Täzelikler



Назад
24.06.2025
Güneşli Türkmenistanyň saýrak bilbili
(Türkmen opera aýdymçysy, pedagog, Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijilik ýoly hakynda)
Türkmen halkynyň Milli Lideri
Gurbanguly Berdimuhamedow:
«Wagt geçer. Şu günki döreden maddy we ruhy
gymmatlyklarymyz umumadamzat medeni ösüşiniň
göwher gaşyna öwrülip, dünýä medeniýetiniň töründe
orun tapar. Medeni baýlyklary dörediji medeniýet, sungat,
döredijilik işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň, alymlaryň
atlary bagtyýarlyk döwrümiziň altyn sahypalaryna
siňip, edil parlak ýyldyzlar kimin ýyl geçdigiçe
nuruny artdyrar».
Mukaddes Garaşsyzlyga eýe bolan Türkmenistanyň medeniýetiniň we sungatynyň galkynan döwri öz gözbaşyny 2008-nji ýyldan alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň 2008-nji ýylyň ýanwar aýynyň 19-na medeniýet, sungat işgärleri we döredijilik intellegensiýasynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda sagdyn ruhly, kalby tämiz, geljekde ynamly nesli terbiýelemegi jemgyýetiň öňündäki iň bir wajyp meseleleriň biridigini bellemek bilen, bu ulgamyň wekilleriniň öňünde ýurdumyzyň kino we teatr işini has-da kämilleşdirmek, hususan-da opera sungatyny gaýtadan dikeltmek, teatrlarda häzirki günüň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap oýunlary sahnalaşdyrmak ýaly meseleleri goýupdy.
Şol taryhy duşuşykdan köp wagt geçmänkä gaýtadan dikeldilen opera sungaty öz bol miwesini eçilip, gysga wagtyň dowamynda türkmen halk dessanynyň esasynda goýlan «Şasenem-Garyp» (2008 ý.), nusgawy şahyrymyz Nurmuhammet Andalybyň «Leýli-Mežnun» (2009 ý.) dessanynyň esasynda goýlan operalar sungata, medeni mirasymyza uly sarpa goýýan halkymyza hödürlendi. Operalaryň ilkinji görkezilişine hut Gahryman Arkadagymyzyň özüniň gatnaşmagy bolsa ähli halkymyzda, aýratyn hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinde uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Täzeden galkynan türkmen opera sungaty kem-kemden kämilleşip, «Zöhre-Tahyr», «Görogly», «Magtymguly», «Ýusup-Züleýha», «Aýna», «Saýathan», «Ruhubelentler», «Hüýrlukga-Hemra» ýaly ençeme operalar bu sungata teşne tomaşaçylara ýetirildi.
Aýdym-sazyň muşdagy, sungatyň Hak howandary, türkmen halkynyň Milli Lideriniň medeniýete we sungata beýik sarpasyny halypalary hormatlamakdan başlamagynyň özi bolsa bagtyýar zamananyň iň ajaýyp miweleriniň biridir.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen şeýle uly hormat-sylaga, beýik sarpa mynasyp bolan sungat işgärleriniň arasynda ýurdumyzyň opera we aýdym-saz sungatynyň ösmegine bimöçber goşant goşan halypalaryň biri, Türkmenistanyň halk artisti, döwlet sylaglarynyň ençemesiniň eýesi, ussat opera aýdymçymyz Medeniýet Şahberdiýewa hem bar.
Sungatyň uly-kiçi wekiline goldaw-ýardam bermegi, gündelik aladasyna, borjuna öwrüp, halal zähmetinden lezzet alyp ýaşan halypa barada öň hem birnäçe awtorlar tarapyndan ýazylan makalalaryň bardygyna garamazdan, «türkmeniň saýrak bilbili» hakynda ýene-de bir ýola söhbet etmegi makul bildik. Sebäbi, ömrüni milli saz sungatyna bagyşlan, ussat aýdymçy hem pedagog Medeniýet Şahberdiýewa ýaly sungat ägirtleri, durmuş ýoly ýaşlar üçin nusgalyk mekdep bolan şahsyýetler ýatlanmaga mynasypdyr.
Türkmenistanyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegi we kämilleşmegi üçin öz päk zähmetini gaýgyrmadyk, ömrüniň 68 ýylyny türkmen aýdym-saz sungatyna, kämil nesil terbiýesine bagyş eden zähmet weterany, ussat pedagog Medeniýet Şahberdiýewa öz döwürdeşleriniň aglabasy ýaly durmuşyň ajysynam, süýjisinem mertlik bilen çekmegi başaran merdana zenan.
Hakdan içen sungat ussady 1930-njy ýylyň 23-nji fewralynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde eneden bolýar. Onuň kakasynyň ady – Kadyrberdi, ejesiniň ady bolsa Häsiýet bolupdyr. «...Kakam gaty sowathon, görnükli adamdy diýýärler. Garry atam Şaberdi (şahsyýetini kesgitleýän dokument ýazylanda, nämüçindir Şahberdi bolup gidipdir) Gökdepe söweşine gatnaşypdyr. Kiçijikkäm öýümizde onuň gylyjyny-da görüpdim. Kakam jogapkärli döwlet wezipesinde işläpdir. Raýkom sekretary bolupdyr diýibem eşitdim. Ol ýurdumyzyň dürli ýerlerine işe ugradylypdyr. Men hem jigim Amandurdy Kerkide doguldyk. Kakam-ejem sürgün edilende, men 7 ýaşymdadym...»diýip, ene-atasy hakynda örän ujypsyz maglumatlary bilýän Medeniýet Şahberdiýewa öz ýatlamalarynyň birinde gürrüň berýär.
