Täzelikler

Назад

22.12.2025

Türkmenistanyň Merkezi bankynda okuw sapagy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda  Türkmenistanyň Merkezi bankynda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň resminamalary peýdalanmagy guramak bölüminiň hünärmenleri tarapyndan bankyň işgärleri bilen Türkmenistanyň döwlet arhiwlerinde saklanylýan resminamalaryň görnüşleri we olary peýdalanmagyň tertibi barada okuw sapagy geçirildi. 

Okuw sapagynda arhiw resminamalaryny peýdalanmagyň tertibiniň düzgünleri düşündirildi we döwlet arhiwinde saklanylýan arhiw resminamalar esasynda taýýarlanan  Mukaddes Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – bagtyýarlygyň we jebisligiň nusgasy», Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk şöhratymyz-şanymyz», Beýik watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Frontdan gelen hatlar», Türkmenistanyň arhiw gullugynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň arhiwleri – taryhy gymmatlyklary jemleýän hazynalar» atly temalar boýunça gyzykly maglumatlar berildi.