Täzelikler

Назад

03.10.2025

AŞGABADYŇ TARYHYNDAN

Aşgabat - Köpetdagyň etegindäki ajaýyp düzlükde ýerleşýän owadan şäher. Bu şäher türkmen halkynyň taryhynda asyrlara ýaň salan köp sanly wakalaryň şaýady bolupdyr. Aşgabadyň töwereginde gadym döwürlerden bäri ýaşaýyş bolandygy barada Gadymy Änew medeniýetiniň galyndylary, başga-da köp-köp tapyndylar şaýatlyk edýär. B.e.öňki III asyrda bu töwerekde Beýik Parfiýa döwletiniň merkezi Nusaý şäheri döreýär, ösýär. XI asyrda biziň häzirki gözel paýtagtymyzyň meýdany ondan pes bolmadyk Beýik Seljuk imperiýasynyň düzümine girýär. XVIII asyrda bolsa türkmen taýpalary ymykly ýerleşenden soň, Ahalteke sebitinde, takmynan, 800 öýden ybarat Ashabat obasy döreýär. Aşgabat oba diýlip atlandyrylsa-da, birnäçe alymlar öz işlerinde onuň Hywa, Eýran, Buhara bilen söwda aragatnaşyklaryny saklap, bazar, kerwensaraý, ussahanalar, ybadathanalar toplumy ýaly şähere mahsus alamatlarynyň bolandygyny belleýärler. «Eger Parfiýa we seljuklar zamanasynda Aşgabat uly şäher bolan bolsa, XVIII-XIX asyrlarda ol asyrlardan asyrlara aşan berkitmeleriň we galalaryň jeminden ybarat bolan ýarym oba görnüşindäki şähere öwürlipdir».
1881-nji ýylda bu oba görnüşindäki, eýýäm birnäçe çeşmelere görä Ashabat adyny göterýän şäheriň golaýynda harby berkitme gurlup başlanýar. Şäheriň soňky gurlan bölegi hem Ashabat ady bilen täze gelen häkimiýet tarapyndan abadanlaşdyrylýar. Emma Aşgabat şäheriniň dörän wagty edil şol seneden alnyp gaýdylmaly diýen zat ýok.  Meseläniň çözgüdine şu güne çenli soňky nokat goýlanok. Alymlaryň pikirleri dürli-dürlüligi bilen tapawutlanýar. Aşgabat barada çykan neşirleriň käbirinde Aşgabat 100 ýaşap geçdi diýilse, beýlekilerinde Aşgabadyň düýbüniň tutulandygyna 2500 ýyl bolup ýörenligi bellenilýär. Biziň pikirimizçe, soňkular hakykata golaý ýaly.
      Taryha ser salynsa, arheologlaryň nygtamagyna görä, häzirki Aşgabadyň çäginde we ondan daş bolmadyk ýerlerde öňki döwürlere degişli galalaryň, metjitleriň, mazarlaryň, gorganlaryň yzlary köp gabat gelýär.  XX asyryň ortalaryna alymlaryň geçiren gazuw-agtaryş işleri netijesinde bu ýerlerde eneolit döwründen başlap tä XVIII-XIX asyrlara çenli gadymyýetiň 100-den gowrak ýadygärliginiň üstünden barlandygy barada maglumat berilýär.
   Aşgabat gözümiziň alnynda ösüp-örňäp, täze geljegiň şäherine öwrülip barýar. Şäheriň çäkleri giňäp, indi gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý şäheriniň hem galyndylaryny öz içine alýar. Belli taryhçylar, arheologlar, dilçiler Aşgabat şäheriniň adynyň Parfiýa patyşalarynyň haýsy hem biriniň ady bilen baglydygy baradaky çaklamany öňe sürýärler we işlerinde bu meseläniň üstünde giňden durup geçýärler. Olaryň pikirlerine görä şäher şol döwürlerde döräp, käte belende galyp, käte pese düşmä sezewar bolupdyr, käte uruşlar zerarly weýran edilip, soňra ýene-de täzeden dikeldilipdir.
