Täzelikler

Назад

19.06.2025

SIRKGÜMMEZINIŇ ASTYNDAKY TÄSINLIK

Tomaşanyň başlanýandygy mälim edilýär. Sirkiň garaňky sahnasy oňa düşýän dürli-dürli öwüşginli çyralar bilen kem-kemden ýagtylanyp başlaýar. Sahna şeýle bir çalasynlyk bilen gelen jigitleriň täsin hereketleri göz açyp-ýumasy salymda bolup geçýär. Olar sirk sahnasynyň (arenasynyň) iki ýan gyrasynda hatara durýarlar. Öz döwrüne muwapyk owaz astynda gyr atyň üstünde oturan merdana ýigit buýsançlybaşyny belent tutup, sahnada peýda bolýar. Öz eýesine wepaly, duýgurgyrat sahnanyň aýlaw sekisiniň gyrasyna öň aýaklaryny goýýar-da, şeýle bir asyllylyk bilen, hoşgylawlyk bilen baş atýar. At üstündäki merdana şahsyýeti janlandyrýan sirk artistigyr ata üýtgeşikbir buýrugam bermeýär. Onuň diňe elindäki jylawyny bir gyra çalarak çekýändigi gözüňe kaklyşyp gidýär. Gyrat iki hatara duran ýigitleriň öňünden aýlaw berýär-de, sahnanyň merkezine gelip saklanýar. Sirk gümmeziniň astyndakydürli öwüşginli çyralar ýene kem-kemden yşygynyartdyryp ugraýar. Yşyklargüýçlendigiçe-de, gyr at üstündäki sirk artistiniň nesilbaşymyz Oguzhan atamyzyň keşbini janlandyrýandygyna bada-bat göz ýetirýärsiň.

Özboluşly kompozisiýa bu sirk toparynyň baş şygary bolup örboýuna galýar. Muňa olaryň bu kompozisiýa arkaly ýerine ýetirýän soňky çykyşlary – hereketleri-de doly güwä geçýär.«Oguzhan ogullaryny ýanynaçagyrýar. Olaryň biriniň eline egnindäki sagdakdan peýkam oklarynyň birini çykaryp berýär-de, ony döwmegi, ikä bölmegi tabşyrýar. Peýkam oky ikä bölünýär. Soňra Oguzhan şol peýkam oklarynyň birnäçesini ogluna berýär-de, ony ýene döwmegi, ikä bölmegi tabşyrýar. Peýkam oklary döwülmeýär».

Sahnadaky hereketleri synlap, şeýle sözler hakydaňa dolýar: «Agzybir boluň, jebis boluň! Agzybirlik bar zady ýeňýändir. Agzybirlik bilen bitmejek iş bolmaz». Bu sözleri ýatlanyňda «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybir»diýen pähim-paýhasa ýugrulan atalar sözi hakydaňa dolýar.

Häzirki döwürde, ösen tehnologiýaly zamanada, giň dünýägaraýyşly, düşünjeli ynsanlary sähel zatlar bilen haýran galdyryp bolmaýar.

Ýandepderçämizde şeýle ýazgylar bellige alnypdyr: «Dürli ýurtlardan gelen sirk artistleri nobatma-nobat çykyş edýärler. Çykyşlaryň täsiri az däl. Ýöne ahalteke atlary sirk sahnasyna çykdy welin, gowur has-da artan ýaly boldy. Tomaşaçylar gozgalaň tapdylar. Fotoapparatlardyr, el telefonlary herekete girdi. Tomaşaçylaryň käbirleri ör turup, käbirleri boýunlaryny uzyn-uzyn uzadyp sirk sahnasyna dykgatlygaraýarlar. Tomaşaçylaryň ýaşkiçiden-ýaşulusyna çenli gözlerini sahnadaky ajaýyp bedewlerden aýryp bilenoklar. Olaryň owadanlygy diýermiň, çalasynlygy diýermiň, olar bilenbile çykyş edýän türkmen jigitleriniň çylşyrymly hereketler bilen edýän her bir tilsimleri diýermiň, garaz, türkmen jigitleri tomaşaçylary ýüpsüz baglady. «Italiýa, Latina şäheri, Halkarasirk festi- waly, 16–21 oktýabr. 2014 ý.».

