Täzelikler
Назад
01.11.2025
TÜRKMEN ÇAGALAR EDEBIÝATYNYŇ HALYPASY
Türkmenistanyň halk ýazyjysy
Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygyna
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle ylym-bilim öwretmekde, olarda watançylyk duýgusyny, arassa ahlaklylyk, adamkärçilik, dost-doganlyk, zähmetsöýerlik ýaly gowy häsiýetleri terbiýelemekde, şeýle hem çagalaryň dünýägaraýşyny ösdürmekde, dil baýlygyny artdyrmakda, olarda çeper edebiýata bolan höwesi, kitap okamaga bolan söýgini döretmekde çagalar edebiýatynyň ähmiýeti örän uludyr. Çagalar edebiýaty diýlende, ilkinji nobatda, çagalar üçin owadan suratlar bilen bezelen gyzykly kitaplardyr žurnallar, olardaky goşgular, ertekiler, hekaýalar göz öňüne gelýär. Ynsan balasynyň kitaplar dünýäsi bilen ilkinji tanyşlygy hem hut çagalara niýetlenen kitaplardan başlanýar. Bu kitaplar bolsa çagalara çeper edebiýatyň jadylaýjy dünýäsine aralaşmaga ýardam berýär.
Gyzykly goşgularydyr matallary, sanawaçlary, jadyly ertekileridir çeper hekaýalary bilen diňe bir türkmen çagalarynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň çagalarynyň hem söýgüsini gazanan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň türkmen edebiýatynda bitiren hyzmaty uludyr. Ol çaga dünýäsiniň inçe duýgularyna düşünip, çagalaryň kalbynda özüniň şahyrana köşgüni guran ýazyjy-şahyrdyr.
Çagalar üçin kitap ýazmak örän jogapkärli meseledir. Ene-ata ýaly çaganyň kalbynda söýgini oýarýan, gowulygy, adamkärçiligi terbiýeleýän, çaganyň ýüreginde şatlyk döredýän şahyryň özi hem päk ýürekli, ynsanperwer, çaga ýaly arassa kalply bolmalydyr. Şeýle jogapkärçiligi öz üstüne alan, çagalar edebiýatyna ömrüni bagyş eden şahyr, kyssaçy, terjimeçi, alym Kaýum Taňrygulyýew çaga kalbynyň şahyrana atasydyr.
Eýsem, çaga kalbyna täsir edýän şeýle ajaýyp, şahyrana eserleri döreden çagalar edebiýatynyň görnükli wekili Kaýum Taňrygulyýewiň döredijilik ýoluna başlamagyna, şahyr, ýazyjy bolup ýetişmegine itergi beren zat nämekä? Şahyryň çagalyk, ýaşlyk ýyllary bilen içgin gyzyklananyňda, onuň çagalygynyň, göräýmäge, sadaja durmuşda geçendigine garamazdan, edebiýata, halk döredijiligine, oba durmuşynyň zähmetine, gözel tebigatyna ýugrulandygyna göz ýetirýärsiň. Bu zatlaryň ählisi onuň döredijiliginde belli bir derejede öz beýanyny tapypdyr. K.Taňrygulyýewiň çagalykdan alan terbiýesi, başyndan geçiren wakalary, durmuş pursatlary, hatda belli ýazyjydyr şahyrlar, görnükli adamlar bilen duşuşmagy hem onuň döredijiligine öz täsirini ýetiripdir.
Kaýum Taňrygulyýew 1930-njy ýylyň 10-njy maýynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gyzylaýak obasynda dogulýar. Gyzylaýak obasy gaýra tarapyndan Amyderýa, ilersinden Garagum derýasy akyp geçýän ajaýyp oba bolupdyr. Şol döwürde Garagum derýasynyň sag tarapy ekinzarlyk, çep kenary bolsa ýaýylyp ýatan Garagum çöli bolan. Iki derýanyň owazy bilen daňyny atarýan Gyzylaýak obasynyň özüne çekiji täsin tebigy gözelligi, geljekki şahyryň tebigata bolan çäksiz söýgüsini kemala getiripdir.
K.Taňrygulyýewiň hakyky ady Abdykaýum bolupdyr. Ol öz ady barada şeýle diýýär: «Enem-atam aslynda maňa Abdykaýum diýip at goýupdyr, ýöne gök kagyza Kaýum diýip gysgaldyp ýazaýypdyrlar. “Abdy” sözi Allanyň bendesi, guly diýmek, Kaýum bolsa, Allanyň gözel atlarynyň biri bolup, meniň bilşimçe, başlangyjy, ahyry bolmadyk, ezelden ebede çenli gaýym bolan diýen manyny berýän bolmaly».
