Täzelikler
Назад
30.12.2024
Ahal welaýatynyň döwlet arhiwinde seminar geçirildi
Ahal welaýatynyň döwlet arhiwinde arhiw işi we iş dolandyryşy boýunça okuw seminary geçirildi. Oňa welaýatyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalaryň arhiwçileri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar Baş arhiw müdirligi tarapyndan işlenip taýýarlanan kadalaşdyryjy hukuk namalary we beýleki gollanmalary bilen tanyşdyryldy.
Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň döwlet arhiwiniň işgärleri iş dolandyryşda işleri emele getirmegiň, olary resmileşdirmegiň we saklanylmagyň, şeýle hem işleriň at ýazgysyny düzmegiň we pudaklaýyn arhiwlerde resminamalary hasaba almagyň arhiw kadalarynyň we talaplarynyň berjaý edilişi barada gürrüň berdiler. Resminamalaryň hasabynyň dogry ýöredilmegine, olaryň abat saklanmagyna hem-de Türkmenistanyň we Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň raýatlaryndan gelip gowuşýan durmuş-hukuk häsiýetli ýüztutmalarynyň ýerine ýerilişine aýratyn üns berildi. Maslahata gatnaşyjylar iş dolandyryşynda ýüze çykýan meseleleriň çözgütleri barada pikir alyşdylar, şeýle hem öz işlerini kämilleşdirmekde berlen maslahatlar üçin döwlet arhiwiniň hünärmenlerine öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.