     Aşgabat şäheri il arasynda «Yşk şäheri» diýlip tanalýar. Munuň özi «yşk» diýen arap sözünden gelip çykýar. «Abat» sözi hem parsça bolup, ol «abadançylyk», «bagy-bossanly» diýen sözleri aňladýar. Türkmen folklorynda şäheriň ady «Aşyklar şäheri» diýen düşünjäni berýär. 
       Aşgabadyň gadymyýete degişli taryhynyň köp meseleleriniň alymlaryň çözgüdine garaşýandygy sebäpli, biz bu makalada XIX asyryň ahyrlaryndan – Zakaspiý oblasty döränden soňky ýygnanan resminamalar we çap edilen neşirler esasynda paýtagtymyz Aşgabadyň taryhyny beýan etmeklige çalyşýarys.
    Şol wagtky Aşgabadyň keşbi uly meýdançadan (ozalky K.Marks adyndaky meýdança), esgerler üçin palçykdan ýasalan kümelerden, kerpiçden düýbi tutulan birnäçe jaýlardan ybarat bolupdyr, olaryň arasynda diňe Zakaspiý oblastynyň başlygynyň jaýy gurluşyk taýdan berkligi we daş-töwereginiň bag-bakjasy bilen tapawutlanypdyr.
    Ýaş şäheriň, hatda tutuş Türküstan ülkesiniň ösmegine, 1880-1886-njy ýyllarda gurlan Zakaspiý harby demir ýoly uly itergi berýär. Bu ýoluň gurluşygy Eýrana we Türküstanyň jümmüşine üstaşyr ýükleriniň uly akymyny emele getirýär. Bu ýagdaý Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin rus-eýran araçäginde birnäçe gümrük nokatlaryny açmaklyga, Aşgabadyň özünde bolsa eýran konsullugyny döretmekligiň zerurlygyny görkezýär. 
       Ýyllaryň geçmegi bilen Aşgabat söwda merkezine öwrülýär. Muňa onuň amatly geosyýasy ýagdaýy, ýagny şäheriň örän möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi, goňşy ýurtlar bilen ykdysady we söwda aragatnaşyklarynyň çalt ösmegine oňaýly täsir edýär. Köpetdagyň dag geçelgeleriniň üstünden Aşgabada tarap Eýranyň Horasan welaýatyndan amatly söwda ýoly geçýär, Aşgabatdan bolsa Hywa we Buhara çenli gündogardan we günbatardan kerwen ýollary geçipdir.
    «Orta Aziýanyň deňiz derwezesi» diýlip atlandyrylan Krasnowodskiniň üstünden Russiýadan çit mata, nebit, kükürt, metal gap-gaçlary we beýleki harytlary getiripdirler. Köp sanly kerwensaraýlarda Buharadan, Hywadan, Owganystandan we Eýrandan getirilýän kakadylan ir-iýmişler, ýüň çuwallary, ýüpek matalar saklanypdyr. Diňe 1900-nji ýylda Döwlet bankynyň Aşgabat bölümi 70 million manatlyk söwda dolanyşygyny amala aşyrýar. Ýöne söwdanyň şeýle çalt ösýän şertinde hem Aşgabat uzak wagtlap dar düşünjeli şäherçe hökmünde galypdyr.               
     1886-1888-nji ýyllarda Zakaspiý oblastynda ylmy gözlegleri geçiren görnükli alym we geolog W.A. Obruçýewiň belläp geçmegine görä, «Ashabat palçykdan we çig kerpiçden, köp bölegi bolsa tekiz syrdam agaçdan salnan, gamyş bilen basyrylyp üstüne palçyk guýlan üçekli birgatly jaýjagazlary bolan, giň we tozanly köçeli, kä ýerinde agaçlar ekilen, onçakly uly bolmadyk şäher...». Ol, esasan hem, söwdagärleriň, agaç ussalarynyň we harby gullukçylaryň şäheri bolupdyr. 1890-njy ýylda Çärjewden we Gyzylarbatdan Zakaspiý demir ýolunyň ähli bölümleri Aşgabada geçirilipdir. Şonuň bilen baglylykda, şähere köp sanly gullukçylar göçüp gelipdirler.
