Täzelikler
Назад
09.04.2026
Sagdyn başlangyç-nurana geljek
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, derman kärhanalary we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş düzümleriň gurlyp ulanylmaga berilmegi türkmen halkynyň saglygy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäherinde bina edilen döwrebap lukmançylyk desgalary ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitdi. Bu bolsa ýurdumyzda ynsan saglygynyň hem-de ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň döwlet derejesinde ileri tutulýandygynyň beýanydyr.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde köpçülikleýin bedenterbiýe çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Arkadag şäheriniň döwlet arhiwinde geçirilen “Sagdyn başlangyç-nurana geljek” atly sport çäresi hem munuň şöhlelenmesidir. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ýaş hünärmenler sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, özleriniň beden we ruhy taýdan kämildigini görkezdiler. Halkyň saglygyny berkitmekde, jemgyýetde köpçülikleýin sporty giňden ornaşdyrmakda we sagdyn durmuş ýörelgelerini durnukly ösdürmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!