Täzelikler



Назад
21.06.2025
Ylmy-tehniki taýdan tertipleşdirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi
Ahal welaýatynyň döwlet arhiwiniň işgärleri tarapyndan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginde Ak bugdaý etrabynyň çägine degişli geňeşlikleriň arçynlarynyň we orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda resminamalary ylmy-tehniki taýdan tertipleşdirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatyň dowamynda diňleýjiler Türkmenistanda arhiw işini ösdürmek boýunça kanunçylyk kadalaşdyryjy hukuk namalar, Baş arhiw müdirligi tarapyndan işlenip taýýarlanylýan kadalaşdyryş-hukuk namalar, düzgünnamalar, kadalar, resminamalaryň saklanylmaly möhletleri görkezilen birkysmy sanaw bilen tanyşdyryldy.
Şeýle-de, döwlet arhiwiniň hünärmenleri tarapyndan arhiwçileriň hünärlerini kämilleşdirmek boýunça degerli maslahatlar berildi. Maslahatyň dowamynda ýerlerde iş dolandyryşy guramak, işleri emele getirmek, işleriň at ýazgysyny düzmek, resminamalary ylmy tehniki taýdan işläp düzmek, pudaklaýyn arhiwlerde resminamalaryň abat saklanylmagyny üpjün etmek we tertipleşdirmek boýunça pikir alşyldy.