Täzelikler



Назад
07.07.2025
Okuw sapagy
Türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň we baý medeni mirasynyň dikeldilýän we çuňňur öwrenilýän, milletiň ruhy taýdan galkynýan zamanynda dürli döwürlerde ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan adamlara aýratyn sarpa goýlup, olaryň atlary ebedileşdirilýär. Öz watanyna we halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, ähli bilimini we tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetleriň zähmet we durmuş ýoly şu günki ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.
Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmenleri tarapyndan Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat okuw sapagy geçirildi.
Bu okuw sapagynynda mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly, şan-şöhratly ömür ýoly hakynda çykyş edildi. Işde janypkeşlik, kynçylyklary ýeňip geçmek, ruhubelentlik häsýetleri ganynda bolan Berdimuhamet Annaýew 23 ýyllap oba mugallymy bolup işledi, uruşda Watan goragynda boldy. Bu onuň ýaşap geçen 44 ýylynyň ýarysyndan hem köp diýmekdir. 2-nji Ukrain frontunyň 748-nji atyjylar polkunyň ýefreýtory Berdimuhamet Annaýew duşmana garşy batyr we jan aýaman söweşmek bilen, gaýduwsyzlygyň we mertligiň belent nusgasyny görkezdi. Ol ildeş ýigitlerini, ýaragdaş doganlaryny beýik edermenliklere ruhlandyrmak bilen, uruşda-da mugallymlygyna galdy.
Öz taryhyňy bilmek ynsan üçin diňe bir wajyp bolman, eýsem parzdyr. Ol ýaş nesillerde öz mähriban Diýaryna bolan guwançly, buýsançly watançylyk duýgularyny kemala getirmekde örän möhüm zerurlykdyr. Şu jogapkärli wezipäni çözmekde arhiw resminamalaryna uly orun degişlidir, asla olaryň bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bardyr. Çünki arhiw resminamarynda halkyň geçen taryhy ýoly, şöhratly taryhynda gazanan üstünlikleri beýan edilýär.
Okuw sapagyna gatnaşyjylar milli mirasymyzy gorap saklamak we ony geljekki nesillerimize ýetirmek babatda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan döwlet bähbitli işlerinde uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdiler.