Täzelikler

Назад

20.06.2025

Ýaş arhiwçileriň VIII tomusky mekdebi

Baş arhiw müdirliginiň işgärleri 2025-nji ýylyň 10-13-nji iýunynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde “Arhiwleriň sanlylaşdyrylmagy we resminamalaýyn mirasyň aýawly saklanylmagy” atly Ýaş arhiwçileriň VIII tomusky mekdebine diňleýjiler hökmünde gatnaşdylar. 

Çäräni, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arhiwi Russiýa Döwlet gumanitar uniwersiteti (Moskwa, Russiýa Federasiýasy) we Al-Farabi adyndaky Gazagystanyň Milli uniwersiteti bilen bilelikde gurady.

Ýerli we daşary ýurtly alymlaryň, bilermenleriň we tejribeçi-hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň maksatnamasy arhiw işlerini sanlaşdyrmak, kanun taýdan kadalaşdyrmak, arhiwleri elektron resminamalary bilen doly toplumlaşdyrmak, olaryň aýawly we uzakmöhletleýin saklanylmagyny üpjün etmek, sanly arhiw resminamalarynyň ulanylmagyny we dolandyrylyşyny guramak meseleleri boýunça umumy okuwlary, seminarlary we ussatlyk sapaklaryny öz içine aldy.

Umumy mejlisde elektron resminamalary saklamak we ulanmak babatynda häzirki zaman meselelerini görkezýän köp sanly mysallar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda ýaş hünärmenler arhiw işi we iş dolandyryşy pudagynda innowasion çözgütler hakda pikir we amaly tejribe alyşdylar.