Ýene bir ýazgy: «Ahaltekebedewleriniň agşamy» dowam edýär. Dürli çykyşlar ýerine ýetirildi. Olar biri-birinden peslär ýaly däl. Hemmesi-de ýokary derejede. Ine, birden hytaýly tomaşaçylar gozgalaň tapyp başladylar.

Alypbaryjy hytaý dilinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyş edýändigini yglan eden eken. Şundan soň türkmeniň atly jigitleriniň şowhunly çykyşlary başlandy. Ol üstünlikli dowam edýär. Ine-de, topar ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýewiň ajaýyp at bilen ikiçäk edýän çykyşy. Türkmen jigidiniň tabşyryklaryny kemsiz ýerine ýetirýän ajaýyp bedew artky aýaklaryna galyp, saza goşup sirk sahnasynda özboluşly çykyşlaryny alyp barýar. Şowhunly hem dowamly el çarpyşmalary, hoşniýetli sözler ýagýar. Birden gulagymyza Pygynyň sahnadaky bile çykyş edýän atyna ýalbarýan sesi eşidilen ýaly boldy. «Biziň wagtymyz doldy. Indi bes edäýeli.Besdir indi, jan atym!». At diýen etmedi. Ol çykyşyny tamamlanýaly edýär-de, ýene öwrülip, yzynadolanýar. Çykyşyny gaýtadan başlaýar. Pygy oňa tabşyrykbermese-de, ol artkyaýaklaryna galyp, dal boýnuny has-da belentde tutup, täsinden-täsin hereketlerini gaýtalaýar. Konsertiň ses režissýory bolsa oňa degişli sazy gaýta-gaýta bermeli bolýardy. Men saklanyp bilmän, gapdalymda bu täsin çykyşyüns bilen synlapoturan Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowa ýüzlenýärin: «Edil häzirki pursatda näme duýýarsyň?!». Dogrusy, men jogaba-da garaşmadym. Sowalymyň jogabyny özüm berdim: «Duýýar,gözüne söwdügim, adynadöndügim syzýar. Onuň häzir göwni göterilýär. Şatlyk-şowhuna has-da joşa gelýär.Kalby çaglanýar. Türkmen sährasynyň täsinligini, ahalteke atlarynyň gudratyny görkezýär, gudratyny». Dogrusy, her bir konsertde, onda-da has uly çärelerde her bir çykyşa ýörite berilýän wagt bar. Ýöne şol çykyşda ajaýyp bedew joşa gelip, çykyş etmeli wagtyndan-da artyk çykyş etdi. Ol, dogrusy şol günki uly dabaraly çäräni, kon- serti, agşamy baglady. «Hytaý, Taýmýao seýilgähindäki Imperator köşgündäki dabaraly çäre. 8–14 maý 2014 ý.».

Ýokarda ýatlap geçişimiz ýaly, ösen jemgyýetde, talapkär tomaşaçylary haýran galdyrmak, olary sungatda özüňe bendi edäýmekaňsat-aňsat iş däl. Ýöne biz şol bellige alan ýazgylarymyzy has giňişleýin beýan etmegi göwne makul bildik.

Paýtagtymyzdaky sirkiň keşbi täzeden «janlanyp» ugrady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy netijesinde milli sirkimiziň binasynyň durky täzelendi. Ol döwrebaplaşdyryldy.

2007-nji ýylda ýurdumyzda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Milli Liderimiz bu topary döretmek bilen, türkmeniň milli buýsanjy bolan, milli mirasy hem baýlygy bolan ahalteke atlarynyňdünýä ýüzündäki şan-şöhratyny, at-owazasyny, abraýyny has-da belende götermekde uludan-uly işleriň başlangyjyna giň ýol açdy.

