Täzelikler
Назад
17.03.2026
Aşgabat şäheriniň döwlet arhiwinde hünär kämilleşdiriş okuw sapagy geçirildi
Aşgabat şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmenistanyň döwlet arhiwlerinde eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýatyrylan (üýtgedilip guralan) edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň resminamalarynyň saklanylýan ýerini hasaba almagyň tertibi” atly hünär kämilleşdiriş okuw sapagy geçirildi.
Aşgabat şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmeni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawynda bellige alnan edaralar, kärhanalar, guramalar ýatyrylanda ýa-da üýtgedilip guralanda olaryň resminamalarynyň saklanylýan ýerini hasaba almagyň tertibi we düzgünleri barada çykyş etdi.
Hünär kämilleşdiriş okuw sapagynyň dowamynda esasy üns berlen meseleler: ýatyrylan ýa-da üýtgedilip guralan edaralaryň resminamalarynyň saklanyljak ýerini takyk kesgitlemek, resminamalaryň mundan beýläk saklanyljak ýeri baradaky maglumatlary hökman anyklamak we resmileşdirmek, zerur bolan halatlarda goşmaça maglumatlaryň we resminamalaryň alynmagyny üpjün etmek.
Çäräniň ahyrynda arhiw hünärmenleri üçin bu düzgünleriň takyk berjaý edilmeginiň möhümdigi bellenildi.