Täzelikler



Назад
08.08.2025
AWAZADA BMG-niň DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLER BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATY MYNASYBETLI DABARA GEÇIRILDI
Ýurdumyz sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge jogapkärli çemeleşmek bilen, häzirki döwrüň wajyp meselelerini netijeli çözmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu abraýly gurama bilen yzygiderli ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýurdumyzda geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang, foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary hem-de agzalary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň resmi adamlary gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, biz şu gün gojaman Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda taryhy wakanyň şaýady bolýarys diýip nygtady.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň öz mümkinçiliklerini we toplan tejribesini özara hormat goýmak esasyndaky syýasy-diplomatik dialogy dikeltmek, halkara hukugy, BMG-niň eýeleýän ornuny we abraýyny pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryny hem-de BMG-niň bu giň möçberli maksatnamasynyň esasy böleklerini – ulag arabaglanyşygyny, energetika, suw, azyk howpsuzlygyny, saglygy goraýşyň, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, ynsanperwerlik meselelerini çözmek ýaly ugurlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ileri tutulýan ulgamlarda işjeň ulanýandygy nygtaldy.
Türkmenistan hyzmatdaşlykda özara ylalaşylan çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagy ugrunda çykyş edýär. Dürli döwletleriň, halkara düzümleriň ykdysady we syýasy mümkinçilikleriniň jemine esaslanýan uzak möhletleýin strategik maksatlar, bu mümkinçilikleriň ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň we abadançylygyň bähbidine jogapkärçilikli ulanylmagy şol çemeleşmeleriň esasyny düzmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu gezekki maslahatyň maksatlarynyň örän giňdigini we ählumumy ähmiýete eýedigini, bu maksatlaryň syýasy, ykdysady, söwda, medeni, ylmy hyzmatdaşlyga halkara derejede itergi bermäge we baýlaşdyrmaga gönükdirilendigini belläp, foruma gatnaşyjy ýurtlaryň bu gatnaşyklarda möhüm orun eýelemelidiklerini, hyzmatdaşlygyň başga formatlarda hem ulanyp boljak we ulanylmaly nusgalaryny ýola goýmalydyklaryny hem-de umumy abadançylygyň we tutuş adamzadyň geljeginiň bähbidine işlemelidiklerini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkärli agzasy hökmünde, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça BMG-niň alyp barýan işini mundan beýläk-de goldamagyny dowam etjekdigini we guramanyň ägirt uly döredijilik kuwwatyna özüniň saldamly goşandyny goşjakdygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Milletler Bileleşigine agza döwletleriň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bilelikdäki tagallalarynyň gazanylan netijeleri pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine we ösüşiň hil taýdan täze derejelerine çykmak üçin mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Awaza, 5.08.2025 ý.