Täzelikler

Назад

30.04.2025

Resminamalaryň biozaýalanmasy

Merkezi barlaghananyň işgärleri tarapyndan “Resminamalaryň biozaýalanmasy” atly tema boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapagy geçirildi.

Resminamanyň bakteriýalar, kömelekler, mör-möjekler we gemrijiler tarapyndan zaýalanmasyna onuň biozaýalanmasy diýilýär. Resminamalaryň biozaýalanmasy, aýawhanalarda ýylylyk, çyglylyk, arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmedik ýagdaýynda, ýagny resminamalary zaýalaýan jandarlaryň garşysyna öz wagtynda täsirli öňüni alyş işleriniň geçirilmeýän ýerlerde döreýär.

Kömelekleriň ýüz müňden hem köp görnüşi duş gelýär. Olar birnäçe toparlara bölünýär: telpekli, pos, garabaş we heň kömelekleri. Aýawhana şertlerinde resminamalara heň kömelekleri uly zyýan ýetirýärler. Şolardan 300-den gowragy kagyzyň, pergamentiň, deriniň, nah matalaryň, sapaklaryň we beýleki resminama serişdeleriniň ýüzünde ösüp bilýär.

Heň kömelekleri özleri üçin amatly şertlerde çalt köpelip, uly howp döredýärler. Olaryň reňkleri ak, gara, gök, ýaşyl we goňur bolýar. Heň kömelekleriň gurluşyna diňe mikroskopda seretmek bolýar. Olaryň her bir sapajygy uzyn öýjükden ybarat bolup, şahalanýan sapaklar örümini emele getirýärler. Şol sapaklaryň ujunda garabaşlar ösýär. Garabaşlarda köp mukdarda sporalar emele gelýär. Bu sporalar howanyň akymy bilen daş töwerege ýaýraýarlar. Olar amatly şertlerde gögerip, täze heň kömelekleriniň emele gelmegine şert döredýärler. Heň kömelekleri gögerende golýazma serişdelerinde – ýelime, kagyza, matalara, derä ornaşyp, organiki maddalary dargatmak arkaly iýmitlenýärler. Zyýanly heň kömelekleriniň öňüni almak üçin aýawhanalary arassa saklamaly. Otag temperaturasy 25℃, aram çyglylygy 70 %-den geçende kömelekleriň sporalary ösüp başlaýar. Olar resminamalar üçin örän howpludyr. Kömelekleriň ösen ýerlerinde kagyz berkligini ýitirýär, port bolýar. Kömelekleriň käbir görnüşleri kagyzyň ýüzünde sary, mele, gyzyl, gara, goňur reňkli pigment tegmillerini galdyrýarlar. Aýyrmasy örän kyn bolan bu tegmiller kagyzyň görküni gaçyrýar.

Agaç süýüminden taýýarlanan kagyzlara garanyňda, pagta süýüminden taýýarlanan kagyzlar heň kömelekleriň täsirine has durnuklydyr. Resminamalary heň kömeleklerinden goramaklygynyň iň amatly usuly – aýawhanada temperatura, çyglylyk düzgünlerini pugta berjaý etmekdir. Aýawhanalarda geçirilýän gözegçilikleriň netijesinde, ýüze çykarylan zeper ýeten resminamalar seçilip alnyp, kömelekleri ýok etmek üçin dermanlanyp zyýansyzlandyrylýar.