Hawa, ýowuz ykbalyň emri bilen Medeniýet 7 ýaşyndaka öz 3 ýaşlyja jigisi Amandurdy bilen ýetim galýar. olara ilki Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky ýetimler öýi hossar çykýar. Bir ýyldan soň bolsa beýleki käbir ýetim çagalar bilen bile Kerki şäheriniň çagalar öýüne iberilýär.
Çagalar öýünde terbiýelenýän çagalaryň zehin-başarnyklaryny barlamak maksady bilen 1942-nji ýylda Aşgabat şäherinden baran ýörite topar, saza ukyply gyzjagazy jigisi bilen bile paýtagtdaky Respublikan çagalar sazçylyk mekdep-internatyna alyp gaýdýar. Geljekki ussadyň sungat babatdaky bilimleriniň binýadyny tutan bu internatda, kiçijik Medeniýeti skripka bölümine okuwa alýarlar. Mekdep-internatynda onuň wokal boýunça ilkinji mugallymy bolsa, Geraskina Mariýa Nikolaýewna bolýar.
Makalamyzyň şu ýerinde Medeniýet Şahberdiýewanyň belent adamkärçiligini, mertligini we dogumlylygyny tassyklaýan bir wakany ýatlap geçsek, okyjylarymyz üçin gyzykly bolsa gerek.
Mekdep internatynda okap ýören Medeniýet bu mekdepde terbiýelenýän beýleki çagalara görä ekabyrrak bolansoň, mugallymlara terbiýeçilik işinde güýjüniň ýetdiginden ýardam beripdir. Daşyndan göräýmäge hortapdan inçejik, orta boýly çepiksije gyzjagaz, dogumlylygy we çalasynlygy bilen tapawutlanypdyr.
1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-den 6-syna geçilen gije...Mekdepde terbiýelenýän körpeleriň biri bu gije örän biynjalykly bolup, hälim-şindi oýanypdyr. Her oýananynda-da Medeniýetiň ýanyna gelip, «Meneniýet, Meneniýet (ol onuň adyny dogry aýdyp bilmän, şeýle diýip tutar ekeni), men uklap bilemok, kellämi ýere goýýan welin ýeriň aşagyndan ýöne güwwüldili ses eşidilip dur» – diýip, oňa gorkýandygyny duýdurypdyr. Her gezek arz edip gelen oglanjygy köşeşdirip, ýerinde ýatyryp gaýdýan Medeniýet daşaryk çykyp, töwerege diň salypdyr. Daşarynyň adatdan daşary ümsümligi Medeniýeti hem ynjalykdan gaçyrypdyr. Oglanjyk soňky gezek gelip, gorkýandygyny aýdyp ýetişmänkä bolsa, birden güýçli ýer yranyp, mekdebiň diwarlary çat açyp başlaýar. Birbada aljyrasa-da, derrew özüni ele alan Medeniýet nobatçy mugallymlary we çagalaryň ekabyrraklaryny oýaryp, olar bilen bilelikde has kiçijikleri halas etmek üçin, ýorgan-düşekleri mekdebiň basgançaklarynyň üstüne oklaşdyryp, ýarym ukuda ýatan körpeleri basgançakdan daşaryk togalaberipdirler. Iň soňunda, gije ýatman arz edip gelen ýaňky çagajygy bukulyp ýatan ýerinden halas edip daşyna çykaranlarynda, mekdebiň opurylyp gaýdan diwarlary üýşmek kesek bolup ýatyrdy...Ynha şeýdip, 13-14 ýaşlaryndakyja kiçijik gyzjagaz mekdep internatynda terbiýelenýän 300-den gowrak çagany dogry gelen ajaldan halas edýär...
Medeniýet Şahberdiýewanyň zähmet depderçesiniň göçürmesindäki resmi ýazgylara salgylansaň, halypanyň ilkinji zähmet ýoly 1949-njy ýylda heniz sazçylyk mekdep-internatynda okaýarka başlanypdyr. Şol döwürler ýaňy 14-ni dolduran çepiksije gyzjagaz, okuwdan soň internatyň ýüzlerçe ýetim çagalaryna enekelik edip, olara hossarlyk duýgusy bilen gurşap alypdyr. Öz mugallymy, çagalary enelik mähri bilen çoýan pedagog Anna Iwanowna Şwanowanyň görüm-göreldesi bolsa, gyzjagazyň çaga kalbynda öçmejek yz goýýar we onuň gursagynda geljekde mugallym bolmak arzuwyny şineledýär.
Internatda okaýan döwürleri özi ýaly çagalaryň arasynda seýrek duş gelýän zehini bilen tapawutlanan Medeniýet, takyk ylymlaryna degişli sapaklaryny aňsatlyk bilen özleşdirmegi başarypdyr. Gyzjagazyň bu ukybyna bil baglan mugallymlar, mekdep-internaty üstünlikli tamamlan Medeniýeti mugallymçylyk institutynyň fizika-matematika fakultetine okuwa ugradýarlar. Emma özdiýenli Medeniýet Mugallymçylyk institutyna okuwa girmeýär-de, resminamalaryny umumy esasda Sazçylyk uçilişşesiniň skripka bölümine tabşyrýar. Synaglar tamamlanyp, okuwa kabul edilenleriň atlarynyň sanawy çykanda, Medeniýetiň ady skripkaçylar toparynyň sanawynda ýokdy. Bu ýagdaýa lapykeç bolan hem bolsa, bilim almak höwesi Medeniýeti Türkmen döwlet uniwersitetiniň gapysyndan eltýär. Uniwersitetiň matematika fakultetine okuwa girmek üçin synaglary üstünlikli tabşyran Medeniýet Şahberdiýewa, şol wagt uçilişşäniň mugallymlary tarapyndan özüniň gözlenýändiginden bihabardy...