    Wokzally, ussahanaly, ýaşaýyş jaýly, demir ýolunyň administratiw binalary bolan demirýol raýony şäheriň demirgazyk tarapynda gurlup başlandy. Aşgabadyň günortasynda Ofiserskaýa (ozalky Karl Marks), Mihaýlowskaýa we olar bilen ýanaşyk köçelerde serkerdeler üçin ýaşaýyş jaýlary gurlup, serkerdeleriň posýology emele gelýär.
  1887-nji ýylda Aşgabatda şäher bagynyň (häzir «Aşgabat» dynç alyş seýilgähi) gurluşygy başlanýar. Ol Merwskaýa (häzir Magtymguly şaýoly), Annenkowskaýa (häzir Türkmenbaşy şaýoly) we Taşkeprenskaýa (häzir K.Kulyýew) köçelerine çykýardy. Bagyň daşyna kerpiçden we palçykdan beýik diwar aýlanypdy. Şol döwrüň bagbançylyk jemgyýetiniň agzalarynyň görkezmesine görä, bu bag bezeg beriji, täze agaç nahallarydyr gülleri ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyryjy we girdejili häsiýetlere eýe bolmalydy. Halkyň arasynda miwe agaçlaryny ýaýratmak niýet bilen çereşnýänyň, şetdalynyň, erigiň, grek hozunyň, üzümiň nahallaryny oturtmak göz öňünde tutulýardy. Bagyň gurluşygy 2-3 ýyl dowam eder diýip çak edilýärdi. Ösümlikleri täze howa şertlerine uýgunlaşdyrmak üçin döredilýän stansiýa 300 kw sažen (1sažen 2,134 m.barabar) ýer bölünip berilýär. Bu ýerde başga ýurtlardan getirilen birnäçe ösümlikler ekilip, olaryň tohumlaryny almak işi goýlupdyr.
       Bag çalt ösüp ulalypdyr. Onda ýetişdirilen ösümlikleriň satylyşy hem guralypdy. Eýýäm 1889-njy ýylda demir ýol üçin aýlanta agajynyň 4 müňüsini we akasiýa agajynyň 500-sini satuwa goýbermeklik mümkin bolýar. Bagyň içinden naharhana, oýun oýnalýan ýerler, söwda nokatlaryny açyp, tomusky açyk sahnany bolsa kärendesine berip, girdeji almak işleýän adamlar tapyldy.
     1888-nji ýylda çap edilen «Turkestanskiye wedomosti» neşirde şeýle diýilýär: «Ashabat uly şähere we söwda merkezine öwrüldi. Şäher Eýran bilen söwda aragatnaşygynyň çatrygy boldy. Köçeleri göni we simmetriýa düzgünleri berjaý edilen. Esasan hem, Ofiserskaýa köçesi owadan. Bir söz bilen aýdanyňda, şäher ösen we medeniýetleşen. Tomsuň iýun, iýul we awgust aýlary sähra ýelleri sebäpli yssy bolýandygyna garamazdan, ösümliklere we gök agaçlara baý. Şäher galasynyň diwarlary belent we berk. Wokzaly owadan, beýik we oňaýly ýerleşen».
