Täzelikler
Назад
10.04.2026
Daşoguz welaýatynyň döwlet arhiwinde “Sport saglygyň girewidir” atly şygar astynda küşt boýunça sport çäresi geçirildi
Daşoguz welaýatynyň döwlet arhiwiniň işgärleri döwlet we welaýat derejesinde geçirilýän medeni-köpçülikleýin hem-de sport çärelerine işjeň gatnaşýarlar.
Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, Daşoguz welaýatynyň döwlet arhiwinde “Sport saglygyň girewidir” atly şygar astynda geçen sport bäsleşiginde hünärmenleriň arasynda küşt oýny boýunça birnäçe tapgyrly ýaryşlar guraldy. Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesi boýunça ökde küştçiler öňe saýlandy we sylaglandy.
Bu geçirilen sport ýaryşy Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna uly üns berilýändiginden nyşan bolup, jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, bagtyýarlygynyň aýdyň beýanydyr.