«Behişdi bedewlerimiz dünýäde bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlykdyr». «Türkmen bedewleri toý-baýramlarymyzyň hakyky bezegidir». «Ol – biziň milli buýsanjymyz we şöhratymyz. Ol dünýä täsinlikleriniň biridir» diýip, Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ahalteke atlarymyzyň sirk sungatynda hem öz täsinligini görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredi.

Geçen döwür içinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary, sözüň doly manysynda, özlerine bildirilen ynamy aňryýany bilen ödemegi başardylar. Ynamy ödemek üçin onuň aňyrsynda hysyrdyly işler, jogapkärli borç ýatyr. Şonuň üçin yzygiderli, ýadawsyz geçirilýän türgenleşikler arkaly at üstünde ýerine ýetirilýän täze-täze tilsimler, has çylşyrymly hereketli oýunlaryň sirk çykyşlaryna ornaşdyrylmagyny gazanmak gerek. Bu işe uly jogapkärçilik hem talabedijilik, talapkärlik derwaýys. Agzybir toparyň her günki ýadawsyz türgenleşikleri öňde goýlanmaksada ýetmäge mümkinçilikleri-de berdi. Wagtyň geçmegi bilen türkmen jigitleriniň sirk gümmeziniň astyndakyat-owazlary tutuş ýurdumyzy gurşap aldy.

Düzüminde 25 agzasy bolan bu toparyň ygtyýarynda dürli ýaşdaky arassa ganly ahalteke atlarynyň ýigrimisi bar. Olar ylla diýersiň jigitlerimiz bilen bir howadan dem alyp, sirk sungatynda öz gudratyny görkezmegi-de başarýarlar. Olaryň sirk programmasynda at üstündäki millioýunlaryň häzir 30-dangowrak görnüşi bar. Ýöne yzygiderli türgenleşikler arkaly at üstündäki milli oýunlaryň sany artdyrylýar.

Indi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyna diňe bir türkmenistanly tomaşaçylar ýa Türkmenistana gelen daşary ýurtly myhmanlar däl, hatdadaşary ýurtly tomaşaçylar hem öz sirk gümmezleriniň astyndael çarpýarlar.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherindäki çykyşlary muňa aýdyň mysaldyr. Şonda türkmen jigitleri bu ýurduň milli baýramy bolan «Sabantuý» (Hasyl baýramy) baýramyna gatnaşyp, öz şowhunly çykyşlary bilen doganlyk halkyň toýlaryny özboluşly bezäp,köp sagbolsunlary alypdy.Mundan başga-da olar Ukrainanyň, Belarussiýanyň, Täjigistanyň döwlet sirklerinde üstünlikli çykyş etdiler.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesinde geçirilýän sirk sungatynyň festiwallaryndaky üstünlikleri-de aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 2013-nji ýylyň 7–15-njioktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde «Idol» diýlip atlandyrylýan bütindünýä sirk sungatynyň VI festiwaly geçirildi. Şonda hem türkmenjigitleri at üstündäki milli oýunlaryň çylşyrymly görnüşlerini görkezdiler. Olaryň bu çykyşlary köplerihaýrana goýdy. Bu festiwalyň geçirilenýeri bolan MoskwanyňUly döwlet sirkine dünýäniň16 ýurdundan belli-belli sirk toparlary gatnaşdylar. Türkmen ýigitleri şol festiwalyň oktýabraýynyň 11–13-i günleriöz çykyşlaryny köpçülige görkezdiler. Dünýäniň güýçli sirk toparlarynyň arasyndan saýlanyp, talapkär emin agzalarydyr tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp bolaýmak aňsat-aňsat iş däl. Ýöne türkmen jigitleri öz ussatlyklary, agzybirlikli, tutanýerli zähmetleri, başarnyklary bilenonuň hötdesinden abraýbilen gelmegi başardylar. Şeýlelikde, olar festiwalyň Baş baýragy «Altyn Idol» kubogynyň eýeleri boldular. Şeýle hem olaryň çykyşlary Monte-Karlodaky Halkara sirk festiwalynyň ýörite baýragy – XV festiwalyna çakylyk, Werona şäheriniň (Italiýa) sirk sun- gaty merkeziniň ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin ýörite baýragy we diplomy, halkara žurnalistler eminlerinden «Bürünç manež» kubogy bilen mübäreklendi. Olaryň bu üstünlikli çykyşlaryna güneşliýurdumyzda hem mynasypbaha berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň her bir agzasypul baýragy we Türkmenistanyň PrezidentiniňAltyn zynjyry bilen sylaglandy.