K.Taňrygulyýewiň kakasynyň adyna Taňryguly Çary diýipdirler. Olar ýaş mahallary Gyzylaýak obasyna altmyş öýli bolup başga obadan göçüp gelipdirler. Taňryguly Çary obada padyman, ýagny sygyr çopany bolup zähmet çekipdir. K.Taňrygulyýew öz kakasynyň orta boýly, eginlek, sargylt sakgally, tegelek ýüzli adam bolandygyny, sowady, okuwy bolmansoň, çagalaryny bilimli edip ýetişdirmek aladasy bilen okadandygyny kitabynda ýatlaýar. K. Taňrygulyýewiň ejesiniň adyna Enargül mama diýipdirler. Olaryň uly hem agzybir maşgalasy bolup, olar alty dogan eken. K.Taňrygulyýew maşgalada dördünji çaga bolupdyr.
Kiçijik Kaýum oba mekdebinde okapdyr. Ol okuwdan gelensoň, goýun-geçi bakyp, kakasy ýaly çopançylyk edipdir, mallara ot ýygypdyr, odun çöpläpdir.
Körpeje Kaýum mallary, owlak-guzulary gowy görüpdir, şol sebäpli çopan bolmak onuň çagalykda iň uly arzuwy bolupdyr. Mal-garanyň yzynda gezip, çöl-beýewana belet bolan ýaşajyk Kaýum oba durmuşynda ýaşap, kiçilikden zähmete werziş bolmagy, ulular bilen deň hatarda işlemegi öwrenipdir.
Çagalykda oba oglanlary bilen bile diňlän türkmen halk ertekileri, rowaýatlary, aýdyşan mataldyr sanawaçlary, aýdymlary ýaşajyk Kaýumyň aňyna daşa ýazylan ýaly berk ornaşypdyr. Onuň çagalyk ýyllarynda halk döredijilik eserleri, esasan, dilden aýdylypdyr. Şol döwrüň çagalary bilen birlikde ýaş Kaýum hem dilewar gojalaryň, ýaşulularyň, esasan hem, obalaryndaky Toty mamanyň gürrüň beren ertekilerini, rowaýatlaryny we täsin gürrüňlerini diňläpdirler.
Ol 11 ýaşyndaka Beýik Watançylyk urşy başlanypdyr. Urşuň agyr ýyllarynyň başlanmagy bilen Kaýum çagalygynyň hezil günlerini yzda galdyryp, ulular bilen deň hatarda zähmet ýoluna başlapdyr. Ol 5-nji synpda okaýarka, okuwdan soň, oba poçtalýony bolup işläp, gazetdir žurnallary, uruşdan gelen üçburç hatlary obadaşlaryna paýlapdyr, hatda käbir hatlary eýelerine okap hem beripdir. Ýaşajyk poçtalýon frontdan gelen hatlary gowşuranda, obadaşlarynyň oňa umytly gözler bilen seredip, gowy habara garaşyşlaryna, gynançly habarlary gowşuranda bolsa, ol maşgaladakylaryň ajy gözýaşlaryna şaýat bolupdyr. Bu ýagdaýlar hem geljekki şahyra uly täsir edipdir.
Şol hasratly, ajy günleriň bir çeti K. Taňrygulyýewiň hem maşgalasyna degipdir. Onuň ikinji agasy, ýigrimi ýaşly Abdyrahym 1941-nji ýylda Beýik Watançylyk urşuna gidip, ondan dereksiz ýitdi diýlen habar gelipdir. Bu habara ejesiniň hiç ynanasy gelmändir, ol oglunyň sag-aman gelerine kän garaşypdyr. Perzendini ýitirip, gözi ýolda galan ejesine göwünlik beren Kaýum beýleki maşgala agzalary bilen bile, şol agyr ýyllaryň keşigini çekmeli bolupdyr.
Nägehan uruş ýeňiş bilen tamamlanandan soň, harby komissarlyklar tarapyndan uruşda dereksiz ýiten we wepat bolan esgerler baradaky maglumatlar seljerilip, ençeme beýleki esgerler bilen bir hatarda Kaýum Taňrygulyýewiň agasy hakynda hem anyk resminamalar ýüze çykarylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginde saklanylýan arhiw resminamalarynyň esasynda taýýarlanylyp, neşir edilen «Hatyra» kitabynda Watan üçin söweşip, parahat, bagtyýar durmuş üçin şirin janlaryny gurban eden merdana gerçekleriň atlary ebedileşdirildi. Lebap welaýatyndan Watan gullugyna çagyrylyp, uruşda dereksiz ýiten we wepat bolan esgerleriň atlarynyň sanawy berilýän «Hatyra» kitabynyň IV tomunyň 854-nji sahypasynda Kaýum Taňrygulyýewiň agasynyň haçan we nirede ýogalandygy hakynda şeýle setirler bar: «Taňrygulyýew Abdyrahym, Gyzylaýak r-n, Gyzylaýak obasynda 1921 ý. d., Gyzylaýak r-n çagyrylan, rýad., 19.03.42 ý. wepat bolan, Harkow obl. Staryý Saltow r-n Kupwaha obasynda jaýlanan».
1945-nji ýylda uruş tamamlanandan soň, K. Taňrygulyýew Kerkidäki 4-nji mekdep-internatynda orta bilim alypdyr. Mekdepde okaýan wagtlary okuw kitaplaryndaky, gazet-žurnallardaky goşgulary ýat tutupdyr. Onuň çagalykdan çeper edebiýata bolan söýgüsi, kitap okamaga bolan yhlasy geljekki şahyryň ilkinji binýadyny goýupdyr.
Eýýäm 6-njy synpda Kaýum Taňrygulyýew ululy-kiçili ilkinji goşgularynyň onlarçasyny ýazypdyr. 1948-nji ýylda 18 ýaşly ýaşajyk şahyryň «ak altynyň» ýygymçylary hakynda ýazan «Joralar» atly goşgusy ilkinji gezek Kerki etrabynyň «Pagtaçynyň sesi» raýon (etrap) gazetinde, 1950-nji ýylda 10-njy synpda okaýarka, «Lager» atly goşgusy «Mydam taýýar» gazetinde çap edilipdir. Goşgularynyň gazetde çap bolup çykandygyna çäksiz begenen, kalbynda şahyrana uçgunlar dörän geljekki şahyr şondan soň ürç edip goşgy ýazyp ugrapdyr.
Şol ýyllarda «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynyň baş redaktory bolan şahyr Nurberdi Pomma K.Taňrygulyýewiň redaksiýa iberen «Watan», «Zähmetdedir», «Salam, uniwersitet!» atly goşgularyna uly baha berip, ýaş şahyryň özüne bolan ynamyny has-da artdyrypdyr.
K.Taňrygulyýew mekdep döwürlerinde kiçiräk goşgulary ýazsa-da, ulalanda özüni çagalaryň şahyry ýa-da belli ýazyjy bolaryn diýip, göz öňüne-de getiren däldir. Ýöne ýyllaryň geçmegi bilen durmuşyň her bir pursaty geljekki şahyryň aňyna «irginsiz zähmet çekmeli, okamaly, öwrenmeli, yhlasly we erjellik bilen öz-özüňi kämilleşdirmeli» diýen pikirleri guýupdyr hem-de ony kem-kemden ýazyjylyk ýoluna alyp barypdyr.
1950-nji ýylda orta mekdebi tamamlan K.Taňrygulyýew synaglardan üstünlikli geçip, şol ýyl täze açylan A.M.Gorkiý adyndaky (häzirki Magtymguly adyndaky) Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Şol pursatdan başlap hem onuň durmuşynda täze bir sahypa açylyp, edil döredijilik ussahanasy ýaly onuň kämillige barýan ýolunda giň mümkinçilikleri döredipdir. Uniwersitetde Abdylla Myradow, Allaberdi Haýydow, Anna Paýtykow, Halyl Kulyýew, Hanguly Taňryberdiýew, Öde Abdyllaýew, Naryman Jumaýew, Nury Baýramow, Täşli Gurbanow, Ýagmyr Pirgulyýew ýaly geljekki belli ýazyjy-şahyrlar, edebiýatçy alymlar bolup ýetişjek zehinli talyplar bilen bile okamagy ýaş şahyryň döredijilik ýoluna ymykly ugrukmagyna has-da itergi beripdir.
K.Taňrygulyýew talyp deň-duşlary bilen Berdi Kerbabaýew, Gara Seýitliýew, Ata Gowşudow, Beki Seýtäkow, Ata Salyh ýaly ussat edebiýatçylaryň geçirýän edebi agşamlaryna, döredijilik duşuşyklaryna höwes bilen gatnaşypdyr. Edebiýatçylar, çeper edebiýaty söýüjiler bilen geçirilýän şeýle duşuşyklar K.Taňrygulyýewiň edebi döredijiliginiň kämilleşmegine örän uly ýardam beripdir.
