Täzelikler

Назад

21.05.2025

Arhiw işi we iş dolandyryşy boýunça okuw maslahaty geçirildi

Kerki şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmenleri  tarapyndan  Halaç etrap häkimliginde häkimligiň jogapkär arhiwçisi we Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-guramalaryň arhiw işgärleriniň gatnaşmagynda edaralarda arhiw işiniň we iş dolandyryşynyň guralyşy boýunça okuw maslahaty geçirildi. 

Okuw maslahatyň dowamynda diňleýjiler Türkmenistanda arhiw işini ösdürmek boýunça kanunçylyk kadalaşdyryjy hukuk namalar, Baş arhiw müdirligi tarapyndan işlenip taýýarlanylýan kadalaşdyryş-hukuk namalar, düzgünnamalar, kadalar, resminamalaryň saklanylmaly möhletleri görkezilen birkysmy sanaw bilen tanyşdyryldy.

Döwlet arhiwiň hünärmenleri iş dolandyryşda işleri emele getirmegiň, olary resmileşdirmegiň, şeýle hem işleriň at ýazgysyny düzmegiň we pudaklaýyn arhiwde resminamalary hasaba almagyň arhiw talaplary barada gürrüň berdiler. Resminamalaryň hasabynyň ýöredilmegine, olaryň abat saklanmagyna aýratyn üns berildi. Maslahata gatnaşyjylar iş dolandyryşda ýüze çykýan meseleleriň çözgütleri barada pikir alyşdylar. Maslahata gatnaşyjylar öz işlerini kämilleşdirmekde berlen maslahatlar üçin Kerki şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmenlerine öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.