Ýatlap geçişimiz ýaly, 2014-nji ýylyň 16–21-nji oktýabry aralygynda Italiýanyň Latina şäherinde Halkara XVI sirk festiwaly geçirilipdi. Şu ýerde gözli şaýat bolan wakalarym dogrusynda hem durup geçmek isleýärin.

Dogrusy, onda çykyş eden sirk toparlarynyň hiç biri-de kemlär ýaly däl. Olary biri-birinden aýyl-saýyl etmegem aňsat däldi. Ýöne türkmen jigitleri sirk gümmeziniň astyndaky çykyşlaryna başlanlaryndan daşary ýurtlytomaşaçylaryň göwünleri heýjana geldimikä diýýärin. Muny şol wagtky şowhun hem, ünsli tomaşa-da doly tassyklady...

Ahalteke atlarybilen diýseň şowhunlyçykyş edýän jigitlerat üstünde biri-birinden çylşyrymly hereketleri ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Sirk sungatynyň özboluşly biçüwine laýyklykda tikilen milli lybaslarymyz jigitlerimizi has-da çuslandyrýan ýaly görkezýärdi. Jigitlerimiziň daşky keşpleri ahalteke atlarymyzyň taýsyz owadanlygyna, çalasyn çapuwlaryna özboluşly röwüş çaýýardy. Olaryň at üstündäki çylşyrymly, kähalatlarda tomaşaçylary hopukdyrýan täsin çykyşlary oturanlary biparh goýmaýardy. Munuň özi ýöne ýerden däl bolsa gerek. Adatça, çylşyrymly sirk çykyşlary görkezilýärkä, ýerine ýetirilýärkä artistler billerine ýa ellerine ätiýaçlyk üçin howpsuzlyk kemerini (tros) daňýarlar. Ýöne türkmen jigitleri çykyş edýärkäler, şeýle howpsuzlyk kemeriniň ýokdugyny görenleriň ýöne ýere hopukmaýandyklary-da düşnükli bolsa gerek. Ýyndamlygyny artdyryp çapyp barýan ata böküp münmek, onuň üstünde dürli çylşyrymly oýunlary ýerine ýetirmek diňe dilde aňsat. Sähel säwlik şowsuzlyklary getirip bilýär. Munuň üçin özara sazlaşygyň dürs we dogrybolmagy diýseň wajyphem derwaýys.

Onsoň türkmen jigitleriniň şeýle täsin çykyşlaryny bir gören ony ikinji, üçünji... gezek görmegiň höwesinde bolýar. Bu şol festiwalda hut şeýle hem bolupdy.

Her gezekki çykyşlardan soň tomaşa gelýänleriň arasynda indiki çykyşa çenli bolan aralykdaky arakesmede ýigitlerimiziň ajaýyp atlaryny has golaýdan synlap görmegi haýyş edýänlerem az bolmady. Onuň ýanynda durup surata düşmegi-hä özlerine bagt bildiler. «Beýle owadan, syrdam atlary nähili ösdürip ýetişdirýärsiňiz?!», «Bular duranja bir gudrat ahyryn!», «Beýle owadan atlary ömrümde birinji gezek görýärin. Ykbalymyň şeýle atlary görkezmegi miýesser edeni üçin menem bagtly». Ine, şeýle sözleri daşary ýurtly tomaşaçylardan eşideniňde göwün guşuň al-asmanda pelpelleýär. Ýurduňa, topragyňa, uçmahy atlarymyza, türkmen atşynaslaryna, behişdi atlarymyz barada içgin alada edýän Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyň, guwanjyň, şatlygyň goşalanýar.