Talyplyk ýyllary K. Taňrygulyýew edebi döredijilik işine has çynlakaý ýapyşyp, täze-täze goşgularyň üstünde işläpdir. Netijede, her aýda gazet sahypalarynda täze bir goşgusy çapdan çykypdyr. Uniwersitetiň ikinji ýyllygynyň talyby K. Taňrygulyýew ýoldaşlarynyň maslahaty bilen, çap bolan goşgularyny jemläp, aýratyn kitapça çykarmak üçin ýazyjylar birleşigine barýar. Onuň çagalar üçin taýýarlan ýygyndysyny okan şahyr Rehmet Seýidow bilen dramaturg Guseýin Muhtarow ýaş şahyryň ilkinji ýygyndysyna tankydy bellikleri edip, oňa köp okamagy, çagalara degişli goşgularyň gyzykly, özüne çekiji bolmalydygyny, gören-synlan wakalaryny pikirlenip, gyzykly setirleri düzmelidigini maslahat beripdirler. Şondan soň ýaş şahyr bu maslahatlara eýerip, daşary ýurt edebiýatynyň çagalar üçin ýazylan eserlerini, rus ýazyjy-şahyrlar S. Marşagyň, K. Çukowskiniň, S. Mihalkowyň, A. Gaýdaryň eserlerini, halk ertekilerini yzygiderli okap, öwrenip başlapdyr. Ol döredijilik ýolunda ruhdan düşmändir. Ýaş şahyr birbada öz gowşak tarapyny görmese-de, soňy bilen, birnäçe ýylyň dowamynda şol edilen bellikleriň ýerliklidigine göz ýetiripdir. Soňlugy bilen K. Taňrygulyýew çagalara niýetlenen eserleri döretmekde özüniň has-da kämilleşýändigini duýupdyr. Şondan soňky ýazan goşgulary öňkülerden has gyzykly hem çeperçiligi bilen tapawutlanypdyr. Şeýlelikde, onuň goşgularynyň birnäçesi 1955-nji ýylda türkmen edebiýatynyň Moskwada geçirilen dekadasy üçin türkmen we rus dillerinde neşir edilen kitaplarda, Moskwadaky «Смена» atly žurnalda, şeýle hem gazet-žurnallarda çap edilipdir.
Talyplyk döwründe «Türkmenistan» neşirýatynda redaktor bolup işe başlamagy Kaýum Taňrygulyýewiň döredijilik işine uly täsir edipdir. 1955-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlan ýaş şahyr şol neşirýatyň çagalar bölüminiň redaktory wezipesine bellenilýär.
Çagalar üçin döredilýän eserler diňe bir gyzykly bolman, eýsem, çagalaryň dünýägaraýşyny ösdürýän, gözýetimini giňeldýän, çagada kiçilikden gowy gylyk-häsiýetleri terbiýeleýän, öwredijilik, terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolmalydyr. Üstesine-de, şol pikirleriň çaga aňyna düşnükli bolan sada hem çeper dilde beýan edilmegi şahyryň söz ussatlygyny, durmuş tejribesiniň çuňňur hem köptaraply bolmagyny talap edýär.
Şahyr Kaýum Taňrygulyýewde şeýle ýiti zehin, çeper döredijilik bilen çagalary şatlandyrmaga bolan ymtylyş ýyl geçdikçe artypdyr. Ol ýaşlygyndan baş goşan bu döredijilik ýoluna ygrarly galyp, özüniň tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, irmän-arman okap öwrenmegi, ýadawsyz zähmeti hem-de şahyrana ussatlygy bilen türkmen çagalar edebiýatyna has çuňňur aralaşyp, yzly-yzyna döredijilik üstünliklerini gazanyp ugrapdyr. Şeýlelikde, ýaş şahyryň döredijilik yhlasy ilkinji miwelerini eçilip başlapdyr. 1956-njy ýylda şahyryň «Altyn aşyk» atly ilkinji goşgular ýygyndysy şahyr K.Gurbannepesowyň redaktirlemeginde çap edilýär. 1957-nji ýylda ýaş şahyryň «Şadyýan çagalar» atly ikinji kitaby çap edilýär. Bu ýygynda «Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň» diýen umumy at bilen «Erik», «Üzüm», «Igde», «Badam», «Hyýar», «Gawun», «Garpyz», «Käşir» atly kiçiräk goşgulary hem girizilipdir.
Çagalaryň bag ekip, ideg edip, hasylyny öz elleri bilen ýygnap iýseler, nähili süýji bolýandygy barada eser döretmek üçin şahyr birnäçe ýyllap pikirlenip, köp oýlanypdyr. Özi hem çagalar bilen bag ekip, ýetişdirip, olary synlap, miweler baradaky şol goşgularyny döredipdir. Bu gysgajyk hem anyk goşgular çaga aňyna has ýakyn bolup, olar sadalygy, çeperligi, ýatda galyjylygy bilen tapawutlanyp, çagalarda zähmetsöýerligi, tebigata bolan söýgini oýarýan pikirleri öňe sürüpdir.
Miweler we gök önümler baradaky bu goşgular toplumy soňra «Murzilka» («Мурзилка») atly žurnalda, 1959-njy ýylda bolsa Moskwada rus dilinde aýratyn kitap bolup, 300 müň nusgada neşir edilýär. Yz ýanyndan şahyryň rus dilinde çykan ýygyndylarynyň ençemesinde, ukrain, eston, azerbaýjan, özbek, latyş, moldawan dillerinde neşir edilen kitaplarynda ir-iýmişler baradaky şol goşgulary hem girizilipdir. Doganlyk halklaryň we daşary ýurt dillerinde çap bolup çykan bu goşgular ýaş şahyra uly meşhurlyk getiripdir.
K.Taňrygulyýew 1957-nji ýylda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär.
