Täzelikler



Назад
08.08.2025
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW BMG-niň DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLER BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATYNA GATNAŞDY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişlikde ählumumy ösüşiň bähbidine asylly başlangyçlary durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ynsanperwer başlangyçlary esasynda hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny, sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändigini iş ýüzünde görkezýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
BMG-niň guramagynda on ýyldan bir gezek geçirilýän bu halkara maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini gazanmak, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we bu ugurda gazanylan üstünlikleri seljermek üçin möhüm meýdança öwrüler.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýediginiň aýdyň mysalyna öwrülip, ýurdumyzyň halkara abraýynyň we dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşmagynyň ykrarnamasy boldy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan ynsanperwer daşary syýasy strategiýamyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Şol syýasat durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahat we abadan geljegi gurmaga gönükdirilendir.
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy we birinji plenar mejlisi geçirildi.
Foruma döwlet we Hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 160-dan gowrak wekili geldi.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy hökmünde çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy saýlanylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, hemmeleri bu foruma gatnaşýandyklary üçin Türkmenistanyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlady hem-de minnetdarlyk bildirdi.
Bu maslahat dünýä ösüşiniň uly we derwaýys meselelerine gürrüňsiz degişlidir. Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli maksatnamalaryny, ilki bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, Geljegiň bähbidine paktyň strategik ýörelgelerine eýermäge dahyllydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, şu belent münberden Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe, bu guramanyň agzalary bolan döwletleriň ähli Baştutanlaryna hem-de wekillerine şu foruma üns berýändikleri we deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary hemmetaraplaýyn ösdürmäge berk eýerýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Biziň şu maslahatymyzda seredilýän meseläniň ählumumy ähmiýeti bardyr. Ol halkara işiň esasy ölçeglerini, ýagny ynsanperwer, ykdysady, durmuş, ekologiýa we beýleki ugurlary öz içine alýar.
Ilkinji nobatda, ynsanperwer meseleleriň möhümdigini bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň adama, onuň isleglerine we zerurlyklaryna gönükdirilendigi bellenildi. Bu syýasat şahsyýetiň mümkinçiliklerini, döredijilik kuwwatyny ýüze çykarmakdan, ruhy we beden saglygyny üpjün etmekden, kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.
«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyz diňe bir şygar däldir. Ol Türkmenistanyň içeri syýasatynyň, ýaşaýyş-durmuşynyň düýpli ugruny kesgitleýän, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we halkara işiniň esasydyr.
Bellenilişi ýaly, durnukly kommunikasiýalar ulgamyny döretmek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin möhüm meseledir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu örän möhüm ugur boýunça dialog üçin häzirki zaman halkara binýadyny döretmek başlangyjyny öňe sürenleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda 2016-njy ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatynyň, şeýle hem ýurdumyzda 2022-nji ýylda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.
Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleri netijesinde, soňky ýyllarda biziň döwletimiziň halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada öňe süren başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň alty sany Kararnamasy kabul edildi. Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Türkmenistan ulag arabaglanyşygyny çaltlandyrmagyň we bu ugurda täze garaýyşlaryň zerurdygyndan ugur alýar. Şoňa görä-de, geçen ýyl Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde biziň ýurdumyz hyzmatdaşlyk etmegiň täze görnüşini – Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz şol başlangyja foruma gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, onuň amala aşyrylmagynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bütindünýä ulag-logistika akymlaryna goşulyşmagyna düýpli ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly Türkmenistanyň teklibi boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Şeýle hem biziň ýurdumyz şu ýyl dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde taryhy senäni – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny belleýär. Bu wakalaryň ikisiniň hem Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelmegi simwoliki ähmiýete eýedir.
Parahatçylyk, ynanyşmak, Bitaraplyk düşünjeleri biziň üçin özara aýrylmaz bagly bolup, Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň manysyny we düýp mazmunyny düzýär. Olar biziň halkara giňişlikdäki hereketlerimizi hem-de başlangyçlarymyzy kesgitleýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk döwletimiziň ileri tutýan ugry bolan we bolmagynda galýan daşary syýasatymyzyň filosofiýasyny aňladýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bu doly derejede häzirki foruma hem degişlidir. Biz Birleşen Milletler Guramasy, dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan dostlarymyz hem-de pikirdeşlerimiz, abraýly halkara guramalar bilen Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň meseleleri, olary çözmegiň ýollary barada garaýyşlarymyzy beýan edýäris. Özi-de döredijilik we deňhukuklylyk, özara hormatlamak hem-de bähbitleri hasaba almak bilen, biziň halklarymyz, adamlarymyz, olaryň häzirki we geljekki durmuşy barada alada etmek bilen, garaýyşlarymyzy beýan edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu ýoluň dogrudygyna hem-de bilelikde üstünliklere ýetiljekdigine ynam bildirdi.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ähli wekiliýetlere, hormatly myhmanlara işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk, ýurtlarymyzyň hem-de bütin adamzadyň ösüşi, ilerlemegi we abadançylygy baradaky öňde goýlan maksatlary ýerine ýetirmekde Türkmenistan bilen bilelikde işlemäge taýýardyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Soňra tassyklanan iş tertibine laýyklykda çykyşlar diňlenildi.
Ilki bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe söz berildi. BMG-niň Baş sekretary, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň halkyna bildirilen myhmansöýerlik we şu möhüm maslahaty guramakda başlangyçly orny üçin hoşallygyny beýan etdi.
Antoniu Guterriş çykyşynda Hereketleriň Awaza maksatnamasyna ünsi çekip, Birleşen Milletler Guramasynyň DÇBÖBD-niň bu ugurdaky tagallalaryny goldaýandygyny belledi. Şeýle hem ol geljek on ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň möhüm ugurlaryny kesgitledi.
Biz düzümleýin özgertmeleri we ykdysadyýetiň diwersifikasiýa-laşdyrylmagyny çaltlandyrmalydyrys. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler tebigy serişdelerden başlap, adam maýasyna çenli ägirt uly kuwwata eýedirler. Şunuň bilen birlikde, ýerli innowasiýalara we inklýuziw ösüşe maýa goýumlary gönükdirmek möhüm bolup durýar. Sanly özgeriş bu tagallalaryň esasylarynyň biri bolmalydyr. Munuň özi DÇBÖBD-ä dünýä bazarlaryna çykmaga ýardam berer diýip, Baş sekretar aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, sanly infrastrukturany ösdürmegiň, sanly sowatlylygy ýokarlandyrmagyň we bu tehnologiýalara inklýuziw elýeterliligi üpjün etmegiň zerurdygy nygtaldy.
Türkmenistan şu maslahata diňe bir möhüm meseleleri çözmekde kömek bermek üçin binýat hökmünde däl, eýsem, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen çözgütleri kemala getirmek üçin mümkinçilik hökmünde hem garaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen başlangyçlara üns çekildi. Şol başlangyçlar Türkmenistanyň ählumumy derejede ösüşi üpjün etmäge anyk goşant goşmaga taýýardygyny görkezýär.
Şeýlelikde, Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna ösüşiň we ählumumy abadançylygyň bähbidine özara gyzyklanma bildirilýän netijeli dia-logyň başyny başlajak taryhy waka hökmünde baha berilýär. Awaza, 5.08.2025 ý.