Türkmenistan döwletimiz atlar bilen baglanyşykly iş alyp barýan daşary ýurtlaryň ençemesi bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Muňa ençe-ençe döwletlerdir atçylyk firmalarynyň, kompaniýalarynyň, daşary ýurtlyşahsy atşynaslaryň ştab-kwartirasynyň Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahaltekeatçylyk assosiasiýasynyň agzasy bolup durýandygy-da doly güwä geçýär. Şoňa görä-de, bedewlerimize döwlet derejesinde goýulýan çäksiz hormat,bu ugurdaky alnypbarylýan tutumly işler dünýä içre ýaň salýar. Sirk sungaty arkaly ahaltekeatlarynyň şan-şöhraty, at-owazasy has-dabelende göterilýär. Bu hut GahrymanArkadagymyzyň döredip beren «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň mysalynda-da şeýledir. Arşyň Aýyna tebil kakýan nurana ahalteke atlarymyzyň ykbalyna ajaýyp zamanamyzda aýdyňdan-aýdyň geljek ýazyldy. Bu günki gün ahalteke atlary- myz dünýäatçylygyna ýalkym salýannur, almaz şamçyragbolup dabaralanýar. Hakdan halatlyahalteke atlarynyň ajaýyp nesliniň döwlet nyşanlarymyzda orun almagy-da, onuň ynsanyň jigerindemüdimi ýerleşmegi-de uly döwletlilikdir. Döwlet Tugramyzda Ýanardagyň keşbiniň orun tutmagy, elbetde, türkmen bedewiniň Garaşsyz,hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli gymmatlygy bolup durýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

2015-nji ýylyň güýz aýlarynda ýurdumyzda resmi iş sapary bilen bolan Ýaponiýanyň premýer ministri öz maşgalasy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna barypdy. Şonda Ýaponiýanyň Lideri gürrüňini edýän toparymyzyň görkezme çykyşlaryna tomaşa edipdi. Guwanç hem-de buýsanç duýgulary bilenajaýyp ahalteke atynyňalnyndan sypap, onuň ýanynda maşgalasy bilen bilelikde ýadygärlik surata düşüpdi. Dünýäniň iň ösen döwletleriniň biri bolan Ýaponiýanyň premýer ministriniň ahalteke atynyň alnyndan sypamagy onuň behişdi bedewiň üsti bilen türkmen döwletine, türkmen halkyna, onuň söwer ogly GahrymanArkadagymyza buýsanjy bolup şöhlelendi. Tolgundyryjy şol pursatlar ýaponiýaly myhmanyň ýurdumyzyň ösüşine berýän mynasyp bahasy bolup kalplara ornapdy. Şeýle-de dünýäde ykdysady ösüşleri bilen tanalýan Türkmenistan döwletimiziň geljekde ösen tehnologiýaly, ösen senagatly, ösen oba hojalykly ýurt bolup, öňküden-de pajarlap, has-da belent sepgitlere ýetjekdigine bildirilen mynasyp ynam bolupdy.

Şol pursatlarda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen söhbetdeş bolup, Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek II Halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş etmegi arzuw edip, olara ak pata beripdi.

Milli Liderimiziň atly jigitlere beren ak patasy, bildiren belent ynamy bu toparyň agzalaryny ganatlandyrypdy, jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrypdy. Şol uly ynam bilen hem olar ýola düşüpdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamyny ödemegi başaran «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzybir agzalarynyň şowly çykyşlary, gazanan uly üstünlikleri ýene-de dünýä ýaň saldy. Sirk sungatynyň «ýyldyzlary» diýen hormatly hem buýsançly ady ýene-de berkitmegi başaran bu toparyňagzybir agzalarynyň bu uly üstünligi, indi olaryň halkaraderejesindäki gazanan bassyrüçünji ýeňşidir. Olar bu sirk festiwalynyň Baş baýragyna – Altyn Kubogyna mynasyp boldular.