Şondan soň şahyryň «Agajyk – täsin çagajyk» (1958 ý.), «Pilmahmyt» (1959 ý.), «Bir hekiň başdan geçirmeleri» (1960 ý.), «Synag edýär alym bilbil» (1962 ý.) ýaly ençeme goşgular, poemalar, ertekiler kitaplary neşir edilipdir.
Şol döwürde Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy bolup işlän şahyr Gara Seýitliýew Kaýum Taňrygulyýewiň çagalar üçin ýazan goşgularynyň beýleki dillere terjime edilmegi üçin köp tagallalar edipdir. Hut şol döwürde ýaş şahyryň çagalar üçin kitaplary dürli dillerde yzly-yzyna neşir edilipdir.
K.Taňrygulyýew 1960–1963-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň kiçi ylmy işgäri wezipesinde işleýär. Şahyr türkmen çagalar edebiýatyny ylmy taýdan öwrenip, «Uruşdan soňky türkmen çagalar poeziýasy» atly ylmy işini ýazýar.
1964-nji ýylda şahyr K.Taňrygulyýew ýene «Türkmenistan» neşirýatyna işe gelýär. Döredijilik ýolunda tejribe toplan şahyr Kaýum Taňrygulyýewe neşirýatyň çagalar we ýetginjekler bölüminiň müdiri wezipesi ynanylýar.
1965-nji ýylyň ýanwar aýynda Kaýum Taňrygulyýew ylmy işini üstünlikli tamamlap, akademik Baýmuhammet Garryýewiň ýolbaşçylygynda dissertasiýasyny goraýar we filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine mynasyp bolýar.
1967-nji ýylda partiýa (КПСС) agzalygyna saýlanýar, 1967–1968-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magaryf ministrliginiň ýokary okuw mekdepleri boýunça uly gözegçi-usulyýetçisi (starşiý inspektor-metodist), 1967–1969-njy ýyllarda TDU-nyň mugallymy, 1969–1974-nji ýyllarda Magaryf ministrliginiň pedagogik ylymlaryň ylmy-barlag institutynyň mekdebe çenli ýaşly çagalar terbiýesi sektorynyň müdiri, 1974–1980-nji ýyllarda Türkmen döwlet pedagogik institutynyň edebiýat kafedrasynyň mugallymy bolup işleýär. Ol talyplara «Çagalar edebiýaty» dersi boýunça umumy sapaklardan bilim beripdir.
1972-nji ýyldan «Çagalar edebiýaty» («Детская литература») žurnalynyň redkollegiýasynyň agzasy, 1982-nji ýyldan SSSR Ýazyjylar birleşiginiň çagalar we ýetginjekler edebiýaty birleşmesiniň agzasy bolýar.
K.Taňrygulyýew 1981-nji ýylda «Körpe» žurnalynyň ilkinji baş redaktory bolup işe başlaýar. Türkmen we rus dillerinde aýratynlykda neşir edilýän «Körpe» we «Малыш» žurnallarynyň ilkinji sany onuň ýolbaşçylygynda 1982-nji ýylyň ýanwarynda okyjylara gowuşýar. K. Taňrygulyýew bu wezipede 10 ýyl zähmet çekip, žurnalyň her sanynyň gyzykly bolmagynda, çagalary edebiýat bilen tanyşdyrmakda özüniň döredijilik zähmetini, yhlasyny siňdiripdir.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy K. Taňrygulyýew çagalaryň hukuklaryny goramak ýaly jemgyýetçilik işlerine hem işjeň gatnaşypdyr. Ol 1988-nji ýylda Türkmenistan boýunça Çagalar gaznasynyň başlygy bolmak bilen, hossarsyz galan çagalara kömek bermek ýaly uly wezipäni öz üstüne alypdyr.
Şahyr bu wezipede kän wagt işlemändir. Onuň döredijilik bilen meşgullanmaga wagtynyň galmaýandygy sebäpli, ol iki ýoluň haýsy hem bolsa birini saýlamaly bolýar, şonda döredijilik ýoluny saýlandygy barada žurnalistleriň biri bilen eden söhbetdeşlikleriniň birinde belläpdir. Şeýle-de bolsa, ol mätäçlere hemaýat bermek ýaly haýyrly işlerde elinden gelen kömegini gaýgyrmandyr.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy K. Taňrygulyýew öz kitaplaryndan gelen galam hakylaryny Dünýäniň «Parahatçylyk gaznasyna» («Фонд мира») yzygiderli geçiripdir. Şeýle hem, Polşa Halk Respublikasynyň memorial keselhanasynyň gurluşygy üçin ýygnalýan serişdelere öz goşandyny goşup, her bir ak ýürekli ynsan ýaly şeýle asylly işlerden çetde durmandyr.
