Täzelikler

Назад

06.03.2026

Türkmenistanyň döwlet arhiwlerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi

Maşgalanyň sütüni we abraýy, ýokary ahlaklylygyň nusgasy bolan eziz enelerimiziň, mähriban gyz-gelinlerimiziň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Mährem enelerimiz her bir ojagyň öçmejek nuru­dyr, mähriban zenanlarymyz mukaddes ojagyň tugudyr.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gözelligi, ýakymlylygy we ajaýyplygy bilen göwünlere egsilmez ylham-joşgun paýlaýan bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy ýurdumyzda köpöwüşginli toý dabaralara beslenýär.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyrylýar. Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, olaryň düzümleýin bölümlerinde, kärhanalarda, guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarda zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirilýär. Däp bolşy ýaly, pul sowgatlaryny gelin-gyzlaryň ählisi, şol sanda talyp gyzlar, mekdepde okaýan hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlar alýarlar.

2026-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň hem işgärleriniň aglaba bölegi zenanlar bolup, arhiw gaznasyny toplamakda, rejelemekde, aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmekde we arhiw ulgamynyň işini kämilleşdirmekde asylly zähmet çekýärler. 8-nji mart Halkara zenanlar güni baýramynyň öňüsyrasynda arhiw müdirliginiň gyz-gelinlerine hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Gahryman Arkadagymyz: «Enäni begendirmek, zenany begendirmek – dünýäni begendirmekdir» diýýär. Mähriban enelerimiziň, zenanlarymyzyň mertebesini hemişe belende göterýän hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!