Täzelikler

Назад

23.12.2025

Bäherden etrap häkimliginde arhiw işi we iş dolandyryşy guramak boýunça okuw maslahaty geçirildi

Ahal welaýatynyň döwlet arhiwiniň pudaklaýyn arhiwler bilen işlemek boýunça işgärleri tarapyndan Bäherden etrap geňeşlikleriniň Geňeşiniň arçynlarynyň, edaralarynyň we häkimliginiň işgärleriniň gatnaşmagynda Bäherden etrap häkimliginde okuw maslahaty geçirildi.

Maslahatda arhiw işi boýunça täze işlenip taýýarlanan  kadalaşdyryjy-usuly resminamalar barada, iş dolandyryşda işleriň emele getirilişi, olaryň resmileşdirilişi, işleriň at ýazgysyny düzmegiň we arhiw işini alyp barmagyň esaslary barada gürrüň edildi hem-de sorag-jogap alşyldy. Şeýle hem, maslahatda geçirilen amaly sapaklar nazary bilimleri berkitmäge kömek etdi.