       Şäherde ilkinji peýda bolan köçeleriň biri Annenkowskaýa (hazir Türkmenbaşy şa ýoly) köçesidi. Aşgabada demir ýol gelip, wokzalyň täze binasy gurlandan soň, bu köçede abadanlaşdyryş işleri tizleşdirildi. Bu köçäniň ady demir ýoly guran generalyň adyny göterýärdi. Köçede harby we beýleki atly, üsti açyk arabalardyr paýtunlar ýöreýärdiler we hiç haçan düýe kerwenleri geçmeýärdi. Ilkinji köçeleriň arasynda Tamanskaýa (häzir Gorogly) köçesi hem tapawutlanýardy. Emma iň bir hereketli köçeleriň biri Lewaşowskaýa (häzir Azady) köçesidi. Gije – gündiziň dowamynda bu köçede söwda kerwenleriniň yzy üzülmeýärdi. Meselem, 1899-njy ýylda Aşgabada 36576 düýeden düzülen 1000-e golaý söwda kerweni gelipdir. Gündogar bazaryna mahsus bolan goh-galmagally, köp sanly kerwensaraýly bu köçe şaheriň iki uly bazarynyň gapdalyndan geçýärdi. Halk arasynda bu söwda merkezleriniň biri «Rus bazary», beýlekisi bolsa «Teke bazary» ady bilen şu güne çenli hereket edýär. Ol ýerde myhmanhanalar, söwda tekjeleri, goş-golam goýlar ýaly ýerler bolupdyr. Bazarlarda birnäçe milletleriň täjirleri söwda-satuw bilen meşgullanypdyrlar. Aşgabat ýuwaş-ýuwaşdan abadanlaşyp başlapdyr. Arhiw materiallarynda tomsuna tozanly, gyşyna palçykdan doly köçeleriň nebit fonarjyklary bilen körek ýagtylanandygy suratlandyrylýar. Yşyklary ýakýançy alagaraňky düşüp ugrandan eline merduwanyny, demirden ýasalan nebit guýulýan bedresini we gaýçysyny alyp, çyralary ýakmaga çykýar eken, eger şemally howa bolaýsa, onda ol ýany bilen ýakylan çyralary şemaldan goramak üçin kleýonka bölegini hem alýar eken. Yşyklary öçürmäge diňe daň atanda rugsat berlipdir.
       Şäherliler üçin suwy gije-gündiz ýörite suw daşaýanlar arabalarda daşapdyrlar.  Suw getirmekligiň nyrhy gaty ýokary bolupdyr. Şeýlelikde, 1901-nji ýylda 20 bedre suwuň bahasy 2 manat 40 teňňe, onda 40 bedre suwuň bahasy bolsa 4 manat 50 teňňe bolupdyr. Aşgabat suwy «Aşhabadka» (Aşgabat) we «Keşinka» (Köşi) diýlip atlandyrylýan birnäçe akarjyklardan we kärizlerden alypdyr. Tomus aýlarynda administratiw edaralaryň tas barysy diýen ýaly birnäçe uly bolmadyk dynç alyş baglary (daçalary) bolan Pöwrize jülgesine göçüpdirler.
     Ilatyň ruhy isleglerini ilkibaşda ýekeje mekdep, wagtlaýyn sirk we garnizon metjidi bilen kanagatlandyrylypdyr. Adamlar kesellerini ýerli harby keselhanalarda (lazaretlerde) bejerdipdirler. Zir-zibilleriň ählisi hapa sorýan guýulara guýlupdyr ýa-da boş ýatan ýerlere eltip dökülipdir. Suw ýetmezligi sebäpli, köçeleriň ep-esli hapaçylyklara sezewar bolmagy netijesinde şäherde dürli keselleriň epidemiýasy ýaýran wagtlary-da bolupdyr.
