Täzelikler

Назад

12.11.2024

Beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda döwletlilik taglymaty

Taňry bize Magtymgulyny peşgeş beripdir. Bu gün täze türkmen jemgyýeti özüniň ýaş neslini halkyň milli guwanjy, akyldar şahyry Magtymgulynyň pähiminden görelde alyp terbiýeleýär. Ol türkmen nusgawy edebiýatynyň esasyny goýan ussat şahyrdyr. Magtymguly halk bilen ýaşady we häzirki günlerde-de halkyň kalbynda uly orun tutýar.

Beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragy barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, halkyň Arkadagy Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle belleýär: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Ýurdumyzda onuň pähim-paýhasly şygyrlaryny has düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek, şu günki kämil türkmen jemgyýetinde has-da rowaçlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek barada möhüm işler amala aşyrylýar».

Akyldar şahyr öz kakasy we halypasy Döwletmämmet Azadynyň terbiýesini alýar. Döwletmämmediň halkyň arasynda abraýy uly bolupdyr. Ol ýiti pähimi, giň gözýetimi bilen uly halk maslahatlarynyň geňeşdary bolupdyr. XVIII asyrda dagynyk ýaşan türkmen halkynyň milli döwletini döretmegi maslahat beripdir we şu meseleleri öz döredijiliginde beýan edipdir. Ol özüniň dört bapdan ybarat bolan «Wagzy-azat» eserinde döwlet gurmak, ylym we alymlar, häkimler hakynda, döwleti adalatly dolandyrmak, halk köpçüligi barada durup geçýär. Türkmen halkyny bir döwlete birikdirmek ýaly şol döwrüň derwaýys syýasy meselelerini gozgaýar. Magtymguly bolsa kakasynyň wagyz-nesihatlaryny has berkidip, hökümdarlaryň diňe bir howaýy adalaty wada bermän, eýsem, olaryň halky Gün kibi çoýmagyny, akarda suw, öserde ýel bolmagyny nesihat edipdir.

Azadynyň türkmen milli döwletini döretmek baradaky pikirlerini, ilkinji nobatda, ogly Magtymguly, şeýle hem beýleki nusgawy türkmen şahyrlary öz şygyrlarynda ösdürdiler.

Magtymguly öz döredijiliginde türkmen halkynyň özboluşly taryhy ykbaly bilen bagly bolan möhüm jemgyýetçilik-syýasy meselelere ýüzlenýär. Türkmen taýpalaryny birleşdirip, bir bitewi döwlet döretmek baradaky öwüt-ündew onuň ähli eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Watan, halkyň ykbaly, adalatlylyk, ynsan mertebesi, söýgi meseleleri şahyryň kalbynda gaýnap-joşupdyr. Şahyr halkyň bagtly ykbaly ugrundaky göreşe içgin gatnaşypdyr, durmuşyň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýan geňeşlerinde çykyş edip, takdyra ten berip, ýazgyda kaýyl bolup oturmagy ündeýän wekillere üzül-kesil garşy çykyp, şeýle diýýär: 

 

Meýlis kylar boldy bu gün il-günümiň barysy,

Gelmegin sen, ser goşup ki, bize myhman gerekmes.

Magtymguly, sen sözlegil − diýdi goçlar meýlisi,

Sen güftar sen bu meýlisde, gaýry dessan gerekmes.

 

Dogrudan hem, halk mejlislerinde gyzgyn jedeller bolupdyr, halky kyn ýagdaýdan gutaryp biljek dürli-dürli ýollar salgy berlipdir. Emele gelen ýagdaýdan halk çyny bilen çykalga gözläpdir. Magtymguly hem bu gözlege jany-teni bilen goşulypdyr. Ol geljekki döwletiň binýadyny berk tutmak baradaky meseläni goýýar («Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn»), ähli halkyň bir saçagyň başyna jemlenmegi («Bir suprada eda bolsun aşymyz», «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar») arzuwlapdyr. Şahyryň «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Öňi-ardy bilinmez», «Döker bolduk ýaşymyz» ýaly goşgularynda türkmenleriň birleşen güýçleriniň (tekeler, salyrlar, ýomutlar, ýazyrlar, gökleňler, alililer we beýlekiler) gahrymançylygy, batyrlygy, at-ýaraga erk edişleri, halkyň bagty ugrunda janlaryny gurban etmäge taýýardyklary wasp edilýär. Ol mert ýigitleri söweşde gaýduwsyzlyga çagyrýar. 

Magtymguly – zamanasynyň ähli hupbatlaryny öz gerdeninde çeken adam. Ykbal onuň özüne-de, maşgalasyna-da ýowuz darapdyr. Gündelik eklenç-güzeran aladasy, süýtdeş iki doganynyň (Mämmetsapa we Abdylla) diri gaýyp bolup ýitmegi, eziz perzentleriniň bimahal ölümi, daşky han-begleriň we şalarynyň zulumy şahyryň süňňüni agyrdypdyr. Onuň şygyrlarynda ýagşy we ýaman gylykly adamlara ýygjam jümlelerde kesgin we takyk baha berilýär. Häzirem şol sözleriň terbiýeçilik ähmiýeti we täsiri egsilenok. Durmuşdaky nogsanlyklaryň garşysyna göreşen mahaly şahyryň asgynlaýan pursatlary-da gabat gelýär. Şonda ol käte-käte öz hereketleriniň dogrudygyna şübhelenýär. Muňa garamazdan, Magtymguly hiç haçan ruhdan düşmändir, başyny dik tutup, öz döwründäki ähli meselelere janypkeş goşulypdyr, olaryň çözgüdini tapjak bolup synanyşypdyr. Ol «Gelen-de bardyr» goşgusynda durmuşy ykrar edip şeýle ýazýar:

Magtymguly, köňle gaýgy getirme,

Bu bir iş wagtydyr, özüň ýitirme,

«Sözüm aňlan ýok» diýp, ümsüm oturma,

Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr.

 

Magtymgulynyň bitiren taryhy hyzmatlary, onuň şahsyýet hökmünde beýikligi, türkmeniň nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutandygy, onuň türkmen edebi dilini näderejede kämilleşdirendigi barada ylmy derňewlerde giňişleýin beýan edildi. Şahyryň sözleri adalatlylyga çagyryş bolup ýaňlanýar. Ol, ozaly bilen, goňşulykda ýaşaýan türkmen tire-taýpalarynyň bähbitleriniň gös-göni galtaşyp, oňşuksyzlyga getirýändigini göz öňünde tutup, «Türkmeniň» atly goşgusynda «Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr, //Ykballar ters gelmez, Hakyň nurudyr» diýmek bilen, nirede ýaşasalar-da türkmenleriň ählisiniň bir jan, bir tendigini nygtaýar.

Magtymgulynyň çagyryş äheňli «Görülsin indi», «Ajap eýýam gelmedi» we beýleki özüne çekiji täsirli goşgularyny okanyňda, onuň öz halkynyň ykbalyna çuňňur gyýlandygyny, Watanyny jandan-tenden söýüp, ony keseki basybalyjylardan goramaga çagyrýandygy duýulýar. Ol birnäçe ýagdaýlarda diňe iki goňşy gökleňler bilen ýomutlary bile çykyş etmäge çagyrypdyr, olaryň batyrlygyny wasp edipdir. Emma «Görülsin indi» goşgusynda ähli türkmen halkyna ýüzlenip, aýaga galmaga çagyrýar. Ol bu goşguda ýomut-gökleň birliginiň çygryndan çykyp, külli türkmene ýüzlenip, meseläni milli möçberde goýýar:

Gorka-gorka üflis ýagdaýa düşdük,

Takdyr näme bolsa görülsin indi...

Üstümizden duşman höküm sürendir,

Mömin bary jebri-jepa görendir...

Pyragy ýüz tutar türkmen iline,

Duşman gol urmasyn gyzyl gülüne...

 

Magtymguly türkmenleriň bir bitewi döwlete birikmekleriniň zerurdygyny ündäp, agzybirlige rehnetli durmuş gurmagyň esasy we ilkinji şertleriniň biri, rahat durmuşyň girewi diýip düşünipdir. Ol şu pikiri birnäçe eserlerinde dürli edebi tärler arkaly wagyz-nesihat edipdir. Mysal üçin, şahyr «Ýykmaýan ärden» diýen şygrynda:

Agyr döwletler aýrylar

Bir agza bakmaýan ärden 

  • diýen bolsa, «Içen ýalydyr» goşgusynda bu pikiri:

Agzy ala bolan iliň

Döwleti gaçan ýalydyr

    – diýip tassyklaýar.

Elbetde, bu setirler Magtymgulynyň halky Gün kibi çoýýan, halka eşret hem bagt eçilýän, ýurdy mäkäm düzgün-tertip bilen saklaýan we onuň goragyny üpjün edýän adalatly hökümdaryň bolmagyny arzuw edendigini görkezýär. 

