Täzelikler

Назад

09.05.2024

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň döwlet arhiwlerine: metriki resminamalaryň, raýatlyk ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň (nikalaşmak ýa-da nikany bozmak, doguluş hakynda ýa-da ölüm hakynda şahadatnamalar, perzetnlige almak hakynda resminamalar we ş.m.), öý kitaplaryň, şeýle hem belli bir adamyň terjimehalyny öz içine alýan geneologik häsiýetli we beýleki şuňa meňzeş maglumatlary bolan resminamalaryň tabşyrylmaýandygy sebäpli, şu resminamalar esasynda arhiw güwänamasynyň ýa-da resminamadan göçürme nusgasynyň berilmeýändigi barada Siziň dykgatyňyza ýetirýäris.    

Ýokarda agzalyp geçilen resminamalar boýunça ýüztutmalaryň köp gelip gowuşýandygyny göz öňünde tutup, olara jogap bermek mümkinçiligiň ýokdugy barada Size habar berýäris.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi raýatlaryň diňe durmuş-hukuk häsiýetli (iş döwri, aýlyk zähmet haky barada we ş.m.) ýüztutmalaryna  seredýär.