Täzelikler

Назад

02.10.2025

Baş arhiw müdirliginde maslahat geçirildi

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Baş arhiw müdirliginde «Halk Maslahaty – döwletlilik ýörelgesi» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň ýokary wekilçilikli häkimiýet edarasy bolan Halk Maslahatynyň döreýiş taryhy hakynda gürrüň edilip, onuň türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýandygy,  Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen ýurdumyzyň wekilçilikli we kanun çykaryjy häkimiýetiniň konstitusion hukuk ýagdaýynyň täzeçe kesgitlenilendigi barada birnäçe täsirli çykyşlar edildi. Öz gözbaşyny Oguzhan döwründen alyp gaýdýan, türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň biri bolan halk bilen maslahatlaşmak dessury uly ähmiýete eýedir. Il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleri ýaşuly nesil bilen agzybirlikde çözmek döwletlilikden nyşandyr. 

Ata-babalarymyzdan miras galan milli ýol-ýörelgelere, däp-dessurlara esaslanyp, ýaşululara goýulýan hormat, sarpa häzirki döwürde barha dabaralanýar. Ýaşulylaryň jemgyýetdäki ornunyň yzygiderli ýokarlandyryl-magy, olaryň döwlet durmuşyndaky möhüm çärelere işjeň çekilmegi ýurdumyzyň ýaşlaryny watançylyk, agzybirlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şol nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular Geňeşi döredilip, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, jemgyýetiň bütewili-gini, agzybirligini pugtalandyrmakda we ýurdumyzda döwletli tutumlaryň amala aşyrylmagynda onuň mynasyp orny bar.

Ýurdumyzyň, halkymyzyň ykbaly bilen bagly her bir işe döredijilikli çemeleşmek, belent hem aýdyň maksatlar bilen il-günümizi beýik işlere ruhlandyrmak, gurmak we döretmek ýoly bilen Berkarar döwletimizi ösüşleriň täze sepgitlerine alyp gitmek Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň esasy ýörelgesi bolup, bu ýörelge Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Rowaçlygyň, abadançylygyň, agzybirligiň ýyly bolup dabaralanýan 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny belleýän Türkmenistan döwletimiz bu günki gün bedew bady bilen öňe barýar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler şol şanly ýyllaryň içinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban Watanymyzda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli beýik işleriň uly üstünliklere beslenýändigini, ýurdumyzda ýylyň-ýylyna geçirilýän Halk Maslahatynda ýurt ähmiýetli, halk bähbitli kabul edilýän oňyn çözgütleriň, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň ýurt we dünýä ähmiýetli netijelerini buýsançly beýan etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar buýsançly zamanada türkmen halkyny bagtyýar geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk we alkyş sözlerini beýan etdiler.