Täzelikler

Назад

19.03.2026

Kerki şäherinde sergi açyldy

Kerki şäheriniň  döwlet  arhiwiniň hem-de taryhy we ülkäni öwreniş  muzeýiniň  bilelikde  guramaklarynda  Milli  bahar  baýramyna  bagyşlanan  sergi  işläp  başlady.
Serginiň başynda Nowruz baýramynyň döremegi hakynda we onuň taryhy, milli däpleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen gezelenje gelen myhmanlara tematiki leksiýalar okalýar. Leksiýa gutarandan soň myhmanlar esasy ekspozisiýa syn etmäge mümkinçilik alýarlar.

Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli lybaslar, haly we haly önümleri, gadymy döwürde ulanylan zähmet gurallary, hojalykda ulanylan gap-gaçlar we beýlekiler goýuldy. Nowruz baýramyny, onuň garşylanyşyny şöhlelendirýän, etrapda hereket edýän estrada we folklor toparlarynyň Milli bahar baýramy mynasybetli eden çykyşlary, milli tagamlaryň taýýarlanylyşy görkezilýän suratlar hem sergide aýratyn orun eýeleýär.

Şu günler muzeýde guralan sergi bilen etrabyň orta mekdepleriniň okuwçylary, Kerki şäherine gezelenje, iş bilen gelen myhmanlar tanyşýarlar. Sergi martyň soňuna çenli dowam eder.