Täzelikler
Назад
27.02.2026
Işiň sahabyny dikeltmek
Resminamalary dikeltmek we ätiýaçlyk göçürme nusgalaryny döretmek boýunça Merkezi barlaghananyň işgärleri tarapyndan işiň sahabyny dikeltmek boýunça hünär kämilleşdiriş sapagy geçirildi. Oňa Ahal welaýatynyň döwlet arhiwiniň gaýtadan dikeldiji hünärmeni hem-de döwlet arhiwlerinde tejribelik geçýän Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň talyplary gatnaşdylar.
Işiň sahabyny dikeltmek işleri her bir anyk ýagdaýda olaryň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp geçirilýär, şolara baglylykda hem resminamanyň öňki durkuny dikeltmekde ulanyljak enjam saýlanylyp alynýar, onuň durkuny dikeltmegiň usullary we ýollary kesgitlenilýär.
Işiň sahabynyň dikeldilmegi - gowşan burçlary berkitmegi, gyra kagyzlaryň (koreşoklaryň) zeperlerini bejermegi we dikeltmegi, şeýle hem PWA ýelimini, hasany, galyň kagyzy ulanmak arkaly könelen karton gapaklaryny çalşyrmagy öz içine alýar. Zerur bolan ýagdaýynda, üýtgän ýa-da döwülen ýerlere karton berkidiji bölekler goýulýar. Zeper ýeten ýerlerine galyň kagyz ýa-da mata bölekleri bilen ýelmenilýär.
Ýyrtylan ýerler ýukajyk papiros kagyzyny ulanmak arkaly ýelmemek usuly bilen düzedilýär, bu bolsa birleşýän ýeriniň bildirmezligini üpjün edýär. Sahabyň gyralary birleşdirilenden soň, ol agyr ýüküň aşagynda guradylýar.