Täzelikler

Назад

29.07.2025

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE HALKARA HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRIP

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Bitarap Türkmenistanyň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny aýdyň görkezýän möhüm wakalara beslenýär. BMG bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orun eýeleýän döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda şu ýylyň 4-­8-­nji­ awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty hem munuň aýdyň mysalydyr.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde wekilçilikli foruma degişli Kararnama kabul edildi. 57 döwlet bu resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maslahata toplumlaýyn taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Oňa 32 ýurtdan, şeýle hem Milletler Bileleşiginiň agzasy bolan gyzyklanma bildirýän döwletlerden ýokary derejeli wekilleriň, BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken Karary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda bu maslahaty guramagyň tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi öňde boljak maslahatyň esasy aýratynlygydyr. Şolaryň hatarynda mazmunlaýyn “tegelek stol” duşuşyklary, ýokary derejeli forumlar, gatnaşyjy ýurtlar, halkara guramalar we düzümler hem-de ýurdumyz tarapyndan geçiriljek ugurdaş çäreler bar. 

Maslahat bilen ugurdaşlykda geçiriljek giň gerimli çäreler döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, dostlukly gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berkidilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.

Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça birinji maslahaty 2003-nji ýylyň 28-29-nji awgustynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirildi. Ol bu ýurtlar bilen üstaşyr geçýän ýurtlaryň arasynda üstaşyr ükleri daşamak pudagyndaky hyzmatdaşlyk mowzugyna bagyşlanyldy. Maslahatyň jemi boýunça Almata jarnamasy kabul edildi. 2014-nji ýylyň 3-5-nji noýabry aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça ikinji maslahaty geçirildi. Bu maslahat hereketleriň Almata maksatnamasynyň ýerine ýetirilşine baha bermäge we deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin üstaşyr ýükleri daşamagy hem-de söwdany gowulandyrmak strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyldy.  

Ilaty 570 milliondan gowrak adamdan geçýän, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 ýurt geografik ýerleşişi boýunça şertlenen umumy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu meseleler olaryň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsirini ýetirýär. Özbaşdak port desgalarynyň ýokdugy üçin olar üstaşyr döwletlere garaşly bolýarlar. Bu bolsa birnäçe durmuş ugurly meseleleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty durnukly ösüş ulgamynda anyk hereketleri ara alyp maslahatlaşmak we işläp taýýarlamak, kämilleşdirilen ulag, sanly özara arabaglanyşyk arkaly ekologiýa, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, Türkmenistanyň ileri tutýan milli hem daşary syýasy garaýyşlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmek, döwletleriň mümkinçiliklerini açmak boýunça ygtybarly meýdança öwrüler. Bu çäre deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara berilýän ählumumy goldawlary utgaşdyrmaga, özara bähbitli döwletara, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmaga ýardam berer.

Şeýlelikde, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahat Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açar. Onuň giň gerimli maksatnamasy ösüş üçin zerur bolan wezipeleri çözmäge hem-de uzak möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kemala getirmäge gönükdirilendir. Şeýle-de bu çärä bagyşlanan ýörite makalalar toplumy çap ediler. Bularyň ählisi öňde boljak forumyň taryhy ähmiýetine ünsi çekmek bilen, Bitarap Watanymyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini nobatdaky gezek açyp görkezer.