Täzelikler

Назад

11.09.2025

Ahal welaýatynyň döwlet arhiwinde okuw maslahaty we gezelenç geçirildi

Ahal welaýat döwlet arhiwiniň işgärleri tarapyndan Ahal welaýatynyň pudaklaýyn edaralarynyň arhiwçileri bilen bilelikde okuw maslahaty we gezelenç geçirildi.

Okuw maslahatyň dowamynda diňleýjiler Türkmenistanda arhiw işini ösdürmek boýunça kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalar, Baş arhiw müdirligi tarapyndan işlenip taýýarlanylýan, düzgünnamalar, kadalar, resminamalaryň saklanylmaly möhletleri görkezilen birkysmy sanaw bilen tanyşdyryldy.

Resminamalaryň abat saklanylmagyny hem-de olaryň çalt gözlenilip tapylmagyny, olarda saklanylýan maglumatlary has doly peýdalanmagy üpjün etmek maksady bilen pudaklaýyn arhiwlerde arhiw resminamalaryna ylmy-maglumat apparatynyň düzüliş usullary barada birnäçe maslahatlar berildi. Kartotekalary döretmegiň zerurlygy we olaryň görnüşlerini saýlap almagy, arhiwiň resminamalarynyň düzümi we olaryň mazmuny barada aýdylyp geçildi.

Şeýle-de, döwlet arhiwiniň hünärmenleri tarapyndan arhiwçileriň hünärlerini kämilleşdirmek boýunça degerli maslahatlar berildi. Soňra bolsa, pudaklaýyn edaralaryň arhiw işgärleri arhiwiniň binasynda guralan kitap sergisi bilen tanyşdylar.