K.Taňrygulyýewiň «Keşt edeliň ülkämize» (1970 ý.), «Gök gürlän çagy» (1973 ý), «Goşa derek» (1976 ý.), «Çopan synçylygy» (1979 ý.), «Padymanyň ýodasy» (1982 ý.), «Garaköwli batyr, Ýartygulak, Jaňly owlak» (1984 ý.), «Gyzyl gar» (1985 ý.), «Saýlanan eserler» (1987 ý.), «Kim nämäni oýlanar?» (1990 ý.), «Jadyly däne» (1993 ý.), «Biz Altyn asyra aşdyk, alçy gopdy altyn aşyk» (2000 ý.), «Heýjanelek, janelek» (2008 ý.) ýaly türkmen dilinde goşgular kitabynyň onlarçasy neşir edilipdir. Umumylaşdyryp aýdanymyzda, şahyryň şygyrlardan hem kyssalardan ybarat 200-e golaý kitaby 30 milliondan gowrak nusgada neşir edilip, daşary ýurt dilleriniň 45-den gowragyna terjime edilýär. Şahyryň körpe okyjylarynyň uly söýgüsine mynasyp bolan eserleri azerbaýjan, belarus, bengal, bolgar, çeh, dari, ermeni, eston, fransuz, garagalpak, gazak, gruzin, gudal, gujarati, gyrgyz, haus, hindi, horwat, iňlis, ispan, italýan, latyş, litwa, makedon, mongol, marathi, moldowan, nemes, özbek, panjabi, polýak, rumyn, rus, serb, tamili, tatar, telugu, täjik, ukrain, urdu, wenger, ýapon we dünýäniň beýleki halklarynyň dillerinde ýaňlanypdyr.
K.Taňrygulyýewiň eserlerinde edep-ekram, ýagty geljege umyt, okuwa, zähmete yhlas, türkmeniň gözel tebigatyna, haýwanat dünýäsine söýgi ýaly meseleler öňe sürülýär. Ýazyjy haýsy temadan ýazsa-da, olar Watany, zähmeti söýmäge, ene-ata, özüňden ula hormat goýmaga, köp okamaga, öwrenmäge çagyrýan terbiýeçilik ähmiýetli many-mazmuna eýe bolýar.
K.Taňrygulyýewiň döredijiligi köptaraplydyr. Ol diňe bir çagalar üçin eserleri ýazmak bilen çäklenmän, eýsem, çagalar edebiýaty boýunça 100-den gowrak ylmy makalalaryň, 6 sany monografiýanyň, ýokary okuw mekdepleri üçin «Türkmen çagalar edebiýaty» (1980 ý.) atly gollanmanyň, şeýle hem birnäçe aýdym kitaplarynyň hem awtorydyr.
Ol özüniň çagalar edebiýaty boýunça ylmy derňewlerinde halk döredijilik eserleriniň ýazyjy-şahyrlar üçin gymmatly çeşme bolup durýandygyny belläp, täze eserler döredilende halk döredijilik eserleriniň wakalaryny gaýtalaman, olaryň täze eserlere ylham bermelidigini nygtaýar. K. Taňrygulyýewiň çagalar edebiýaty baradaky ylmy kitaby türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda bu ugurda ýazylan ilkinji işdir…
K.Taňrygulyýew terjimeçilik işi bilen meşgullanyp, daşary ýurt ýazyjylarynyň eserleriniň ençemesini türkmen diline terjime edipdir. 1957-nji ýylda Şota Rustaweliniň taryhylygy we çeperçiligi bilen meşhur bolan «Gaplaň derisine giren pälwan» poemasyny terjime etmegi onuň döredijilik ýolundaky abraýyny has-da artdyrypdyr. Mundan başga-da, ol rus ýazyjylary Pýotr Ýerşowyň (1815–1869 ý.)
«Küýki taýçanak» eserini, Sergeý Mihalkowyň (1913–2009 ý.), Ýakow Akimiň (1923–2013 ý.), rus çagalar ýazyjylary Agniýa Bartonyň (1901–1981 ý.), Wladislaw Bahrewskiniň (1936 ý.), italýan çagalar ýazyjysy Janni Rodariniň (1920–1980 ý.), bolgar ýazyjysy Asen Bosewiň (1913–1997 ý.) eserlerini terjime edip, türkmen okyjylaryna ýetirdi. 1986-njy ýylda neşir edilen «Hezil hiňňildik» atly bir tomlukda K. Taňrygulyýewiň otuz ýyldan gowrak wagtyň içinde terjime äleminde eden işleri ýerleşdirilip, onda 100-den gowrak daşary ýurt ýazyjy-şahyrlarynyň 300-e golaý ownukly-irili eserleri türkmen dilinde berilýär.
Şahyr daşary ýurt çagalar ýazyjylary bolan Ý. Akim, W. Bahrewskiý, S. A. Baruzdin dagy bilen hem döredijilik we dostluk gatnaşygyny saklapdyr, olardan köp zatlary öwrenip, olaryň degerli maslahatyny alypdyr. Olar terjimeçilik işinde-de birek-birege hemaýat beripdirler.