Ol şol döwürdäki türkmen jemgyýetiniň çykgynsyz ýagdaýdadygy baradaky agyr netijä-de gelýär. Ol «Ajap eýýäm gelmedi» goşgusyndan başga-da «Neýleýin, biçäreýem», «Çykardym çenden», «Bilmezmiň» ýaly goşgularynda baş-başdak, belli bir baştutansyz, agzala jemgyýete ýolbaşçy bolmagyň mümkin däldigine öz gynanjyny beýan edipdir. Elbetde, Magtymgulyny her kim özüçe okap, oňa özüçe düşünýär. Şahyryň susstupeslige düşüp, kösenip-örtenendigini aňmak kyn däl. Ol özüni ýowuz hakykat bilen göreşde utulan oýunça deňeýär. Ýöne onuň beýikligi öz ykbalyny halkyň, Watanyň ykbaly bilen berk baglap, ýagty geljege umydygär halkyň isleg-arzuwlaryny kä gussaly, kä gazaply, hemişe-de hasrat bilen aňladýandygyndadyr. Şonuň üçin, onuň çuň içki guwanja ýugrulan «Türkmeniň» goşgusy halkyň güýjüne ynamdan, milli buýsançdan doludyr:

Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn erär topraklar-daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

 

Magtymguly öz ilini, ýurduny söýen, onuň ar-namysyny her bir zatdan belent hasaplan şahyrdyr. Ol hakyky watançylaryň halk köpçüligidigine düşünýär, şonuň üçin hem şahyr, ýurduň üstüne howp abanan wagty, olara ýüz tutýar, iliň, ýurduň ar-namasyny gorap saklamaga bütin türkmen halkyny çagyrýar. Akyldaryň ýokarda ady tutulan goşgulary we bütin döredijiligi onuň watansöýüjiliginiň belent mertebesini görkezýär. Meselem, şahyr «Neýleý, indi biçäreýem» diýen şygrynda şeýle ýazýar:

Watanymda han idim,

Hanlara perman idim,

Dertlere derman idim,

Misgine dükan idim,

Jansyza men jan idim,

Neýleý, indi biçäreýem.

 

Magtymgulyň halk söýgüsini gazanmagynyň esasy sebäpleriniň biri hem şu ýerden çykýar. Ol şu hili eserleri bilen okyjylarynda öz ýurduna, iline söýgi, guwanç duýgularynyň döremegine hemaýat edipdir. 

XVIII asyr türkmen jemgyýetçilik gurluşynyň taryhy taýdan çäkli ýagdaýynda basybalyjylara garşy göreşde şu hili çagyryşyň möhüm orun alandygy şübhesizdir.

Umuman aýdylanda, Magtymguly Pyragynyň pikirine görä, türkmen halkynyň agzybir bolup jebisleşmegi öz milli özbaşdak döwletiniň döremegine alyp barar. Ol «At islärin» diýen şygrynda şeýle arzuw edýär:

Pyragy, yşka ugraşdym,

Derýa girdim, möwje düşdüm,

Hor galmasyn puştba-puşdum,

Berkarar döwlet islärin.

 

Türkmen halkynyň öz milli döwletini döretmek hakynda Magtymgulynyň beýan eden taryhy arzuwy diňe 1991-nji ýylda – Türkmenistan watanymyz Garaşsyzlyga eýe bolandan soň, amala aşdy. Elbetde, Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň adamzat gymmatlyklaryna öwrülen belent taglymatlary hem-de öwüt-ündewleri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň başynda duranlary hem, gürrüňsiz ruhlandyrdy. Akyldar Magtymgulynyň türkmen halkynyň bagty üçin eden arzuwlarynyň hasyl bolandygyny biz häzirki döwürde görýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýän eziz Diýarymyz bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini ileri tutýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç bolýar.

Täze taryhy döwürde halk hojalygynyň ähli pudaklary maksatnamalaýyn we toplumlaýyn esasda ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-tejribe taýdan esaslandyrylan «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryndan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp, ýaş nesliň bilim we terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, Watanymyza, halka, milli ýol-ýörelgelerimize wepaly nesiller bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz, döwletiň güýji milletiň jebislenmeginde we agzybirliginde, onuň üstünlikleriniň esasynda bolsa parahatlyk we ylalaşyk ýatyr diýip nygtaýar. Beýik akyldarymyz Magtymgulynyň orny barada aýtmak bilen, Arkadagymyz şeýle belleýär: «Beýik Pyragynyň şygryýeti türkmen halkynyň ajap eýýam hakdaky garaýyşlaryny, özbaşdak, berkarar döwleti gurmak, adalatlylyk, bagtyýar durmuş, agzybirlik, asudalyk baradaky asyrlarboýy eden arzuwlarynyň özboluşly beýanydyr. Şahyryň ynsan mertebesi, watansöýüjilik, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýaly gymmatly pikirleri täze türkmen jemgyýeti, şu günki we geljekki nesillerimiz üçin ruhy ýörelgedir».