     Arhiw resminamalarynda 1892-nji ýylda Aşgabatda mergi keseliniň epidemiýasynyň möwç alandygy barada bellenip geçilýär. Ähli görlen çäreler: karantiniň ýola goýulmagy, şäheriň arassalanmagy, bularyň hemmesi netijesiz bolup, keselleme  dowam edipdir, iýul aýynyň  22-sinden 23-ne geçilýän gije bolsa näsaglary hassahanalara kabul edip ýetişip bilmändirler. Üç günüň dowamynda, ýagny 26-njy iýula çenli 661 adam keselläp, 340 adam hem aradan çykypdyr. Iýul aýynyň 30-31-ne ýagan ýagynlaryň netijesinde epidemiýa kesilipdir we 7-nji awgustda iň soňky keselli hasaba alnypdyr. Ruhubelentligi saklamak maksady bilen dükanlary ýapmak gadagan edilipdir, şeýle hem agşamlaryna şäheriň üç ýerinde harby orkestrleriň sazlary ýaňlanypdyr.
      Kem-kemden Aşgabat ösüp Zakaspiý oblastynyň ykdysady, administratiw we medeni merkezine öwrülýär. 1889-njy ýylda şäherde ownuk senagat kärhanalarynyň 35-si, şol sanda kerpiç, hek, sabyn öndürýän, deri eýlenýän kiçiräk zawodlary bolupdyr. Söwda nokatlarynyň, ussahanalaryň sany köpelipdir, tipografiýa açylypdyr.  Aşgabatda «Zakaspiýskoýe obozreniýe» we «Ashabad» diýen gazetler rus dilinde çap edilýär. 
   1895-nji ýylyň 5-nji maýynda Zakaspiý oblastynyň jemgyýetçilik kitaphanasy, 1899-njy ýylyň 17-nji martynda bolsa Zakaspiý oblastynyň muzeýi resmi ýagdaýda açylypdyr.
       Arhiw maglumatlaryna laýyklykda, 1892-nji ýylyň soňky hasabatynda Aşgabatda 59 oglan, 2 gyz, jemi 61 sany okuwçydan ybarat üç sany musulman mekdepleriniň bolandygy bellige alynýar. Şäherde rus dilinde sapak berýän mekdepler, progimnaziýalar, gimnaziýalar açylýar. 1895-nji ýylda bolsa Zakaspiý demir ýol müdirliginiň ýanynda demir ýol tehniki uçilişesi döredilýär. 
    1919-1927-nji ýyllarda Ashabat şäheri Türküstan awtonom respublikasynyň  Zähmet halk komissary P.G.Poltaraskiniň adyny göterýar. 1925-nji ýylyň fewralynda Poltarask täze döredilen Türkmenistan SSR-niň paýtagty diýlip yglan edilýär. 1927-nji ýylyň 7-nji aprelinde bolsa şäher ýene ozalky taryhy adyna eýe bolýar.
     Şol döwürde Aşgabat eýýäm ýeterlik derejede abadanlaşdyrylan we ýaşamak üçin amatly bolan şähere öwrülýär. 1929-1937-nji ýyllarda şäherde birnäçe senagat kärhanalary bina edilýär, olar Aşgabadyň ykdysady ugruny kesgitleýärdi. Köne Aşgabadyň çäginden daşarda Köşi obasyna tarap ýokary okuw jaýlarynyň şäherçesi ösüp ýetişýär, ol talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaýly oba hojalyk, pedagogik, medisina ýokary okuw mekdeplerini öz içine alypdy. 