XX asyryň 60-njy ýyllarynyň aýagynda K. Taňrygulyýewiň dostlaşan ýazyjysy W. Bahrewskiý şahyryň «Dutar bagt hakynda ýaňlanýar» kitabyny terjime edipdir. Şonda ol K.Taňrygulyýewiň kyssa eserlerini hem ýazmaga ukybynyň bardygyny aýdypdyr.
Türkmenistanyň görnükli döredijilik adamlary – şahyr Nurberdi Pomma, ýazyjy Berdi Kerbabaýew, belli suratkeş Yzzat Gylyjow we beýlekiler K. Taňrygulyýewiň döredijiliginiň ösmegine belli bir derejede öz täsirini ýetiripdir.
K.Taňrygulyýew belli çagalar ýazyjysy bolan, çagalar edebiýatynyň ösmegine mynasyp goşant goşan şahyr Ýagmyr Pirgulyýew bilen aýrylmaz dost eken.
Olar ilki Kerkiniň mekdep-internatynda, soňra Türkmen döwlet uniwersitetinde bile okapdyrlar. Şol ýyllar ikisiniň hem ilkinji goşgulary etrap gazetinde çap edilipdir.
1963-nji ýylda şahyr dostlaryň maşgalalary Aşgabatda ýazyjylara niýetlenip gurlan jaýa göçüp gelip, 40 ýyla golaý duldegşir goňşy bolup ýaşapdyrlar. Olar boş wagtlary küşt oýnap, pikir alşyp, bile gezim edipdirler, goşgularyny birek-birege okap beripdirler.
Çagalar ýazyjysyny çagalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şeýle bolansoň, şahyr K.Taňrygulyýewiň ençeme edebi-döredijilik duşuşyklaryna gatnaşyp, çagalar bilen gyzykly goşgudyr matallary aýdyşyp, öz ýaşajyk okyjylaryna şatlyk paýlaýan pursatlary az bolmandyr. Şeýle pursatlarda goşgusynyň başky iki setirini okan badyna goşgynyň galan setirlerini çagalar şahyr bilen bilelikde ýatdan aýdypdyrlar. Bu bolsa şahyryň ýazýan goşgularynyň çagalar tarapyndan şüweleňli okalýandygyny ýene bir ýola tassyklaýar. Durky bilen mähre ýugrulan, çaga göwünli şahyryň: «Çagalar bilen dil tapyşmak, ýakyn gatnaşykda bolmagam köp babatda döredijilik joşgunyny döredýär...» diýip bellemegi onuň döredijilik äleminde mydama gözlegde bolandygyna, çagalara bolan söýgüsiniň täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyna şaýatlyk edýär. Ol çagalaryň ýazan hatlaryna jogap ýazyp ýollamaga-da wagt tapypdyr. K. Taňrygulyýew körpeje okyjylarynyň isleglerini öwrenip, çaga dünýäsiniň özboluşly sadalygyny duýup, olaryň göwünlerinden turaýjak eserleri döredipdir.
Çagalar edebiýaty, göräýmäge, ýönekeý ýaly bolsa-da, çeper edebiýat, goşgy bilen çagany özüňe çekäýmek aňsat iş däl. Päkize hem arassa çaga dünýäsine aralaşyp, olaryň ýüreklerine täsir edip biljek eserleri döretmekde çaganyň göwni ýaly duýgurlyk gerek diýip belleýän şahyr bu barada şeýle ýazýar: «Çaga ýazyjysynyň dili, durmuşy bilmegi, ylymly-bilimli bolmagy ýeterlik däl, eýsem, onuň çaga ýüregine, duýgusyna düşünmegi hem zerur». Şeýle işi başaran ussat ýazyjy K.Taňrygulyýewiň çagalar üçin ýazan eserleri gyzykly, çeper, özüne çekiji bolmak bilen, diňe bir öz ýurdumyzyň çagalarynyň däl, beýleki halklaryň çagalarynyň hem gyzyklanyp okaýan eserlerine öwrüldi. Ol Russiýada, Çehiýada, Germaniýada, Mongoliýada, Ýaponiýada, Wengriýada, Mozambikde, Ispaniýada, Hindistanda we başga-da birnäçe döwletlerde çagalar edebiýatyna bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatlaryň ençemesine gatnaşypdyr.
K.Taňrygulyýew ömrüniň 60 ýyldan gowragyny döredijilik işine bagyşlan şahyr-ýazyjydyr. Ol bu barada: «Meniň iň öndümli, basa oturyp işlän döwrüm soňky on ýyl. Ýetmiş bilen segsen ýaş aralygynda, hiç ýerde işlemän, diňe döredijilik bilen meşgullandym» diýip belläpdir.
