Täzelikler



Назад
05.09.2025
HALK MASLAHATY: DÖWLETLI GEŇEŞE BARÝARYS
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen Kararyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 19njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwürleriň we nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, saýlap alan parahatçylyk döredijilik ýoluna ygrarlydygyny görkezýän umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň şu ýylyň 20-nji awgustda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu däpler ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň her bir mejlisi döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli çäredir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, umumymilli forumy ýokary derejede geçirmek üçin degişli guramaçylyk topary döredildi. Ol bu ugurda toplumlaýyn işleri alyp barýar.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek umumymilli forumyň gün tertibine alnyp barlan işleriň netijelerine, gazanylan üstünliklere we ýetilen sepgitlere seretmek, ýakyn hem-de uzak möhletleýin geljek üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek, olary çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler giriziler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleriniň giň jemgyýetçiligiň üns merkezindedigini bellemek gerek. Munuň özi raýatlaryň özleriniň we Watanymyzyň geljegi üçin jogapkärçilik çekýändiklerine düşünýändiklerine aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasy strategiýasynda dowamat tapmagy esasynda ýurdumyzda hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, döwlet dolandyryşyna halkyň gatnaşmagy bilen bagly milli tejribäniň hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ösdürilmegi arkaly jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak boýunça işler
yzygiderli alnyp barylýar. Bu işlerde Halk Maslahatyna möhüm orun degişlidir. Onuň işi Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, demokratik, açyklyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna wajyp ähmiýet bermek, adamyň we raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adamyň azatlyklaryna, hukuklaryna hormat goýulmagy, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak hem-de kabul etmek, jemgyýetçilik garaýşynyň göz öňünde tutulmagy ýaly ýörelgelere esaslanýar. Munuň özi türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan däpleriniň häzirki döwrüň zerurlyklary bilen sazlaşykly utgaşýandygyny alamatlandyrýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar esasynda milli ykdysadyýetimizde ýokary ösüşler gazanyldy. Täze şäherdir obalaryň gurluşyklary ýokary depginde dowam etdirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady, maliýe we maýa goýum kuwwatyny görkezýän Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar.
«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgeden, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygardan ugur alnyp, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ulgamlarda düýpli özgertmeler, giň gerimli maksatnamalar, taslamalar durmuşa geçirilýär. Munuň netijesinde Diýarymyz durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar.
Ilatyň ähli toparlarynyň wekilleriniň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga giňden çekilip, olary çözmäge işjeň gatnaşdyrylýandygyny bellemek zerurdyr. Türkmenistanlylar Watanymyzyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanyp, öz zähmeti bilen alnyp barylýan giň möçberli işlere mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işlerine hem möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen halky gadymdan bäri ýaşululara uly hormat bilen garap, olaryň baý durmuş tejribesine daýanmak bilen, il içinde sarpalanýan ýaşuly nesliň wekilleriniň parasatly maslahatlaryna aýratyn gadyr goýýar. Olar jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak bilen, ýaşlary çuňňur watançylyk we zähmetsöýerlik ruhunda, milli gymmatlyklaryň, belent adamkärçilik ýörelgeleriniň esasynda terbiýelemäge, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini üpjün etmäge uly goşant goşýarlar.
Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlener. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň gün tertibi giň mazmuna eýe bolar. Umumymilli forum zähmetsöýer halkymyzyň synmaz bitewüliginiň we agzybirliginiň beýany bolmak bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypany ýazar. Onda kabul ediljek çözgütler bolsa Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýolunda täze üstünliklere ýetmegine ýardam eder.