Täzelikler



Назад
10.09.2025
Foruma bagyşlanan söhbetdeşlik
Türkmenistanda awgust aýynyň 7-ne «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (DÇBÖBD) çäginde “Ygrarlylykdan özgertmelere, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar” ady bilen geçirilen Zenan ýolbaşçylar forumyna bagyşlanyp Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi we Arkadag şäheriniň döwlet arhiwi bilen bilelikde «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda forumyň esasy maksady barada belläp geçmek bilen, 2024-2034-nji ýyllar üçin kabul edilen täze maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginde aýallaryň we gyzlaryň ornuny giňeltmek we gender deňligini ösdürmek barada çykyşlar edildi.
Zenan ýolbaşçylar forumy Awazada geçirilen DÇBÖBD maslahatynyň iň möhüm tematiki çäreleriniň biri boldy. Ol diňe bir aýallaryň sesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň jemgyýetçilik, ykdysady we syýasy ösüşe goşýan goşandyny täze derejä çykarmak üçin sebitara hyzmatdaşlygyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezdi.
Söhbetdeşlige gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan döwlet bähbitli işlerinde uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdiler.