Täzelikler

Назад

16.09.2025

Türkmenistanyň arhiwleri - bir asyryň şaýady

Baş arhiw müdirliginde Türkmenistanyň arhiw gullugynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň arhiwleri - bir asyryň şaýady» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa arhiw pudagynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň geçirilýän ýerinde foto suratlardyr, resminamalar hem-de nakgaşçylyk eserleriniň sergisine syn etmek mümkinçiligi döredildi. 

Dabaraly maslahatyň dowamynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Olarda arhiw pudagynyň Türkmenistanda döreýiş taryhy, düzüm birlikleri, döwletiň resminamalaýyn binýadynyň ösüş menzilleri hakda gürrüňler berildi. Çykyp geplänler arhiw işiniň kanunçylyk esaslarynyň aýratynlyklary, olaryň kabul edilmeginiň jemgyýetiň özgermegine baglydygy, kadalaşdyryjy namalaryň döwrebaplaşdyrylmagynyň ähmiýeti hem-de resminamalary döwletiň we raýatlaryň bähbitlerine laýyklykda peýdalanmagy dogry guramagyň usullary barada söhbet etdiler. 

Arhiwleriň gündelik alyp barýan, ýagny döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy ösüşini hemmetaraplaýyn beýan edýän edaralar hem-de tanymal şahsyýetler tarapyndan döredilen resminamalary ýüze çykarmak, toplamak, olaryň gymmatyny seljermek, seçip almak we döwletiň hemişelik saklamagyna kabul etmek, soňra bolsa maglumatlary aýawly saklamak, olaryň hasabyny ýöretmek hem-de ylmy-salgy beriş ulgamyny we ätiýaçlyk nusgalaryny döretmek ýaly işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hakda pikir alşyldy.

Baş arhiw müdirliginiň  ýörite kabul edilen redaksion-neşir işleriniň meýilnamasy esasynda jemgyýetçilik aňyýetiniň kämilleşmegi üçin milli mirasymyzy wagyz etmek maksady bilen neşir önümlerini, döwürleýin žurnallary çap etmegiň, okuw sapaklaryny, ýörite  sergileri guramagyň  ugurlary we täsirliligi dogrusynda gürrüň edildi.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar arhiw pudagyny ösdürmekde, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde aýdyň nusga bolup duran Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň döredilmegi, onuň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen binasynyň işe girizilmegi üçin çuňňur hormatlanylýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyza, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýdyp, olara berk jan saglygyny, türkmen halkynyň röwşen geljegi ugrunda alyp barýan iňňän jogapkärli işlerinde uly rowaçlyklary arzuw etdiler. 

 Çäräniň ahyrynda köp ýyllaryň dowamynda arhiw pudagynda önjeýli zähmet çekip, döwletimiziň ösmegine şahsy goşandyny goşan  hünärmenleri sylaglamak dabarasy geçirildi.