        1941-1945-nji ýyllaryň urşunda Aşgabat tylda bolup galanam bolsa, aşgabatlylaryň müňlerçesi sowet goşunlarynyň düzüminde dürli frontlarda söweşipdirler. Ilkinji günlerden Türkmenistanyň halkynyň, şol sanda paýtagtlylaryň hem fronta gitmäge isleg bildirýän meýletinçileriniň hereketi ýaýbaňlanýar. Dürli ýaşly, dürli hünärli adamlar, tutuş maşgalalar, hatda zenanlar hem çagyryş nokatlaryna – harby komissarlyklara, partiýa, ýaşlar guramalaryna baryp, özlerini fronta ibermeklerini haýyş edipdirler. Zähmet toparlarynda atyjylyk, pulemýot we sanitar kružoklary işläp başlaýar, olarda çagyryş ýaşyna ýeten ýaşlar okapdyr. Şäheriň üsti bilen demir ýol boýunça söweşlerde goşuny goldamak üçin ok-ýarag we azyk iberilýärdi. Şeýle hem şäheriň käbir senagat we ulag kärhanalary harby buýruklary ýerine ýetirmek üçin täzeçe enjamlaşdyrylýar. Mysal üçin, Aşgabadyň «Krasnyý metallist» zawodynda 1942-nji ýyldan düýpden täze önümi - «M-82» minalarynyň gabaralaryny köpçülikleýin öndürmek ýola goýulýar. Öňki enjamlary çalşyryp, täze tehnikany we tilsimaty özleşdirmekligi talap edýär. Kärhananyň işgärleri agyr zähmet şertlerinde janlaryny aýaman işläp, gündelik tabşyryklaryny iki-üç esse ýerine ýetiripdir.
Şeýle ykbal Aşgabadyň başga bir kärhanasynyň – uruşdan ozal hojalyk enjamlaryny çykarýan «Krasnyý molot» arteliniň hem üstüne düşüpdir. Bu artel gysga wagtyň içinde goranyş ähmiýetli mehaniki galyplaýjy kärhana öwrülüpdir. Zawod uruş ýyllarynda diňe söweş granatlarynyň 5 milliona golaýyny fronta iberipdir. Şeýlelikde, front üçin, ýeňiş üçin hiç zat gaýgyrylmandyr.
       Uruş ýyllarynda Aşgabatda harby-okuw jaýlary – harby-pyýada goşun uçilişşesi we awiasion mekdep ýerleşipdir. Bu ýere harby-ýuridik akademiýasy bilen Harkowyň harby-lukmançylyk uçilişşesi hem göçürilip getirilipdir. Mundan başga-da, front ýakasyndaky ýerlerden başga-da ençeme kärhanalar we edaralar (Moskwanyň Döwlet uniwersiteti, Kiýewiň Dowženko adyndaky kinostudiýasy) göçürilip getirilipdir, göçürilip getirilenleriň 8 müňe golaýy aşgabatlylaryň öýlerinde ýerleşdirilipdir. Ýerli häkimiýet edaralary olara ýerleşmäge, şahsy düzümiň iýmitini ýola goýmaga kömek beripdirler, olary zerur zatlar bilen üpjün edipdirler.
       Watançylyk ruhunda terbiýelenen türkmenistanly esgerler Watanyň ar-namysy we azatlygy, maşgala ojaklarynyň abadançylygy ugrunda dogduk ülkelerinden uzaklarda batyrlarça söweşdiler. Aşgabadyň nah-mata tehnikumynyň elektrik-mehaniki bölüminiň okuwçylarynyň tutuş bir kursy (ýekeje gyz bilen 3 sany ýarawsyz oglandan başgasy) uruş başlanan gününiň ertesi fronta ugrapdyrlar, ýöne olaryň hemmesi diýen ýaly ýat illerde ebedilik galypdyr. 
    Urşuň yzysüre tebigy heläkçilik şäheriň taryhynda iň aýylganç sahypa bolupdy. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan ýer titreme şäheri doly weýran etdi. Bu hadysa barada şol döwrüň çeşmelerinde şeýle diýilýär: «5-nji oktýabrdan 6-njy oktýabra geçilýän gije. Hiç wagt görülmedik, eşidilmedik «gara güýç» Aşgabat şäherini, onuň töweregindäki obalary bary-ýogy on sekundyň içinde kesege öwürdi, on müňlerçe adamyň ömür tanapyny kesdi. Ine, bu betbagtçylyk şol günden «Aşgabat ýer titremesi» diýlip taryha girdi. Şäheriň köçeleriniň birinde elektrik sagady 5-nji oktýabrdan 6-njy oktýabra geçilýän gije 1sagat 09 minutda togtan eken. Soňra anyklaşdyrylan maglumatlara görä, ýer titremesi şol gije 1 sagat 12 minut 05 sekuntda bolupdyr». Ýer yranmasy türkmen halkynyň hojalygyna hem güýçli zyýan ýetirdi. Ýewropa tipli jaýlar hem ýykyldy. Meselem, wokzal, et kombinaty, elewator we başga-da köp jaýlar berbat boldy. Änew stansiýasyndan daş bolmadyk ýerde ýer asty urgular zerarly parowoz we birnäçe sisterna relsden sypyp, ýykyldy. Dokma fabriginde agyr stanok ýogyn boltlardan sypyp fundamentden 50 santimetr süýşdi. Aşgabat ýer titremesinden dörän topragyň yranmasy Ýer şarynyň seýsmiki stansiýalarynyň hemmesi tarapyndan bellendi.
