Täzelikler

Назад

21.03.2026

Milli bahar baýramy mynasybetli “Şanly ýylyň toý-baýramly bahary” atly dabara

Ýurdymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýän halkara Nowruz baýramynyň we Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, Lebap welaýat birleşmesiniň hünärmenleri,  Lebap welaýatynyň döwlet arhiwiniň hünärmenleri we Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary  bilen bilelikde “Şanly ýylyň toý-baýramly bahary” atly dabaraly maslahat geçirildi. Onda Lebap welaýatynyň döwlet arhiwiniň hünärmenleri Türkmenistanda Nowruz baýramynyň bellenilmeginiň taryhy däpleri, şeýle hem 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy  mynasybetli, türkmen ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak özboluşlylygyny, ýyndamlygyny,  aýratyn gözelligini, çydamlylygyny,   bedewleri seýislemegiň köpasyrlyk taryhy  barada çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda Lebap welaýatynyň döwlet arhiwiniň hünärmenleri Milli Liderimiz Gahryman Arkadagyzymy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Halkara Nowruz baýramy we Milli bahar baýramy bilen gyzgyn gutladylar. Türkmen halkynyň däp-dessurlaryny gorap saklamak ugrundaky we geljekki nesillere ýetirmekde edýän atalyk aladalary üçin minnetdarlyk bildirdiler.