Kitap dört bapdan ybarat bolup, onda dokmaçylyk, demir ussaçylygy we zergärçilik, külalçylyk, deri önümçiligi ýaly senet görnüşleri seljerilipdir. «Dokmaçylyk we keşde» atly birinji bapda awtor Amyderýanyň orta akymlarynda ýaşaýan ilatyň mata dokmaçylygyny beýan edýär. Zenanlaryň irki döwürlerde «jyk» diýilip atlandyrylan guralda pagtany arassalap, alnan süýimi çybyk bilen saýyp, soňra piltelere sarandygyny belleýär. Ýüňi bolsa ilki ýuwup, guradyp, saýyp, ýüň darak bilen darap, piltelere sarapdyrlar. Ýüpek matalaryň hem birnäçe görnüşleriň dokalandygyny beýan edip, etnograf dokmaçylygyň türkmenlerde gadymy senetçilik pudagy bolandygyny dogry belleýär.
Keşdeçilik sungatynda zenanlarymyza mahsus çeperçilik duýgusyny we takyk gözýetimi etnograf buýsanç bilen belleýär: «Türkmen keşdeçileri nagyşlaryň suduryny öňünden matanyň ýüzüne çekmeýärler, diňe ýatkeşlik bilen keşdäni döredýärler. Nagyşlaryň görnüşlerini we olaryň reňkini saýlap alyp, olary matada ýerleşdirmekde uly ussatlyk haýran galdyrýar». Türkmen zenanlary keşdeçilik sungatynyň düýp maýasynda ene-mamalaryň zehininden dörän mirasy aýawly saklap, ony döwrebap görnüşler bilen baýlaşdyrýandygyny A. N. Pirkuliýewa belleýär. Makalamyzyň şu ýerinde medeni mirasymyzy uly sarpa bilen öwrenen zenan heýkeltaraş Ý.R.Tripolskaýanyň Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde saklanýan, ХХ asyryň 20-nji ýyllarynda ýazylan golýazmasyndan setirleri hem getirmegi makul bildik: «Türkmen halkynyň irginsiz döredijilik başlangyçlary täsin galdyrýar. El ýüplügini türkmen zenanlarynyň tikin maşynynda nagyşlary döretmek üçin ulanmagy örän gyzyklydyr. Tikin maşynynda ýerine ýetirilen gaýmany el keşdesi bilen şeýle bir ussatlarça sazlaşdyrýarlar welin, golaýdan göräýmeseň, saýgarar ýaly däl. Bularyň hemmesi halkyň uly çeperçilik zehininden we öz milli amaly-haşam sungatyna bolan uly söýgüsinden habar berýär».
Anna Nikolaýewna Pirkuliýewanyň kitabynyň «Demirçilik senedi» atly babynda demirçi ussalaryň zähmet gurallary we öý hojalygynda gerekli önümleriň we agaç ussaçylygynda, haly, kilim dokamakda ulanylýan gurallaryň ýasalyşy barada etnografik jikme-jikligi bilen beýan edilýär. Demirçilik, zergärçilik bilen bagly gadymy ynançlar, halypa-şägirtlik däbi suratlandyrylýar. «Külalçylyk önümçiligi» atly bapda awtor Gündogar Türkmenistanyň ilatynda gap-gaçlarynyň ýasalyşyny beýan edýär, 1958-nji ýylda bolan ylmy saparynda şeýle ussahanalaryň diňe ikisiniň saklanandygyny ýüze çykarýar, geçmişde bu senedi doly ele almak üçin 4–5 ýylyň gerek bolandygyny belleýär. Deri ussaçylygy baradaky bap alymyň bu senetçiligiň tapgyrlaryny etnografik nukdaýnazardan doly öwrenendigini görkezýär. Ussalar deriden aýakgaplary, possunlary, tulumlary (haltalary) we beýleki önümleri öndüripdirler. Bu bapda awtoryň sebitde sabyn önümçiligi babatynda getirýän maglumatlary hem gyzyklydyr. Monografiýanyň netijelerinde alym sebitiň ilatynda senetleriň birnäçe görnüşleriniň saklanýandygyny, geçmişde ussalaryň aglabasynyň buýurmalar esasynda işländigini, bu bolsa senetçiligiň ösen derejesini görkezýändigini belleýär. A.N. Pirkuliýewanyň bu kitabynyň türkmen senetçiligi barada ýazylan ilkinji etnografik işleriň biridigi aýratyn bellärliklidir. Etnograf alym A.N. Pirkuliýewa 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda aradan çykdy.