       Aragatnaşygyň düýpgöter ýiten şertlerinde bu pajygaly hadysa barada Aşgabadyň aragatnaşykçylary 30 minutdan soň SSSR-iň Hökümetine Moskwa şäherine habar ýetiripdirler.  Muňa Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň resminamalary hem şaýatlyk edýär. 
     Heläkçilikden soň ilkinji günlerde şol wagtky Soýuzyň ençeme şäherlerinden müňlerçe lukmanlar we beýleki medisina işgärleri, gurluşyk batalýonlary gelip ýetdiler. Gije-gündiz uçarlarda we ýük ulaglarynda, demir ýollarynyň işläp başlamagy bilen otlularda Aşgabada azyk önümleri, dermanlar, gap-gaçlar, egin-eşikler, palatkalar we enjamlar, maşynlar we mehanizmler, gurluşyk materiallary, gurnama jaýlar we ş.m. getirilýärdi. Ilkinji 15 günüň dowamynda Aşgabadyň we ýakyn obalaryň halky mugtuna iýmit, derman, egin-eşik we beýleki zerur zatlary bilen üpjün edilipdir.
      SSSR Mininstrler Soweti «Ýer titremesinden heläkçilik çeken Aşgabadyň ilatyna gaýragoýulmasyz kömek bermek barada» 9-njy oktýabrda ýörite karar kabul edýär. Şol karara laýyklykda Soýuz Hökümeti Aşgabat ýer titremesinden heläkçilik çekenleri 1500 tonna un, 700 tonna ýarma, 60 tonna mal we 90 tonna ösümlik ýagy, 15 tonna goýaldylan süýt, 150 tonna gant, 700 müň banka konserwalar, 100 tonna hojalyk sabyny, şeýle hem köp möçberde senagat harytlaryny iberýär.
       Şäher hojalygyny dikeldiş işleri üçin Soýuz Hökümeti umumy meýdany 55 müň inedördil metre barabar bolan gurnama standart jaýlaryny, 2500 kub metr faner, 12 müň kub metr agaç, 20 wagon tol, 2 müň tonna sement, 200 müň kub metr penjire aýnasy, 200 tonna çüý we beýleki gurluşyk materiallaryny, 650 awtomaşyn, 30 awtokran, 25 ekskawator berdi.
       Ýer titremeden soň geçen on ýylyň içinde paýtagtyň senagatyny dikeltmek we ösdürmek başartdy. Ozal şäherde diňe aýna, metal işläp bejerýän zawodlar, dokma, azyk fabrikleri, esasan-da, ýerli gurluşyk materiallaryny çykarýan kärhanalar bardy. Indi bu ýerde energetika bazasyny döretmäge has uly üns berildi. Büzmeýindäki (häzirki Abadan) we Gökdepedäki çakyr zawodlary bolaýmasa, başga ähli senagat kärhanalary Aşgabadyň çäginde ýerleşýärdi. 50-nji ýyllaryň ahyrynda industrializasiýanyň depgini has-da artdy, şonuň üçin-de aýratyn iri we ekologiýa taýdan howply kärhanalary Aşgabadyň demir-beton önümlerini çykarýan kombinatly bug bilen işleýän kuwwatly elektrik stansiýaly – Büzmeýin GRES-li Büzmeýin senagat şäheri şeýle ösüp başlady. 
