Täzelikler

Назад

17.12.2025

Bitaraplyk – parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Arkadag şäheriniň döwlet arhiwinde “Bitaraplyk – parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady” atly çäre geçirildi.

Çykyş edenler baky Bitaraplygyň türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandygyny, onuň oňyn netijeleri Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşleriniň ähli ugurlarynda aýdyň beýanyny tapýandygyny bellediler. Şeýle hem, ýurdumyzda  Baky Bitaraplyk derejesini bütin dünýä äşgär etmek ugrunda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda gürrüň etdiler.

Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek tassyklanan bu hukuk derejesi Watanymyzyň diňe bir milli bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlar, şol sanda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.

Çärä gatnaşyjylar  halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda  giň göwrümli işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.