Saza we takyk ylymlara bolan zehinine, özüne maýyl ediji owadan sesine haýran galan kabul ediş toparynyň agzalary ony uçilişäniň skripka bölümine däl-de, wokal bölümine okuwa kabul edýärler. «Hut şol gündenem meniň opera sungatyndaky ýolum başlandy» – diýip ussat ýatlamalarynyň birinde ýazýar.
Bu orta hünär mekdebinde bary-ýogy bir ýyl okan Medeniýetiň ýiti zehinine uly baha berlip, uçilişşäni tamamlandygy barada şahadatnama berilýär. Şeýlelikde, uçilişşäniň birinji ýyl talyby birbada uçurym bolýar duruberýär. Ol Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwa-toriýasyna okuwa iberilýär.
Konserwatoriýa okuwa girişi hakynda Medeniýet Şahberdiýewa şeýle gürrüň berýär: «1950-nji ýylda sazçylyk uçilişşesini tamamlap, konserwatoriýa girjek diýip, Moskwa tarap ýola düşdim. Emma ýolda bir düşnüksiz kesele ýolugyp, keselhanada bejergi almaly boldum. Şeýdibem, konserwatoriýa gijigip bardym. “Okuwa giriş synaglary tamamlanyp barýar, sen yzyňa gidiber” – diýdiler. “Gaýtman” – diýdim. Göni rektoryň huzuryna bardym. “Men näme üçin şu sesim bilen okuwa girmeli dälmişim. Meň sesim dünýäde iň mylaýym, güýçli ses ahyryn” – diýip ynamly aýtdym (elbetde, ýaşlyk döwrüniň badyhowalygydyrda). Rektor äýnegini burnunyň üstüne getirip, aşakdan ýokarlygyna seredip, “Sen nireden geldiň?” – diýdi. “Güneşli Türkmenistan-dan” – diýip, buýsanyp jogap berdim. Meniň dogumlylygym rektora täsir etdimi nämemi, dessine synag alyp ýören professor-mugallymlary ýanyna çagyryp, “Şuny diňläň” – diýdi. Mugallymlar çalyp ugradylar. “Bagyşlarsyňyz welin, ine, şu taýyny galdyryp gitdiňiz, bu taýyny eýtdiňiz, bu taýyny beýtdiňiz” – diýip, taşlanyp ýa ýüzleý çalnan notalaryň baryny ýatdan aýdyp berdim. Rektor: “Muny okuwa hökman kabul etmeli, sesi gaty üýtgeşik eken. Ine, biziň sahnamyzyň geljekki Rozinasy” – diýdi. “Özem talyplara 20 manat talyp haky tölenýän bolsa, saňa 50 manat berler” – diýdi. Ine, şeýdip talyp boldum».
Medeniýet Şahberdiýewa 1951–1956-njy ýyllarda Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasynda okaýar. 1954-1956-njy ýyllarda talyp Medeniýet Şahberdiýewa okuwy bilen utgaşyklylykda Türkmenistanyň döwlet filarmoniýasynyň I derejeli solisti wezipesinde işleýär.
Konserwatoriýada Medeniýet Şahberdiýewany aýdym-saz dünýäsine çuňňur aralaşdyran janypkeş halypasy bu ýokary okuw mekdebiniň ussat mugallymy Wiktoriýa Fýodorowna Roždestwenskaýa bolýar. Aýdymda hiç haçan galplyga-galatlyga ýol bermeýän pedagogdan, talapkär halypasyndan tälim alan Medeniýet, bu okuw jaýyny tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Belli italýan kompozitory Dž. Rossininiň «Siwil dellegi» operasyndaky baş gahryman Rozina onuň diplom işi bolýar. Operada oýnan bu keşbi örän şowly bolan Medeniýet, bu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge gelende konserwatoriýanyň rektorynyň bildiren ynamyny aňryýany bilen ödeýär.
Edil uçilişşede bolşy ýaly, bu ýerde-de oňa «Türkmen bilbili» diýip at beripdirler.
Beýik Watançylyk urşunyň başlanandygyna garamazdan, 1941-nji ýylyň oktýabrynda açylan Türkmenistanyň Opera we balet teatry halkyň höwes bilen barýan medeniýet ojagyna öwrülýär. Teatryň goýýan oýunlary adamlaryň çökgün göwünlerine teselli berýärdi. Türkmen zenan aýdymçylarynyň ilkinjileriň biri bolup teatrda çykyş edip başlan Annagül Annagulyýewa we Maýa Kulyýewa dagy ençeme görnükli sungat ussatlarymyzyň halypasy bolýarlar. Şol şägirtleriň arasynda Medeniýet Şahberdiýewa hem bardy.1957-nji ýylda Medeniýet Şahberdiýewa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky opera we balet teatryna işe gelýär. Onuň teatra işe gelişi we sahnada ýerine ýetiren keşpleri hakynda Türkmenistanyň Gahrymany, opera sungatynyň ussady Maýa Kulyýewa şeýle ýatlaýar: «...Maýa Şahberdiýewna (Heniz mekdep internatynda okaýarka, rus milletinden bolan çagalar onuň adyny özleriçe aňsatlaşdyryp, Maýa diýip tutupdyrlar. Şondan bäri hem resmi maglumatlarda onuň ady Medeniýet bolsa-da, il arasynda adygan, hat-da onuň «saýrak bilbil» hökmünde dünýäde tanalýan ady Maýa bolupdyr) bu teatra rus opera eserlerine taýynlykly geldi. Ýöne milli opera teatrynda işlejek bolsaň, öz operalaryňy-da hökman bilmelidi. Şoňa görä-de, Maýa ilkibaşda Şasenemiň, Leýliniň keşplerini berdiler. Opera sungatynda hemme artist hemme keşbi ýerine yetirip bilenok. Her kime sesine görä keşp ynanylýar. Maýanyň sesi koloraturaly soprano bolansoň, oňa köplenç «Trawiata», «Rigoletta» ýaly ýokary belentlikde aýdylýan operalary berýärdiler.