Özüniň manyly ömrüni çagalar edebiýatyna, türkmen edebiýatyny ösdürmäge bagyşlan K.Taňrygulyýew ömrüniň soňky ýigrimi bäş ýylynyň içinde ululara niýetlenen eserleri hem döredipdir. Ol ulular üçin «Gaýly Garaja ýa-da ýalňyzlyk ýazgydy» atly romanyny, «Altyn okara» atly esseler kitabyny, ýazyjy-şahyrlar hakyndaky «Galamdaş ägirtler – şägirtler» atly ýatlamalar kitabyny, «Gündelik» kitabyny, goşgular ýygyndysyny we başga-da köp sanly eserleri ýazypdyr…
Hakyky ýazyjydyr şahyrda tebigy zehin bilen bir hatarda yhlasly hem irginsiz zähmetiň gerekdigini K. Taňrygulyýewiň durmuşynda hem görmek bolýar. Onuň ýigrimi sekiz ýaşyndan başlap, her gün irden sagat dörtde turup, işe gitmänkä, sagat sekize çenli döredijilik işi bilen meşgullanmak endigi bolupdyr. Ol bu döredijilik endigini on bäş-ýigrimi ýyl dowam etdiripdir. Ömrüniň soňky ýyllarynda ol ir sagat bäşde-altyda turup işläpdir. Özüňi bek tutmasaň, döredijiligiň aňsat iş däldigini belleýän K. Taňrygulyýewiň ömri tutuş zähmete ýugrulandyr. K.Taňrygulyýew özüniň tutanýerli zähmetiň öndümli netijeleri bilen häzirki zaman çagalar edebiýatynda ussat halypa hökmünde nusgalyk yz galdyrmagy başaran, türkmen çagalar edebiýatyny beýgelden şahyrdyr.
Şahyryň gazanan hormatly atlary, baýraklary, diplomlary onuň döredijiligine berlen bahanyň nähili ýokarydygyna güwä geçýär. Şahyra «Dutar bagt hakynda ýaňlanýar» (1970 ý.) kitaby üçin 1971-nji ýylda Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy gowşurylýar. K. Taňrygulyýew Mongoliýanyñ Merkezi ýaşlar guramasynyň «Ýaş nesliň öňdebaryjy terbiýeçisi» nyşanyna (1979 ý.), «Hormat nyşany» ordenine (1980 ý.), Gans Hristian Andersen adyndaky Halkara baýragynyň hormatly diplomyna (1980 ý.), «Halk Magaryfynyñ otliçnigi» diýen (1980 ý.) ada eýe bolýar.
SSSR-iň Parahatçylyk gaznasynyň medalyna (1982 ý.) mynasyp bolýar. 1984-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ada eýe bolýar. Çagalaryň söýgüli ýazyjysy bolan şahyryň Watan, halk üçin bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, K.Taňrygulyýew «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen iki gezek 1996 ý., 2016 ý. (merhum) sylaglanylýar.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýew 2014-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda dünýäden ötýär.
K.Taňrygulyýew ömrüniň ahyrynda öz eserlerini on sany tomda jemläp, köp bolmadyk nusgada neşir etdirip, döredijilik zähmetiniň gymmatly miwelerini öz çagalaryna miras galdyrypdyr.
Dogrudan-da, onuň wagt eleginden geçen eserleri häzir hem öz gymmatyny ýitirmän gelýär.
Meşhur türkmen çagalar ýazyjysynyň ýaş nesiller üçin bitiren hyzmatlary barada söz ussatlary B. Kerbabaýew, B. Seýtäkow, K. Gurbannepesow,
B. Hudaýnazarow, belli suratkeş Y. Gylyjow, daşary ýurt ýazyjylary S. Mihalkow,
S. Baruzdin, N. Tihonow, A. Barto, M. Karim we beýlekiler dürli döwürlerde öz ýakymly sözlerini aýdyp geçipdirler.
«Ýürekden çykýan sözler ýürege barar» diýlişi ýaly, K. Taňrygulyýewiň çaga kalby bilen, mähir bilen ýazan eserleri çagalaryň, ýaşlaryň söýgüsini gazanmak bilen, olaryň iň köp okaýan eserlerine öwrüldi. Çaga kalply şahyr K. Taňrygulyýew tutuş döredijiligini çagalara bagyşlamak bilen, türkmen çagalar edebiýatynda özüni ykrar etdirdi. Onuň ýazan gyzykly goşgulary, ertekileri, körpeler üçin aýdymlary çagalaryň, uly ýaşly okyjylaryň ýüreklerinde orun almak bilen, kämil eserlerdigini subut etdi. K. Taňrygulyýewiň döredijiliginiň agramy türkmen edebiýatynda milli çagalar edebiýatynyň düýbüni tutan zehinli çagalar ýazyjysyny kemala getirdi.
K.Taňrygulyýewiň eserlerini häzirki ösüp gelýän ýaş neslimiz hem uly höwes bilen okaýar.
Amangözel ÖDEKOWA,
Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň
arhiw gaznasynyň baş ylmy işgäri.
«Türkmen arhiwi» žurnaly
2025-nji ýyl 25-nji goýberiliş