Täzelikler

Назад

23.02.2026

Arhiw işi we iş dolandyryşy boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabat şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmenleri tarapyndan Jemagat hojalygy müdirliginde we «Aşgabattaslama» taslama institutynda arhiw işini we iş dolandyryşy alyp barmak boýunça hünärmenleriň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda edaralarda arhiw işini we iş dolandyryşyny guramagyň tertibi barada söhbet edilip, arhiw işgärleri täze kadalaşdyry-usuly gollanmalar, işleriň at ýazgysyny düzmegiň esasy talaplary bilen tanyşdyryldy. Arhiw işgärlerine bu işleriň ýerine ýetirilişiniň düzgünleri we kadalary düşündirildi. 

Aşgabat şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmeni öz çykyşynda iş dolandyryşda işleri emele getirmegiň, olary resmileşdirmegiň, işleriň at ýazgysyny düzmegiň hem-de pudaklaýyn arhiwde resminamalary hasaba almagyň döwrebap kadalary barada giňişleýin maglumat berdi. Aýratyn-da, resminamalaryň hasabyny ýöretmek, olaryň talaba laýyk saklanylmagyny üpjün etmek, şeýle-de, Türkmenistanyň we Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň raýatlarynyň durmuş-hukuk häsiýetli ýüztutmalarynyň öz wagtynda dogry we doly ýerine ýetirilmegi bilen bagly meselelere uly üns berildi. 

Okuw maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar iş dolandyryşynda ýüze çykýan amaly meseleler boýunça özara pikir alyşdylar. Çärä gatnaşyjylar hünär ussatlygyny kämilleşdirmekde berlen gymmatly maslahatlar we amaly goldawlar üçin Aşgabat şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmenlerine öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.