Maýa Şahberdiýewna owadan hem özboluşly ýokary sesi bilen halka özüni söýdürdi. Ýer ýüzüniň köp ýerinde, önki soýuz respublikalarynyň ählisinde çykyş edip, turkmen milli sungatymyzy görkezdi. Öz medeniýeti, sowady we başarnygy bilen türkmen sungatyny äleme ýaýdy...».
Bu teatryň sahnasynda goýlan operalarda, spektakllarda dürli keşpleri ynandyryjylykly ýerine ýetiren, her bir sahnalaşdyrylýan oýnuň şowly çykmagy üçin janaýamazakly zähmet çeken, öz saýlap alan kärine irginsiz yhlasyny siňdiren ussat aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewa şägirtlikden halypalyga ýetişýär.
Milli opera sungatynyň ussady Maýa Şahberdiýewa teatryň sahnasynda
Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasynda Şasenemiň, Daňatar Öwezow bilen A.Ý.Meýtusyň «Leýli-Mejnun» operasynda Bibiniň, Weli Muhadow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Kemine we kazy» operasynda Ogulbegiň, Aman Agajykowyň «Saýathan» operasynda Selbinýazyň, Weli Muhadowyň «Ganly saka» operasynda Aýlaryň, J.Rossininiň «Sewil delleginde» Rozinanyň, Pýotr Çaýkowskiniň «Garahal gelin» operasynda Prileppanyň we başga-da birnäçe keşpleri ýerine ýetirip, türkmen aýdym-saz sungatynyň saýrak bilbiline öwrüldi.
Medeniýet Şahberdiýewa teatrda işlän döwürleri magşuk gyzyň keşbini ýerine ýetirmeli bolupdyr. Şonda köplenç onuň «aşyk ýigidiniň» keşbini Türkmenistanyň halk artisti Aýdogdy Gurbanow ýerine ýetiripdir. Ussat aýdymçynyň zehinli aktrisa bilen işleşen ýyllary baradaky ýatlamasynda şeýle sözler bar:
– Men Maýa bilen 20 ýyl töweregi bile işleşdim. Ol Moskwanyň P.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasyny menden üç ýyl öň gutaryp gaýtdy. Soň Hytaýa gitdi, soň Kiýewiň konserwatoriýasynda işledi. Ýalňyşmasam, TSSR-iň 40 ýyllygynyň ýubileýiniň bellenýän günleridi. Bu çärä ähli respublikalardan artistler gelende, Maýa-da Ukrainadan gelip, çykyş etdi. Şondan soň ony yzyna ibermediler. Beýle zehin özümize gerek diýip alyp galdylar.
Operada işlänimizde, meniň Leýlimem, Şasenemimem, Zöhrämem, Saýathanymam Maýa bolupdy. Maýa türkmen zenan aýdymçylarynyň iň belent seslisidir. Ol diňe bir ökde opera aýdymçysy däl-de, mugallymçylyga-da gaty zor eken. Men konserwatoriýa işe gelip, muňa göz ýetirdim. Ussadyň tälimini alýan ýaşlaryň aýdym aýdyşyna gaty göwnüm ýetýär. Olar çylşyrymly ariýalary-da kemsiz-köstsüz ýerine ýetirip bilýärler...
Tejribe topladygyça sungat diýen syrly älemiň gujagynda özüni erkana duýan Medeniýet Şahberdiýewanyň bilimi barha artyp, kämillik derejesine ýetipdir. Polşa (1955 ý.), Germaniýa Federatiw Respublikasy (1955 ý.), Hytaý Halk Respublikasy(1956 ý; 1958 ý.), Kanada (1967 ý.), Russiýa Federasiýasy (1970 ý.), Fransiýa (1978 ý.), Şwesiýa (1990 ý.), Hindistan ýaly döwletlerde saparda bolan meşhur aýdymçy, sapara örän taýýarlykly gidipdir: barýan ýurdunyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini öwrenipdir. Haýsy ýurda barýan bolsa, şol ýurduň aýdymyny hem milletiniň öz dilinde öwrenipdir. Hytaý, fransuz, ukrain, iňlis dillerini suwara bilipdir.
Ol dünýä belli opera aýdymçysy Pawel Lisisian bilen bilelikde türkmen sahnasynda J. Werdiniň «Trawiata» operasyny ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Şeýle hem, Ý. Serkebaýew, N. Krumm, Ý. Kibalo, A Maslen-nikow, W. Menjelkiýew, I. Jafarow, L. Imamow ýaly opera sahnasynyň ussatlary onuň partnýorlary bolup çykyş edipdirler. Ol Ýewropa we milli aýdym aýdylyş usullaryny deň derejede nusgawy ýerine ýetirip, dünýä meşhurlygyny gazanmagy başaran ussat. Özüne mahsus bolan tebigylyk, erkinlik, aýdýan aýdymyny ýüreginden syzdyryp joşgunly aýtmak başarnygy ony dünýä tanatdy. Bu günki gün Medeniýet Şahberdiýewanyň ady dünýäniň ady belli wokal mekdepleriniň meşhur aýdymçylarynyň hatarynda tutulýar.
