Täzelikler
Назад
29.12.2025
BITARAPLYGYŇ TARYHY KÖKLERINIŇ BEÝANY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Arhiw ulgamynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Bitaraplygyň taryhy kökleriniň beýany» ady bilen geçirilen bu dabara uly ruhubelentlige beslendi.
Döwlet Baştutanymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli halkymyza peşgeş beren bu ajaýyp kitaby türkmen halkynyň beýik häsiýetleriniň beýany bolup, Bitaraplygymyzyň asyrlaryň jümmüşinden badalga alýan gadymy gözbaşlary, taryhy ähmiýeti hakynda gürrüň berýär. «Türkmen halky üçin Bitaraplyk biziň taryhymyzyň, medeniýetimiziň, ruhumyzyň we milli häsiýetimiziň tebigy dowamydyr» diýýän hormatly Prezidentimiz bu kitabynda Bitaraplygymyzyň taryhy kökleriniň halkymyzyň ruhy ahwalatyndan, ençeme asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli häsiýetlerinden gözbaş alýandygyny düýpli yzarlaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Açyk ýüreklilik, hyzmatdaşlyga taýýarlyk, tebigy parahatçylyk söýüjilik, sabyrlylyk, özgäniň pikirine hormat – bularyň ählisi birnäçe müňýyllygyň dowamynda kemala gelip, türkmeniň özboluşly milli aýratynlygynyň özenini düzýär» diýip, şol häsiýetleriň Bitaraplygyň taryhy ideologiýasynyň emele gelmeginde möhüm wezipäni ýerine ýetirendigini belleýär.
Dabarada Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň esasy hünärmeni tarapyndan hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyna giňişleýin bibliografik syn berildi. Ajaýyp kitabyň many-mazmunyny, onuň syýasy-çeperçilik ähmiýetini açyp görkezen bu bibliografik syn dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem, Baş arhiw müdirliginiň hünärmenleriniň täze kitabyň many-mazmuny, ähmiýeti dogrusyndaky çykyşlary dabara gatnaşyjylar tarapyndan üns bilen diňlenildi.