Täzelikler

Назад

11.09.2025

Оkuw maslahaty

Kerki şäheriniň döwlet arhiwinde döwlet arhiwiniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda hünär kämilleşdiriş okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyň maksatnamasy iş dolandyryşda işleriň emele getirilmeginiň we olary resmileşdirilmegiň häzirki zaman talaplarynyň kadalaryny şeýle-de resminamalaryň ähli görnüşleri bilen iş alyp barmak boýunça ýörite kadalary we beýleki kadalaşdyryjy-usuly resminamalary bilen düzgünleşdirmegini öz içine aldy. 

Kerki şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmenleri şular ýaly okuw maslahatlaryň, seminarlaryň we leksiýalaryň arhiw işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýurduň medeni mirasynyň bir bölegi bolan arhiw resminamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin möhüm guraldygyny buýsanç bilen bellediler.