Hawa, bu sirk festiwalyna dünýäniň 20-den gowrak döwletinden iň güýçli sirk toparlarynyň 30-dan gowragy gatnaşdy. Birnäçe günläp dowam eden sirk festiwalynda Türkmenistan bilenbir hatarda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Hytaýdan, Russiýadan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Gollandiýadan, Italiýadan, Ukrainadan, Efiopiýadan, Şwesiýadan, Şweýsariýadan, Azerbaýjandan we beýleki döwletlerden gelen iň güýçli sirk toparlary özleriniň bu sungatyň düzümine girýän dürli-dürli ugurlary boýunça eden täsirli çykyşlary bilen tomaşaçylara hezil berdiler. Ýöne dünýäni haýranda goýýan nurana, gyzdan gylykly, duýgur ahaltekeatlary sirk gümmeziniň astyndaky sahnada peýdabolup ugranlaryndan tomaşaçylaryň hem, eminleriň hem gozgalaňy artýardy. Sirk sungaty ugrundantanymal, tejribeli hünärmenleriň 13-üsinden ybarat bolaneminler toparynyň adalatly bahalary netijesinde türkmen atly jigitleriniň – «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çykyşlary beýleki toparlaryň çykyşlaryndan has öňe saýlandy. Olaryň at üstündäki milli oýunlarynda görkezýän täsinden-täsin, çylşyrymly çykyşlary her gezekde şowhunly hem dowamly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Şowly çykyşlar halkara festiwalyň jemleýji gününde Baş baýrak – Altyn Kubok bilen mübäreklendi. Şonuň ýaly-da olar bu üstünlikli çykyşlary üçin 2016-njy ýylda Monte-Karloda geçiriljek Halkara sirk festiwalyna çakylygy-da alypdylar.

Atly türkmen jigitlerimiziň çykyşlary ýene-de dünýäni haýranda goýdy. Festiwal tamamlanansoň hem olaryň çykyşlaryna höwes bildirenleriň sany az bolmady. Bu barada «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hünärmeni, bu festiwalyň geçişiniň gözli şaýady Kerimguly Bäşimow ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär:

«Hytaý – uly ýurt. Ilaty-da şonça. On günden gowrak wagt içinde festiwala gatnaşyjy toparlaryň çykyşlaryna ilatyň belli bir bölegi tomaşa edip bildi. Biziň toparymyzyň çykyşlaryna bolan islegiň, höwesiň diýseň uludygyna biz şol ýerde bolanymyzda doly göz ýetirdik. Hytaýlylar hem ahalteke atlarynyň ölemen aşygy. Bu festiwaly guraýjylar, ýerli wekiller biziň toparymyza uly baha berdiler. Olar biziň toparymyza Hytaýda uzakmöhletleýin çykyş etmek barada teklip etdiler. Eger-deolaryň bu islegleriamala aşaýsa, onda, ahalteke atlarynda çykyş edýän jigitleriň täsin hem diýseň çylşyrymly çykyşlaryna hytaý halkynyň köp böleginiň tomaşa etmäge mümkinçiliginiň boljakdygyny bellediler. Muňa biziň begenjimiziň çägi bolmady. Çünki sirk sungatynyň üsti bilen behişdi ahalteke atlarymyzyň şan-şöhratynyň, at-owazasynyň dünýä has-da giňden ýaýylmagyna GahrymanArkadagymyz uly mümkinçilikleri döredip berýär. Şol mümkinçilikler biziň sirk toparymyzyň her gezekki şular ýaly çykyşlarynda äşgär görünýär. Şeýle uly mümkinçilikleriň döredilip berilmegi netijesinde bu sungatyň üsti bilen özge ýurtlaryň halklarynyň ýüreginde-de uçmahy ahalteke atlaryna bolan çäksiz söýgi döredilýär. Şoňa görä-de bu ugurda, umuman, atçylyk ugrunda döredilýän asylly hem mübärek işlere, goldaw-hemaýatlara tüýs ýürekden buýsanýarys. Ýurdumyzda atçylyk sungatyny ös- dürmekde alyp barýan asylly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza özümiziň alkyşly sözlerimizi aýdýarys...».

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde bagtyýar raýatlarymyz ýurdumyza şan getiren, abraý getiren, toý habaryny getiren şatlykly wakanyň şaýady boldular.