Aýdym-saz ugrundan bilim-sowady ýetik Medeniýet Şahberdiýewa konsertlerde üstünlikli çykyş edip, talapkär tomaşaçylaryň göwnünden turmagy başarypdyr. Onuň döredijiliginde belli rus kompozitory Aleksandr Alýabýewiň tanymal «Bilbil» romansy aýratyn orun tutupdyr. Ussat kompozitoryň «Soloweýini» («Bilbil» aýdymyny) ýerine ýetiren SSSR-iň öňki «bilbilleriniň» arasynda «türkmeniň saýrak bilbili» Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdyş tilsimi arassa we şirinden owadan owazy bilen tapawutlanypdyr. Bu bolsa sesini bokurdagynda gaýnadyp, göýä bilbil ýaly «saýramagy» başaran aýdymçynyň öz-özüne bimöçber talapkärliginden, sowatlylygyndan nyşandyr.
Türkmenistanyň aýdym-saz sungatynyň meşhur wekilleri A. Gur-banow, M. Diwanaýew, G. Nazarow, A. Garýagdyýew, A. Igliýew dagy öz ýatlamalarynda dünýä belli aýdymçynyň belent adamkärçilik sypatlaryny, pespälligini, zähmetsöýerligini aýratyn belläp geçipdirler.
Pedagogik ylymlaryň kandidaty Aşyr Keşşikow bolsa, opera sungatynyň ussady barada söz açylanda:
– Maýa Şahberdiýewnany geçen asyryň ellinji ýyllaryndan bäri tanaýaryn. Onuň spektakllaryna höwes bilen barardym. Ýokary sesi bar. Onuň ýaly sesini bokurdakda gaýnadyp bilýän adama men heniz duşamok. Ol tükeniksiz sesi bilen tomaşaçyny özüne bendi edýärdi. Oňa türkmeniň Bilbili däl-de, dünýäniň bilbili diýmeli. Ol dünýä özüni tanatdy, dünýä özüni söýdürdi, şeýdibem tutuş Türkmenistanyň opera sungatyny äleme äşgär etdi. Italiýa operanyň dörän ýeri, aýratyn hem Milan şäheri onuň merkezi, ojagy hasaplanýar. Men-ä Maýa Şahberdiýewnany Milanyň ussatlaryndan artyk görmesem kem göremok. Ol dünýä operasynyň ussatlaryndan birjik-de kem oturanok – diýip, uly buýsanç bilen ýatlaýar.
Hawa Medeniýet Şahberdiýewa sungatyň enesidi. Ol halkyň adamsydy. Diňe bir paýtagtymyzda, teatryň sahnasynda, telewideniýede, radioda çykyş etmek bilen çäklenmän «türkmeniň saýrak bilbili» ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem döredijilik saparlarynda bolup, öz aýdymlary bilen diňleýjileriň aýdym-saza teşne göwünlerini gandyrmagy başarypdyr.
Bu barada Balkan welaýatynyň ýasaýjysy Orazjemal Altyýewanyň žurnalistleriň birine beren gürrüňinde şeýle sözler bar:
– Altmyşynjy ýyllarda Aşgabatda okaýarkak, opera barardyk. Maýa Şahberdiýewna ýaly ýokary sesli aýdymçy göremok. Onuň sesine gutarma ýokdy, tükeniksizdi, şo-o-ol owazlandyryp, owadanlap, gaýnadyp durandyr, gaýnadyp durandyr... Ol halkyň arasyna gidibem, kolhozlarda, klublarda kän çykyş ederdi. Radioda, telewideniýede hem onuň aýdymlaryny kän goybererdiler. Inçe billije, garaja saçly, edil gurjagyň bar-da! Ol türkmen operasyny, türkmen simfoniýasyny belende galdyran ussat.
«Türkmen bilbili» diýip, halkymyz tarapyndan ykrar edilen, hakdan içen ussat aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewa dünýä kompozitorlarynyň döreden guşlar hakyndaky aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Opera çykyşlary-da, ýekelikdäki çykyşlary-da, kamera orkestri bilen bilelikde ýerine ýetiren aýdymlary-da aýdylyş aýratynlygy, kämil owazlylygy, hyjuwly joşgunlylygy, tehniki taýdan takyklygy, arassalygy we başga-da ençeme özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ol Türkmenistanyň at gazanan artistleri, belli kompozitorlar we sazandalar W. Sapegin, H. Allanurow, S. Mämiýew bilen bilelikde birnäçe halk aýdymlaryny gaýtadan işledi. Onuň ýerine ýetiren we biziň günlerimizde-de uly isleg bildirilip diňlenilýän «Selbinýaz», «Gelsin», «Öwezim», «Ýaşylbaş», «Galmanam», «Hemrahym», «Dutaryň owazy», «Kerem geldi», «Dilberim», «Balsaýat», «Sen-sen», «Gözleriň», «Göwnüm seni», «Gitdim», «Nowbahar gyzym», «Ne bag duýdy, ne bagban» diýen aýdymlary täze röwüşde ýaňlanyp, halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Halypa aýdymçynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren «Aşgabat», «Durnalar», «Arzuw», «Ýagma bulut», «Daň şemaly», «Magşuk gyzyň aýdymy», «Türkmenistanym», «Kepderi», «Ýara salam», «Eje jan», «Gumly gelin», «Söýgimi sözläýin», «Gözlär men» ýaly aýdymlary türkmen aýdym-saz sungatynyň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär.
Halkyň kalbynda şahyrana eserleri bilen müdimilik orun alan şahyrlar Gurbannazar Ezizowyň, Gara Seýitliýewiň, Geldi Bäşiýewiň we türkmen poeziýasynyň beýleki wekilleriniň goşgulary milli saz sungatymyzyň wekilleri Nury Halmämmedowyň, Rejep Gutlyýewiň, Nury we Weli Muhadowlaryň, Weli Ahmedowyň, Aman Agajykowyň we ençeme beýleki ussat kompozitorlarymyzyň sazyna düzülen aýdymlaryna millilik äheňini çaýyp, diňleýjilere ýetirmegi başaran Medeniýet Şahberdiýewanyň ady türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy.
Medeniýet Şahberdiýewa kompozitor Nury Halmämmedow bilen ýakyn döredijilik aragatnaşygyny saklap, kompozitoryň ýazan romanslaryny, aýdymlaryny ýokary başarjaňlyk bilen ýerine ýetiripdir. Milli we dünýä saz sungaty barada düýpli, fundamental bilimi bolan zehinli aýdymçy aýdymy nähili derejede aýtmalydygyna, oňa nähili çemeleşmelidigine aňryýany bilen düşünýär. Şoňa görä-de ussadyň ýürek josgunydyr näzik duýgulary arkaly eseriň düýp özenine aralaşyp, ony kompozitoryň isleýşindenem artyk gözellige we kämillige gaplan aýdymlaryny diňlän diňleýji ol aýdymy, ol owazy asla unutmaýar.
Durmuş we döredijilik ýolunda şeýle ägirtler bilen döredijilikli işleşmegiň nesip edendigi üçin ol öz ykbalyndan razydy:
– Sungata bagyşlan ykbalym ajaýyp şahyr Gurbannazar Ezizow bilen duşurdy. Gurbannazar bilen kompozitor Nury Halmämmedow dost bolansoň, olar hemişe diýen ýaly bile tirkeşýärdiler. Daşyndan seredeniňde, iki dogana çalym edip duran şahyr bilen kompozitor diňe poeziýa, diňe sungat üçin doglan ýalydy.
Bir gezek Nury bilen Gurbannazar bize myhmançylyga geldiler. Nurynyň ruhy belentdi. Ol joşup gürleýärdi, öz başyndan geçiren gülküli-degişmeli wakalaryny gürrüň berýärdi. Hemişe diýen ýaly aladaly görünýän gözlerinden mähir uçganaklaýardy. Gurbannazar adaty endigine eýerip dymýardy. Mawy gözlerini Nura aýlap gülümsireýärdi. Ol bolsa, keýpiköklük bilen gürleýärdi. Nurynyň häsiýetine belet bolamsoň, men sesimi çykarmadym. Nury hemişe täze saz ýa-da aýdym döredende joşýardy. Şol pursat ony diňe öz erkine goýmalydy. Çenim çen bolsa, bu gezegem şeýle bolmalydy. Içki pikirim meni aldamandyr, ol täze aýdym döredipdir. Onda-da öz şahyr dosty Gurbannazaryň «Türkmen sährasy» atly goşgusyna saz ýazypdyr. Eden işinden göwni çaglanan Nury maňa täze aýdymyň notalaryny berdi. Elim degen wagty bu notalary içgin öwrenmegi haýyş etdi. Gurbannazaryň şol öňki bolşy. Ol öz goşgusyna saz ýazylan şahyra meňzemeýardi. Onuň mähirli garaýşynda çekinjeňlik bardy.
Nurynyň haýyş edişi ýaly notalary içgin öwrenmäge başladym. Näçe wagtyň geçendigini bilemok, ýöne bu täze aýdym meni jadylapdy. Hyýalymda türkmen sährasynyň gözelligi janlanypdy. Daň ataryna howlukdym. Aýdym-saz döretmek bilen meşgul bolup oňly ukusyny-da alyp bilmeýän Nury meniň daň-säherdäki jaňyma geň galmady. Men oňa bu aýdymyň ýerine düşendigini buşladym.
Bu wakadan köp wagt geçmänkä biz täze aýdymy halypa gyjakçy Annageldi Jülgäýewiň ýolbaşçylyk edýän halk saz gurallary ansamblynyň sazandalary bilen ýazgy etdik. Ýazgy ýerine düşdi. Şol günleriň birinde meni Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde konsert bilen çykyş etmäge çagyrdylar. Aýdymçy üçin Pariž şäherinde çykyş etmek uly abraý. Köňlüme ýakyn aýdymlarym taýyn. Gysga wagtyň içinde köpleriň söýgüli aýdymyna öwrülen «Türkmen sährasy» atly aýdymy-da bu konserte goşmaly. Talapkär fransuz sungat muşdaklaryny haýran galdyrar derejede taýýarlyk görmelidigine düşünýärdim. Onsoň Bäherden etrabyna gidip, eli çeper gelin-gyzlaryň dokaýan keteni matasynyň birnäçe görnüşini satyn aldym. Reňkini türkmen tebigatyndan alan keteniler bu aýdym bilen sazlaşýardy. Öwüşgin atyp lowurdaýan ketenilerde türkmen tebigatynyň gözelligi bardy.
Hemme zat şowuna bolup, biz ýola düşdük. Ynha, ady rowaýata öwrülen Parižiň meşhur konsert zaly. Ajaýyp saz ýaňlanyp başlady, men keşdelenen keteni köýnekde sahna çykýaryn. Aýdymyň ilkinji bendi ýaňlananda joşgunly el çarpmalardan ýaňa tas aljyrapdym. Türkmen gyjagynyň owazyna, türkmen sährasy baradaky aýdymy türkmen aýdymçysy aýdýar. Joşgunly el çarpyşmalar. Ter bägülleriň gujak-gujak çemenleri. Ýatdan çykmajak ajaýyp pursat. Konsert üstünlikli tamamlandy. Ýöne gözlerim kalby türkmen sährasy ýaly gözel bolan şahyr Gurbannazar Ezizowy gözleýärdi. Men onuň hem şeýle ýatda galyjy pursatlarda ýanymda bolanyny isleýärdim. Ýöne ol menden uzakdady.
