Täzelikler
Назад
28.11.2024
Bag ekmek çäresi
Ata-babalarymyzdan miras galan daşky gurşawa aýawly garamak ýaly milli däplerimiz häzirki günde aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäreleri geçirilip, dürli görnüşli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekilýär, ozal ekilenlerine ideg etmek işleri alnyp barylýar. Olaryň ösüp ulalmagy bilen, türkmen topragy bagy-bossanlyga bürenip, jana şypaly arassa howasy bilen halkymyzyň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrýar.
Bu asylly ýörelgä eýerilip, 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Arkadag şäherinde Kärizek şaýolunyň ugrundaky sil suw akabalarynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça şäheriň ýaşaýjylarynyň, edara-kärhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň, talyplarynyň gatnaşmagynda bag ekmek çäresi geçirildi.
Ir säher bilen ýygnananlar bag ekmek işlerine guramaçylykly girişdiler. Köpçülikleýin bag ekmek çäresine Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmenleri hem işjeň gatnaşdylar. Köpçülikleýin bag ekmek çäreleri ýaly peýdaly işler, jemgyýetiň ekologik medeniýetiniň ýokarlanmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna we howanyň arassalanmagyna ýardam berýär. Netijede, adamyň ömür dowamlylygy uzalýar. Bu köpçülikleýin bag ekmek çäresi hem «akylly» şäheriň ekologiýa abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşar.