Täzelikler

Назад

23.02.2026

Ýylyň şygary mynasybetli geçirilen çäreler

Baş arhiw müdirliginiň düzümindäki döwlet arhiwlerinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahatlar geçirildi. Bu şygar Türkmenistan watanymyzyň Garaşsyzlyk döwründe   batly ösüşiniň, şeýle hem  milli gymmatlygymyz bolan ahalteke bedewlerimizi dünýä tanatmagyň nyşany boldy.

Çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň taryhy ähmiýeti, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän işler babatynda gürrüň etdiler. Çykyşlar döwletimizde alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgerişleri açyklamaga, ýaşlarymyzy milli däp-dessurlarymyza we ata-babalarymyzyň medeni-mirasyna çuňňur hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge gönükdirildi. Şeýle hem, türkmen halkynyň milli baýlygy bolan ahalteke atynyň simwoliki keşbine aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyzyň  çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan behişti bedewlerimiz hakyndaky gymmatly eserleri bolan «Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapada» kitaplardaky maglumatlara uly üns berildi. Ahalteke atçylygy sungaty we at bezeg däbi ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen sungatynyň ajaýyp görnüşleriniň arasyndadyr. Ahalteke aty milli mirasyň üznüksiz dowamlylygynyň we türkmen halkynyň döredijilik güýjüniň janly, ajaýyp nusgasydyr.

Maslahatlara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza,  Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly möçberli işleri üçin çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.