Medeniýet Şahberdiýewanyň «Türkmen sährasy» atly aýdymyny aýdym-sazy özleriniň hemrasy hasaplaýan hindi halkynyň öňünde ýerine ýetirişi hakyndaky ýatlamasy has-da täsirli. Hindistana sapara gitmeli boljakdyklary belli bolanyndan, gursagynda Watanyna bolan söýgüsi joş urýan halypa aýdymçymyzyň serine gelen pikir, ony heýjana salýar. Onda aýdymyň sözlerini milli lybaslarymyz bilen utgaşdyryp, Watanymyzyň giň sähralyklarynyň gözelliklerini tomaşaçylara ýetirmek duýgusy oýanýar.
Ynha-da hindi sahnasynda «Türkmen sährasy» aýdymynyň akgynly owazy ýaňlanyp başlaýar. Aýdymyň birinji bendiniň dowamynda aýdymçy mikrofonlary «gerek däl» diýen terzde bir gapdala süýşüren bolup, dürli hereketleri edip, bir eýläk, bir beýläk ýöreýär. Tomaşaçy birbada onuň hereketlerine düşünmändir. Ýyllap tans ansamblyna gatnap, tans hereketleriniň inçe tilsimlerini öwrenen Medeniýet Şahberdiýewanyň bolsa bar niýeti, mylaýym ses, tertipli tans hereketleri we egnindäki milli lybaslarynyň üsti bilen milli senedimizi wagyz etmek bolupdyr...
– Birinji bent tamamlanyp, ikinji bent başlanýaram welin, meniň sesimem duýdansyz gatalýar, hereketlerem sese görä üýtgeýär. Eger men birinji bentde türkmen tebigatynyň gözelligini, oňa çäksiz söýgümi görkezmäge çalşan bolsam, ikinji bentde diýarymyzyň gojaman, keremli daglarynyň haýbatyny, häsiýetini, görküni-görmegini göçgünli terzde buýsanja eýläp, ýokary ses bilen beýan edýärin –diýip ýatlaýar.
Hawa, Watan gymmatyny ähli baýlyklardan ýokarda goýan «Türkmen bilbili» özge ýurtlara, düşewüntli işlere çagyrylanda-da: – Dutar-gyjagymyzyň şirin mukamyny, joşgunly sazlaşygyny taşlap niräk gideýin, onsuz neneň ýaşaýyn –diýer ekeni. – Men öz ýurdumyň tebigatyny, öz ýurdumyň yssysyny-sowugyny, tozanyny-tozuny hiç bir genji hazyna-da çalyşman –diýen, watansöýüjiligi, ene topragymyza bolan çäksiz söýgüsi üýtgeşik bolan saz ussadynyň jogaby çürt kesik bolupdyr.
Döredijilik äleminiň gahrymany Medeniýet Şahberdiýewa 1991-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli, tä ömri ötýänçä Türkmen milli konserwatoriýasynda mugallym bolup işleýär. Teatrda ilän ýyllary ol öz gujur-gaýraty, ylham-joşguny bilen tomaşaçylara tükeniksiz şatlyk paýlan bolsa, konserwatoriýada özüni ussat pedagog, talapkär mugallym we aladaçyl halypa hökmünde tanatdy. Bütin ömrüni sungata bagyşlan Maýa Şahberdiýewnanyň 50-ä golaý şägirtleri bolup, olaryň her biri - onuň perzendi. Şeýl eşägirtleriň arasynda bu günki gün öz halypasynyň sungat ýoluny dowam edýän ussat aýdymçy Žanna Saýan hem bar.
Şägirtlerine ene garaýşy bilen bakan halypa şägirdiniň aýtjak zadyny ýüzüňden okap aňşyrmagy başarypdyr. Ynsanperwer hem mährem Tereza ene ýaly elinden gelen kömegini, degerli maslahatyny gysganmandyr. Şägirdiniň, talybynyň nä haldadygyny – kimiň wagtynda iýip-içmändigini, kimiň okuwa aç gelendigini ýüregi bilen syzypdyr we ony dessine naharlamak bilen bolupdyr. Şägirtleriniň bagtyndan lezzet alan, durmuşynyň manysyny şolarda gören halypanyň perzendem, bar alada-ünjüsem tälim berýän ýaşlary bolupdyr.
Saz saýlamagy ökdelik bilen başaran sungat ussadynyň saza düsünişi, ony syzyşy örän üýtgeşik bolupdyr. Bu bolsa onuň häsiýetiniň ýene-de bir artykmaç tarapyny açyp görkezýär. Ol öň adykmadyk ýaş kompozitorlaryň hem sazlaryny batyrgaýlyk bilen alyp, şägirtlerine öwredipdir. Şol saz arkaly hem nätanyş kompozitory köpçülige tanadyp, onuň geljekki döredijilik ylhamyna badalga beripdir.
Milli hem dünýä opera eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirendigi üçin Medeniýet Şahberdiýewa 1964-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1967-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti», 1975-nji ýylda bolsa «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar. Şeýle hem ol «Hormat nyşany» ordeniniň (1970 ý.), «Halal zähmeti üçin» medalynyň we «Zähmet gyzyl baýdak» ordeniniň (1971ý.), «Halklaryň dostlugy» ordeniniň (1980 ý.), «Zähmet weterany» medalynyň (1987 ý.) eýesidir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 24-nji fewralynda gol çeken Permanyna laýyklykda bolsa, Türkmenistanyň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şol ýyl 80 ýyllyk ýubileý toýuny toýlan Medeniýet Şahberdiýewa «Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen sylaglanýar.
