Täzelikler



Назад
03.10.2025
Hatyra güni
Ahal welaýatynyň döwlet arhiwiniň hünärmenleri tarapyndan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasyda hatyra günine bagyşlanyp “1948-nji ýylyň 6-njy oktýabr güniniň ýatlamasy” atly okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynda 1948-nji ýylyň pajygaly ýer titremesinde wepat bolan şehitlerimiz ýatlanyldy. Şeýle hem okuw sapagyň dowamynda okuwçylar üçin dokumental filmler görkezildi we fotoresminamalar bilen tanyşdyryldy.