Täzelikler

Назад

07.07.2025

Lebap welaýatynyň döwlet arhiwinde okuw maslahaty geçirildi

Lebap welaýatynyň döwlet arhiwiniň işgärleri tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Lebap welaýatynyň medeniýet müdirliginiň we onuň garamagyndaky edaralarynyň arhiwçilerini, arhiwe jogapkär işgärlerini “Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, guramalarynda, jemgyyetçilik birleşiklerinde iş dolandyryşyny guramak we alyp barmak boýunça düzgünnama” bilen tanyşdyrmak we onuň esasynda edaralaryň iş dolandyryşy guramak we alyp barmak boýunça usuly teklipleri bermek maksady bilen okuw seminary geçirildi. 

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda arhiw işini ösdürmek boýunça kanunçylyk kadalaşdyryjy hukuk namalary, Baş arhiw müdirligi tarapyndan işlenip taýýarlanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalary, düzgünnamalary, kadalary, resminamalaryň saklanylmaly möhletleri görkezilen birkysmy sanawy bilen tanyşdyryldy. 

Maslahata gatnaşyjylar döwletimiziň Garaşsyzlygyny hem Bitaraplygyny türkmen döwletliliginiň goşa ganatyna deňäp, türkmen halkyny ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.