Eýsem, bu buýsançly habarnireden geldi?! Ýürekleri heýjana getiren habar Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinden gözbaş alyp gaýdýar. Geliň, indi şol ýerlere az-kem hyýaly syýahat edeliň!

Alp daglaryÝewropanyň sekiz döwletiniň çäginde ýerleşýär. Şolaryň biri hem Monako Knýazlygydyr. Ýewropa yklymynda ýerleşýän Monako kiçi döwletleriň hatarynda tanalýar. Bu Knýazlyk 1861-nji ýylyň 2-nji fewralynda esaslandyrylypdyr. Ol Ortaýer deňziniňGünorta kenarynda ýerleşip, Günbatary Fransiýa bilen araçäkleşýär. Umumy tutýan meýdanybolsa 208 gektarabarabar- dyr. Ilat sany hem 38 müňden gowrakdyr. Monako Knýazlygynda 3 kommuna bolup, şolaryň biri hem Monte-Karlo şäheridir. Bu şäher 1866-njy ýylda esaslandyrylyp, Şazada Çarlz III hormatyna Monte-Karlo ady dakylypdyr.

Şazada Monak Renýe III sirk sungatynyň diýseň janköýeri bolupdyr.Şonuň üçin hem 1974-nji ýylda Şazada tarapyndan Halkara sirk sungaty festiwaly esaslandyrylypdyr. Ynha, indi hem şondan bäri bu festiwal her ýylyň gyş aýlarynda geçirilip gelinýär. Şazada zenan Stefaniýa şol festiwalyň 2006-njy ýyldan bäri prezidenti bolup gelýär. Ýarymasyry arka atan bu Halkarasirk sungaty festiwalyna dünýäniň iň güýçli sirk toparlary gatnaşdyrylýar.

2025-nji ýylyňýanwarynda 47-nji gezekgeçirilen Halkara sirk sungaty festiwalyna dünýäniň 25 döwleti gatnaşdy. 300-den gowrak sirk artistleri bolsa bu sungatyň dürli ugurlaryndan çykyş etdiler.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagy bu gezekki geçirilen festiwalyň şatlyk-şüweleňini has-da artdyrdy. Bu çärä gatnaşyjylar bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olar: «Bu gezekki festiwala Türkmenistandan atly jigitleriň gatnaşýandygyny eşidip, örän begendik. Dogrusy,oňa sabyrsyzlyk bilen garaşdyk. Dünýä meşhur ahalteke atlaryny görmäge, olary golaýdan synlamaga mümkinçiligimiziň boljakdygyna, gör, nähili şatlandyk. Şol arzuwlarymyz hasyl boldy.Sahnada atly jigitleriň ahalteke atlary bilenuly tizlikde ýerine ýetirýän çalasyn çykyşlary bizi diýseň tolgundyrdy. Dogrusy, «Galkynyşyň» çykyşlary bizi aňk etdi. Şeýle ajaýyp çykyşlary tutuş maşgalasy bilen görmäge gelenler hem az däl. Bizem şolaryň biri» diýip, buýsanmak bilen aýdýarlar.

Biziň toparymyzyň her gezekki çykyşlary uly şowhun bilen garşylandy. Oglan-gyzlarymyzyň uly tizlikdeçapyp barýan atlaryňüstünde ýerine ýetirýän dürli-dürli tilsimleri, çalasyn hem çeýe hereketleri göreni haýrana goýdy. Moskwaly meşhur teatr hem kino aktýory, sirk sungatynyň ussady Ýuriý Nikuliniň ogly Maksim Nikulin hem bu festiwalyň myhmany bolup gatnaşdy. Ol: «Gör, siziň jigitleriňiz nähili batyrgaý hereket edýärler. Aslynda, sirkde atlar bilen işleşmek aňsat däl, ol kyn iş. Ýöne ahalteke atlary bilen işleşmek has-da kyn hem çylşyrymly. Ol irginsiz türgenleşikleri talap edýär. Sebäbisiziň atlaryňyz çapanok, olar «uçýarlar». Onsoň şeýle atlara erk etmek, çalasynlykda olara böküp münmek,üstünde çylşyrymly oýunlaryýerine ýetirmek senden diňe ussatlygy, çeýeligi talap edýär. Siziň atly jigitleriňiz şeýle tärleriň aňsatlykbilen hötdesinden gelmegi başarýarlar. Olar batyr ýigitler. Men olara tüýs ýürekden guwanýaryn. Şonuň üçin hem her gezekki tomaşada olaryň çykyşlaryna ýürekden janköýerlik edýärin» diýip, ýürek buýsanjyny paýlaşýar.

