Täzelikler
Назад
23.12.2025
Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginde okuw-maslahaty geçirildi
Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmenleri tarapyndan Arkadag şäheriniň edaralarynda, kärhanalarynda, guramalarynda iş dolandyryşy talaba- laýyk ýola goýmak, arhiw işi we iş dolandyryş boýunça kadalaşdyryjy resminamalary işe ornaşdyrmak maksady bilen ýygy-ýygydan okuw maslahatlary geçirilýär.
Ynha şeýle okuw maslahatlaryň biri «Iş dolandyryş we arhiw işiniň ýöredilişi» ady bilen Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň we onuň garamagyndaky edaralarynyň arhiw işini we iş dolandyryşy alyp barmak boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginiň binasynda geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda arhiw işini ösdürmek boýunça kanunlary we olardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalary, Baş arhiw müdirligi tarapyndan işlenip taýýarlanylýan kadalaşdyryş-hukuk namalary, düzgünnamalary, kadalary, arhiw gaznalarynda resminamalaryň saklanylmaly möhletleri görkezilen birkysmy sanawy bilen tanyşdyryldy.
Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş edaralarynyň kadalaşdyryjy-usuly resminamalaryny, işleriň at ýazgylaryny işläp taýýarlamagyň, ylalaşmagyň we tassyklamagyň aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.