   60-70-nji ýyllaryň dowamynda respublikanyň merkezi hökmünde Aşgabadyň ykdysadyýetde, ylymda, bilimde, medeniýetde orny gaty artdy. Howa gatnawy Aşgabady beýleki Soýuz respublikalaryň paýtagtlary, Russiýanyň uly şäherleri, Kawkazyň we Krymyň kurortlary, şeýle hem Türkmenistanyň demir ýoldan uzakda ýerleşýän ilatly ýerleri bilen baglanyşdyrdy. Paýtagtyň özünde içerki transport gatnawy ösdi. 1964-nji ýylda şäherde trolleýbus hereketi ýola goýuldy. Ozal şäher üçin däp bolup gelýän pudaklar bilen bir hatarda täze önümçilik ösdürildi. Nebitmaşyngurluşyk (Aşnebitmaş), elektrotehniki zawodlarynyň önümleri, Aşgabadyň aýnasy, matasy, halysy, ýokary hilli çakyry ýaly önümler daşary ýurtlara sowet eksportyna öwrüldi.
      Türkmenistan Garaşsyzlygyny jar edenden soň, mähriban paýtagtymyz Aşgabat sözüň doly manysynda düýpgöter täze şähere öwrüldi. Her bir ýurduň ösüşi şol döwletiň ähli babatda ýeten belent derejesini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ak mermerli Aşgabadyň has owadan we abadan şähere öwrülmeginiň tutuş ýurdumyzyň okgunly ösýändigini we belent sepgitleri eýeleýändigini alamatlandyrýandygyny bellemelidiris. Paýtagtymyz soňky ýyllarda sebitiň işewürlik, medeni we halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrüldi. Munuň özi paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak, syýasy, ykdysady, medeni, syýahatçylyk we sport ugurlarynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça birnäçe wezipeleriň çözülmegini şertlendirýär. 
       Häzirki wagtda ýurdumyzyň baş şäherinde örän wajyp desgalaryň köpsanlysy güýçli depginde gurulýar. Aziýanyň merjen şäherine öwrülýän Aşgabatda Aziýanyň gadymy binagärlik ülňüsi bilen häzirkizaman Ýewropanyň arhitektura sazlaşygyny özünde jemleýän binalarynyň sanawyna «Oguzkent» myhmanhanasyny, «Älem» dynç alyş merkezini, Konstitusiýa binasyny, ajaýyp ýaşaýyş jaýlary we beýleki onlarça binalary goşmak bolar.
       Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri, paýtagtymyzda hem-de onuň töwereklerinde gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň işlenip taýýarlanýan taslamalary, olaryň durmuşa geçirilişi halkymyzy guwandyrýar. Berkarar döwleriň bagtyýarlyk döwründe tutuş ýyrdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Mejlisiniň 2013-nji ýylyň 22-nji maýynda çykaran Karary bilen «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy, Aşgabadyň ak mermerli şäher hokmünde Ginnessiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi we hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary esasynda her ýyl 25-nji maýda «Aşgabadyň güni» bellenilmegi taryhy wakalardyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp şäherimiz Aşgabadyň mundan beýläk-de gözelleşmegi barada yzygiderli alada edýändigini aňladýar. Milli Liderimiziň şol aladalary netijesinde Türkmenistanyň paýtagtynyň dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülýändigi biziň her birimizi buýsandyrýar, daşary ýurtlulary haýran galdyrýar.

    
              Akjemal Atagylyjowa, 
                                                                     taryh ylymlarynyň kandidaty

«Türkmen arhiwi» žurnaly
2014-nji ýyl üçin 16-njy goýberiliş