Täzelikler



Назад
10.08.2025
TÜRKMENISTAN – ÝURTLARYŇ ARASYNDA DOSTLUK WE YNANYŞMAK KÖPRÜSI (BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady)
Türkmenistan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli amala aşyryp, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzyň ählumumy gün tertibine girizilen meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýandygynyň, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde abraýynyň artýandygynyň güwäsidir.
2025-nji ýylyň 4-8-nji awgust aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji ýokary derejeli halkara foruma döwlet we hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlar, iri kompaniýalaryň 20-den agdygyndan wekiller gatnaşdylar. BMG tarapyndan her on ýyldan bir gezek guralýan maslahatyň işini hem-de onuň çäklerinde geçirilen utgaşykly çäreleri giňden beýan etmek maksady bilen, 40-a golaý döwletden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 160-dan gowragy çagyryldy.
Bu maslahat halkara hyzmatdaşlykda möhüm waka boldy. Bitarap Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdançany üpjün etdi, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa gatnaşyjylaryň arasynda dialogy alyp barmaga we ynanyşmak, açyklyk ýagdaýyny döretmäge ýardam berdi.
Maslahatyň jemlerini teswirlemek bilen, onuň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwlet üçin ýagty geljegi gurmak maksady bilen bu ýere jemlenen hökümetleriň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, bilermenleriň, raýat jemgyýetiniň hem-de ýaşlaryň wekilleriniň aýdyň we işjeň duşuşygy boldy.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde möhüm pikir alyşmalar boldy, uzak möhletleýin geljege gönükdirilen taslamalara garaldy, DÇBÖBD-niň ykdysady ösüşine baha berildi we bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi, iň esasysy bolsa, halkara dialogyň, hyzmatdaşlygyň täze köprüleri guruldy.
Bu forum anyk maksatlara gönükdirilip, inklýuziwligi bilen tapawutlandy. Onuň dowamynda döwlet ýolbaşçylary bilen bir hatarda, parlamentarileriň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň wekilleriniň, ýaşlaryň, zenan ýolbaşçylaryň çykyşlary diňlenildi, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmegiň meseleleri halkara jemgyýetçilige ýetirildi.
Döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri jemleýji beýannamalarynda çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny bildirdiler. Mejlise gatnaşyjylar BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we DÇBÖBD üçin durnukly strategiýalary işläp taýýarlamagyň ýolunda möhüm ädim bolandygyny nygtap, döwletleriň, halkara hyzmatdaşlaryň, hususy pudagyň bilelikdäki tagallalarynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga ýardam berjekdigini bellediler.
Maslahatyň çäklerinde Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi we Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edilmegi wekilçilikli forumyň esasy netijesidir.
Yglan edilen iki möhüm resminama geljek on ýylda umumy tagallalar üçin ýol görkeziji bolup hyzmat eder. 2024 – 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda üstaşyr ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetleri diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly özgertmeleri tizleşdirmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak, maýa goýumlary çekmek, deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan döwletlerde inklýuziw hem-de durnukly ösüş üçin binýat döretmek boýunça anyk çäreler beýan edilýär.
Türkmenistan geljekde-de sebit hyzmatdaşlygyna we ählumumy ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga doly ygrarly bolup, mundan beýläk-de milli tagallalary hereketleriň täze maksatnamasynyň wezipeleri bilen utgaşdyryp, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen yzygiderli, oňyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer.
Türkmenistan kabul ediji tarap hökmünde öz üstüne alan halkara borçnamalaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezip, dünýä syýasatyndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrdy. BMG-niň bu giň möçberli çäresiniň Awazada geçirilmegi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berip, dürli sebitleriň we medeniýetleriň arasynda dialog üçin platforma hökmünde ähmiýetini has-da artdyrdy.
Awaza forumy Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaş hökmünde BMG bilen tutuş adamzadyň abadançylygyna we durnukly ösüşine gönükdirilen ählumumy başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirýändiginiň nobatdaky beýany boldy. On ýyldan bir gezek geçirilýän halkara ähmiýetli maslahatyň çäklerinde öňe sürlen başlangyçlar ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan oňyn syýasatyny aýdyň görkezdi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bu möhüm ähmiýetli forumy şanly waka hökmünde täze taryhy eýýamymyzyň ýyl ýazgysynda hemişelik orun alar.