Täzelikler

Назад

06.12.2025

Parahatçylyk – ýaşaýşyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, ösüşiň beýik taglymaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Baş arhiw müdirliginiň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk – ýaşaýşyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, ösüşiň beýik taglymaty» atly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Gärede Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki orny we ösüşi, ýurdumyzyň öz garaýyşlaryny we maksatlaryny öňe sürmekde, şeýle hem halkara hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekde tutýan orny, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy berjaý etmäge bolan ägirt uly islegimizi beýan edýän Bitaraplyk ýörelgämiz barada buýsanç bilen aýdyldy. Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesini Ýer ýüzünde giňden şöhratladyrmak ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ägirt uly işleriň durmuşa geçirýändigi nygtalyp geçildi. 

Çärä gatnaşyjylar Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy türkmen döwletliliginiň goşa ganatyna deňäp, türkmen halkyny ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.