Galina Petrowna Wasilýewa (1920–2005) türkmen halkynyň maddy-ruhy medeniýetini öwrenmekde önjeýli işlän alym zenan. M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetinde okan wagty Beýik Watançylyk urşy başlanýar we uniwersitetiň mugallymlary we talyplary Aşgabada gelýärler. Bu ýerde ýaş gyzyň etnografiýa bolan hyjuwy has hem artýar, türkmen tebigaty Galinany özüne bendi edýär we türkmen medeniýetine bolan söýgüsi onuň ylmy gözlegleriniň esasyna öwrülýär. 1944–1947-nji ýyllarda G.P. Wasilýewa Moskwa döwlet uniwersitetinde «Orta Aziýa halklarynyň etnografiýasy» hünärinden aspiranturada okaýar we 1945-nji ýylda özüniň ilkinji ylmy saparyna gelýär. Soňra kyrk ýylyň dowamynda alym Türkmenistanda onlarça ylmy saparlarynda bolup, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde etnografik meýdan işlerinde maglumatlary toplady. 1948-nji ýylda Galina Petrowna kandidatlyk dissertasiýany üstünlikli gorady we 28 ýaşynda taryh ylymlarynyň kandidaty bolup, ýaş tutanýerli etnograf alym hökmünde ylyma ymykly gadam basdy. Ol özüni ylmy guramaçy hökmünde hem ykrar etdi: 1951-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy döredilýär. TYA-nyň täze açylan Taryh, arheologiýa we etnografiýa institutynyň etnografiýa bölümine ýolbaşçylyk etmek üçin Moskwadan G.P. Wasilýewany çagyrýarlar. Onuň ýolbaşçylygynda ilkinji türkmen ýaş alymlary etnografiýa ylmyna geldiler, dissertasiýalary goradylar. 1948–1966-njy ýyllarda G.P.Wasilýewa merkezi Etnografiýa institutynyň Horezm arheologik-etnografik ekspedisiýasynyň Türkmen toparyna ýolbaşçylyk edýär. Demirgazyk Türkmenistanyň ilatynyň arasynda alymyň ylmy saparlaryň çäginde toplan maglumatlary soňra aýratyn monografiýa hökmünde çap bolýar.
1989-njy ýylda G.P. Wasilýewanyň we A. Orazowyň ylmy redaksiýasy bilen «Türkmen oba maşgalasynyň durmuşynda adaty we döwrebap däp-dessurlar» atly kitap çap bolýar. Ylmy ýygyndyda şeýle-de Günorta Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş jaýlary, egin-eşikleri, tagamlary suratlandyryldy. Ýerlerden toplanan etnografik maglumatlar kitabyň esasyny tutup, halkyň arasynda geçirilen barlaglaryň üsti bilen toplandy. Kitapda birnäçe wajyp ylmy netijelere gelinýär: ilatyň durmuşynda bolup geçýän urbanizasiýa bilen bagly döwrebap üýtgeşmeler öýüň interýerinde (içki gurluşynda), toý däp-dessurlarynda, tagamlarynda öz beýanyny tapýar; adaty medeniýet pugta saklanylýar, döwrebap üýtgeşmeler bolsa bu medeniýeti diňe baýlaşdyrýar.
G.P.Wasilýewa türkmenleriň halk ýaşaýyş jaýy baradaky ylmy barlaglary has hem gerimini giňeltdi we üstüni ýetirdi. 2000-nji ýylda «Orta Aziýanyň we Gazagystanyň halklarynyň ýaşaýyş jaýlary» atly kitap çap edildi, onuň sözbaşysy we iki baby alymyň galamynyň astyndan çykdy. Türkmenleriň zergärçilik sungaty we onuň bilen bagly däp-dessurlar, gadymy ynançlar etnograf zenanyň uly gyzyklanma bilen öwrenen ylmy ugry bolupdyr. Bu barlaglary alym arheologik maglumatlary öwrenmek bilen utgaşdyrypdyr, bu bolsa etnografiýa ylmynda birnäçe ugurlaryň araçägindäki barlaglaryň ýaýbaňlanmagyna getiripdir. Ýeri gelende bellesek, şeýle barlaglar halkyň durmuşyndan has doly we gyzykly maglumatlary ýüze çykarýar.
Türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenen bu zenan alymlary özleriniň ylmy barlaglarynda köp babatda ilkinjiler boldular, ylymda halypa-şägirtlik ýoluny döretdiler, täze usulyýetleri we maglumatlary ylyma girizdiler. Bu babatda olaryň ylmy mirasy gymmatly çeşmedir, ylyma ilkinji gadam basýan ýaş gözlegçilere üçin görelde mekdebidir.
Bike DIWANGULYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty
“Türkmen arhiwi” žurnaly
2023-nji ýyl üçin 24-nji goýberiliş