«Galkynyşyň» nobatdaky çykyşy dowam edýärdi. Daşary ýurtly tomaşaçylaryň biri sirkiň sahnasynda çykyş edýän atlylarymyza goluny uzatdy-da, ýoldaşyna garap: «Türkmenleriň atlaram-a şeýlekin owadan welin, olara atlanan jigitleriň milli biçüwdäki eşiklerem diýseň ýaraşykly görünýär. Seret, ol eşikler ýigitleri nähili syrdam, dogumly, edenli, batyrgaý görkezýär. Özara sazlaşyk, gör, nähili ajaýyp» diýip, içki duýgularyny beýan etdi.

Hawa, «Galkynyşyň» her gezekki çykyşlaryna, ahalteke atlaryna bolançäksiz hormat, uly söýgi barada näçe söhbet etseň edip oturmaly. Atly jigitlerimiz Monte-Karloda 47-nji gezek geçirilenHalkara sirk sungatyfestiwalynda beýleki toparlardan üzül-kesil tapawutlanyp, üstünlikli çykyş etdiler. Şeýlelikde, olar festiwalyň ýeňijisi bolup, Altyn baýraga hem-de beýleki ugurlardan gymmat bahaly baýraklaryň ençemesine mynasyp boldular. Monte-Karloda geçirilen 47-nji Halkara sirk sungaty festiwalynda şowly çykyş edip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary bütin dünýä ýaň saldy. Sebäbi sirk sungatynda şu fes- tiwaldan aňyrda başga zat ýok. Şeýdibem, ol dünýäni baglady. Dünýäniň çem- piony boldy.

Bu habar hem ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Bu şatlykly hoş habaryň toý şagalaňy güneşli ýurdumyzda dowam etdi. Gojaman Köpetdagyň ajaýyp künjeginde, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina bolan Arkadag şäherinde, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan şöhratly ýeňşiniň şanyna döwlet derejesinde uludan toý tutuldy. Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky Döwlet sirkinde geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda bu topara hem-de onuň agzalaryna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan pul baýraklary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Galkynyş» milli at üstündäkioýunlar toparynyň seýsi – topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.

Hawa, «Galkynyşyň» ýeňişli menzilleri dowamedýär. Goý, onuň geljekde hem ümzügi öňe bolsun! Ahaltekeatlarynyň sirk gümmeziniň astyndaky çarpaýa galyp edýän täsinligi, aýdym-saza goşup ýerine ýetirýän oýunbazly hereketleri, at üstündäki jigitleriň çylşyrymly çykyşlary ýer ýüzüniň tomaşaçylaryna şatlyk getirsin! Ýene bir buýsançly ýagdaý, ol hem bolsa, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň taryhynyň altyn sahypalary ýene artdy. Dünýäde iň bir abraýly hem ýokary derejeli Monte-Karlodaky 47-nji gezek geçirilen Halkara sirk sungaty festiwalynyň ýeňijisibolmak hem-de onuň Altyn baýragybilen birlikde sirk sungatynyň beýleki ugurlary boýunça birnäçe baýraklara mynasyp bolan- dygy baradaky setirler 2025-nji ýylda dörän şol täze sahypa altyn harplar bilen ýazylar.

Türkmen sirk sungatyny, ahaltekeatlaryny dünýä tanatmakda, ony has-da giňden ýaýmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt, tutuş adamzat ähmiýetli tutumly işleri geljekde hem rowaç- lyklara beslensin!

 

Annabaýram PAÝAÝEW,

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.

 

“Türkmen arhiwi” žurnaly

2025-nji ýyl üçin 25-nji goýberiliş