Täzelikler



Назад
10.10.2025
Lebap welaýatynyň döwlet arhiwinde tanyşlyk söhbetdeşligi geçirildi
Lebap welaýatynyň döwlet arhiwinde Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny gurnamak we arhiw işi” hünäri boýunça okaýan talyplary bilen “Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasy – türkmen halkynyň beýik mirasy” diýen tema boýunça söhbetdeşlik geçirildi.
Lebap welaýatynyň döwlet arhiwiniň işgärleri mekdebiň talyplaryny Türkmenistanda arhiw işini ösdürmek boýunça kanunçylyk kadalaşdyryjy hukuk namalary, Baş arhiw müdirligi tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan kadalaşdyryş namalary, düzgünnamalary, kadalary, resminamalaryň saklanylmaly möhletleri görkezilen birkysmy sanawy bilen tanyşdyrdylar. Arhiw barada esasy düşünje, esasy wezipeleri we ýerine ýetirýän işleri barada, arhiwiň häzirki wagtda jemgyýetde tutýan orny barada gürrüň berildi.
Mundan başga-da, döwlet arhiwiň hünärmenleri arhiwiniň aýawhanalarynda saklanylýan TMAG-nyň resminamalary barada, olaryň abat saklanylmagyny üpjün etmek üçin bildirilýän talaplar, arassaçylyk, temperatura-çyglylyk, ýagtylyk düzgünleriniň berjaý edilişi, işleri topografiýalaşdyrmak barada gürrüň berdiler. Gatnaşyjylar resminamalary daňylara dolamak, ýarlyklary goýmak soňra tekjelerde ýerleşdirmek düzgünleri bilen tanyşdylar.