Ömrüni sungata bagyş eden ynsanyň şahsy durmuşy hem özüniň sadalygy ýaly örän ýönekeý, emma mähir-muhabbete ýugrulan, hormat-sylaga mynasyp bolupdyr. Türkmeniň saýrak bilbiliniň durmuş kitabynda bu barada örän ujypsyzja şeýle maglumatlar bar: ol Moskwanyň Döwlet konserwatoriýasynda bile okan ýoldaşlarynyň birine durmuşa çykýar. Onuň goş birikdiren ýigidi hem edil özi ýaly sungatyň adamsydy. Wiolonçel saz guralyna ezberlik bilen erk edip bilýän, dogabitdi zehinli saz ussady bu ugurdan geçirilen halkara bäsleşiklerde ençeme gezek ýeňiji bolýar. Ol diňe bir saz çalmak bilen çäklenmän, eýsem ýaşlara sungatyň inçe tilsimlerini öwretmek bilen hem meşgullanypdyr. Emma okuwlaryny tamamlan ýaşlaryň öňünde, düýpli ýurt tutunmak, bile bir ýerde işlemek meselesi örboýuna galýar. Şonda olaryň biri Ukrainada, beýlekisi bolsa Türkmenistanda ýaşamaly diýen pikirde bolup, belli bir karara gelip bilmändirler. Düşünişmezlik zerarly maşgalasynyň bozulandygyna garamazdan, Medeniýet Şahberdiýewa saz äleminde professorlyk ylmy derejesine ýeten ýanýoldaşynyň her bir gazanýan üstünligine ömürboýy guwanyp ýaşapdyr.
Durmuşda ene bolmak bagty miýesser etmedik hem bolsa, ol köp çagaly ene ýaly, kimsiniň Maýa ejesidi, kimsiniň Maýa enesidi...Ol körpeje çagalary görende, özi dünýä inderenden artykmaç mähir-muhabbet, üns-alada bilen gurşap alardy. Ýüregi päk mährem enäniň gursagynda misli dünýäniň söýgi gory ýerleşen ýaly, ähli ynsanlara, diňe bir ynsanlara däl, eýsem tebigatyň ähli janly-jandaryna söýgüsi , mähri biserhet bolupdyr.
Medeniýet Şahberdiýewada diňe beýik ynsanlara mahsus bolan belent adamkärçilik sypatlary jemlenip, onda hossarsyza hossarlyk etmek, mätäje hemaýat bermek, ýykylany galdyrmak, ejiziň göwnüni tapmak, ajy doýurmak ýaly duýgular biçak ösen bolupdyr.
Ussadyň baý döredijilik mirasy ýaşlara bilim bermek işinde tapylgysyz gollanma bolup, ol Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, professor Nury Muhadow bilen bilelikde 6 bölümden ybarat «Wokalistiň albomyny» döredýär. Has takygy, eseriň döredilen döwründe konserwatoriýanyň wokal bölümine ýolbaşçylyk edýän meşhur türkmen kompozitory bu albomy öz kärdeşi Medeniýet Şahberdiýewa bagyşlapdyr. Hut ussat aýdymçynyň öz haýyşy boýunça döredilen bu alboma girizilen wokalizler aýdym endiklerini özleşdirmekde bahasyz gollanmadyr. Wokalizleri döredýärkä, kompozitor Medeniýet Şahberdiýewa bilen her notanyň, her bir sesiň üstünde duruňp geçipdir. Gollanmada konserwatoriýanyň birinji kursundan, tä soňky kursa çenli talyplaryna aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny öwretmekde ulanar ýaly wokalizler, romanslar, aýdymlar, duetden, kwartetden ybarat ansambllar ýerleşdirilipdir. Sungat äleminiň iki ussadynyň döredijilikli zähmeti, irginsiz yhlasy netijesinde dörän «Wokalizler» türkmen aýdymçylary üçin bu ugurdan ädilen ilkinji ädim bolýar.
Milli konserwatoriýanyň wokal bölüminde bu ugurdan okadýan mugallymlar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýän Nury Muhadowyň 26 aýdymdan ybarat «Garaşsyz döwran» aýdymlar toplumy-da Medeniýet Şahberdiýewanyň haýyşy boýunça döredilýär.
Milli sungatyň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň aladasy bilen ýaşan Türkmenistanyň dünýä meşhur opera aýdymçysy, ussat pedagog Medeniýet Şahberdiýewa 2018-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda 88 ýaşynyň içinde aradan çykýar.
Türkmeniň saýrak bilbili. Türkmeniň Hakdan içen zehinli, öz adyna mynasyp Medeniýeti. Onuň «Medeniýet» diýen ady, türkmen halkynyň aýdym-saz we opera sungatyndaky ýoluny welilik bilen kesgitlän ene-ata tarapyndan bilip dakylypdyr. Ady dünýä ýurtlarynyň ensiklopediýasynda ebedilik orun alan Medeniýet Şahberdiýewa – halkymyzyň milli mertebesi, milli buýsanjydyr. Tükeniksiz owazy, bilim-sowady, ukyp-başarnygy, medeniýeti, edim-gylymy bilen türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýan ussat halypanyň il-ýurt bähbitli bitiren taýsyz hyzmatlary üçin nesiller onuň ruhunyň öňünde baş egýär.
Sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Zehinli, başarnykly, beden we ruhy taýdan sagdyn, Watan mukaddesliklerine uýýan merdana nesilleri terbiýelemekde dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetine täsir eden milli sungatymyz gymmatly çeşmedir» – diýýän sözleri, ýaş nesli sagdyn ruhda terbiýelemekde, olaryň kalbyna ata Watana, ene topraga bolan çäksiz söýgini guýmakda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir ýola tassyklaýar.
Maýagözel ATAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw
gaznasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň
eserlerini wagyz etmek bölüminiň müdiri.
“Türkmen arhiwi” žurnaly
2022-nji ýyl üçin 23-nji goýberiliş