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygarynyň many-mazmuny hem watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024–2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreleri: ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary, dürli döredijilik çärelerini, brifingleri, mediaforumlary, okuw maslahatlaryny, sergileri, onlaýn tertipde ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirildi. Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy uly orun tutýar. Aşgabadyň günorta böleginde gurlan belent ýadygärlik türkmen halkynyň akyldar şahyryň we filosofyň ömrüne hem-de döredijilik mirasyna goýýan çuňňur hormatynyň nyşanydyr. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde beýik nusgawy şahyryň hormatyna medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan işleriň gidişini hemişe üns merkezinde saklap, bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň we söz ussatlarynyň heýkelleriniň oturdylmagyny teklip etdi. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň eserlerinde beýan edilen halklaryň dost-doganlygynyň we hoşniýetli goňşuçylygyň dabaralanýandygynyň güwänamasydyr.

2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmek, dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belläp, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu ugurda professor-mugallymlaryň, edebiýatçylaryň, döredijilik işgärleriniň hyzmatynyň örän uludygy bellenildi. Bu işe daşary ýurtly raýatlar hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň döredijilik işgärlerini täze döredilen ýubileý medaly we Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglamak boýunça degişli teklipleri taýýarlamak barada tabşyryklary berdi. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 20-nji ýanwarda geçirilen nobatdaky mejlisinde hem 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe dabaralary geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi we Gündogaryň beýik akyldarynyň ýubileýi mynasybetli dürli çäreleriň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de geçirilýändigini bellemek gerek.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellek barada şeýle nygtaýar: «“Berkarar döwlet islärin” diýip, halkyň parahat durmuşyny, döwletiň berkararlygyny arzuwlan akyldar şahyryň döwletlilik hakyndaky arzuw-islegleri Gahryman Arkadagymyzyň ulus-ilimize serpaý beren döwletli döwranynda hasyl boldy.... Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň – milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr, watançylyk we ynsanperwerlik ideýalarynyň hem-de ahlak gymmatlyklarynyň beýik waspçysydyr. XVIII asyrda keremli daglarymyzy, tereň derýa-çaýlarymyzy, giň sähralarymyzy, oba-kentlerimizi, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen ýörelgelerimizi ündän beýik söz ussadynyň çuňňur parasada ýugrulan şygyrlary şan-şöhrata beslenen geçmişimize, şu günümize, geljegimize çäksiz buýsanç we guwanç duýgularyny döredýän gymmatly milli hazynamyzdyr. Firdöwsi, Rumy, Nyzamy, Fizuly, Rudaky, Nowaýy ýaly edebiýat äleminiň ägirtleriniň hatarynda mynasyp orun alan dana Pyragy dünýä nusgawy şygryýetiniň beýik ussadydyr. Akyldar şahyryň adamzada ýadygär galdyran şygyrlar diwany, ýiti zehine, pähim-paýhasa eýlenen baý edebi-filosofik mirasy, umman ýaly giň hem-de çuň pikirleri ýyllar we asyrlar geçse-de, bu gün özboluşly ruhy gymmatlyk hökmünde halklarydyr döwletleri baglanyşdyryp, millionlarça ynsanyň aňyna we ruhy-ahlak ýörelgelerine, ýüregine hem-de duýgularyna güýçli täsirini ýetirýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bu gün Amerika, Ýewropa, Aziýa yklymlarynyň ylmy we medeni jemgyýetçiligi bilen bilelikde halkara maslahatlardyr sergiler, tanyşdyryş dabaralary geçirilýär. Ussat şahyryň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen eserler ýygyndylary daşary ýurt dillerine terjime edilýär. Ylmy neşirler, kitaplar, makalalar ýygyndylary taýýarlanylýar, çeper we dokumental filmler döredilýär.... Bu toý türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent hormat-sarpasynyň, dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň näderejede belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler».

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň şygyrlary täzeçe öwüşginde ýaňlanyp, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň nyşanyna öwrüldi. Beýik akyldar şahyryň döredijiik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdyr we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar. Çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary – Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Häzirki wagtda beýik şahyryň giňden bellenilýän ýubileýine bagyşlanan çäreler ýokary derejede gurnalýar.

Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň beýik ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň bähbidine durmuşa geçirýän medeni we ylmy diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

 

Atageldi BAÝLYÝEW,

taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent.

 

“Türkmen arhiwi” žurnaly

2023-nji ýyl üçin 24-nji goýberiliş